You are here

UNFPA Türkmenistanyň her bir zenanyň howpsuz göwrelilik we çaga dogurmak hukugyny durmuşa geçirmegini üpjün etmek hem-de haçan we näçe çaga dogurjakdygyny karar berip bilmekligi üçin alyp barýan işlerini goldaýar.

Howpsuz, meýletin maşgala meýilnamalaşdyrmasyna elýeterlilik adam hukuklarynyň biridir. Maşgalany meýilleşdirmek gender deňligini üpjün etmekde we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekde merkezi orny eýeleýär, şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşi gazanmagyň we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar.
UNFPA enelere, täze doglan çagalara we ýetginjeklere hyzmatlary has netijeli bermek üçin saglygy goraýyş ulgamyny berkitmekde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine goldaw bermegini dowam edýär. UNFPA ÝUNISEF we BSGG bilen bilelikde 2021-2030-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene-sagdyn çaga-sagdyn geljek» saglygy goraýşyň milli strategiýasyny durmuşa geçirmekde milli saglygy goraýyş ulgamyna goldaw berýär.

UNFPA Türkmenistan reproduktiw saglyga ählumumy elýeterliligi gazanmakda ösüşi tizleşdirmek üçin Hökümet bilen hyzmatdaşlygy dowam eder. UNFPA 2020-nji ýylda geçirilen maşgalany meýilleşdirmek boýunça maýa goýum keýsiniň dowamynda alnan maglumatlaryň esasynda maşgalany meýilleşdirmegiň ýerlikli maliýeleşdirmesini üpjün etmek üçin saglygy goraýşy maliýeleşdirmegiň ulgamyny işläp düzmekde Ministrlige goldaw berer. TSGDSM kontraseptiwleri satyn almak üçin çeşmeleri kesgitläp, munuň üçin býujet maddasyny bölüp berende UNFPA TSGDSM kanagatlandyrylmadyk zerurlyklary mundan beýläk hem azaltmakda ösüşi tizleşdirmek üçin iň arzan elýetrli bahadan has amatly önümleri Türkmenistana eltmekde kömek bermegini dowam eder.

2021-2025-nji ýyllar üçin bäşinji Ýurt maksatnamasynyň çäklerinde UNFPA şeýle hem zenanlaryň maşgalany meýilleşdirmek boýunça mugt we meýletin hyzmatlara elýeterliligi üçin päsgelçilik bolup duran durmuş kadalaryny ýüze çykarmak we aradan aýyrmak babatda iş alyp barar. UNFPA maşgala lukmanlarynyň, akuşerleriň we şepagat uýalarynyň arasynda maşgalany meýilleşdirmek boýunça hyzmatlary paýlamak boýunça maşgalany meýilleşdirmek boýunça hyzmatlary hödürlemgiň ýaýlymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda TSGDSM goldaw berer. UNFPA şeýle hem bu hyzmatlary olaryň zerurlyklaryna uýgunlaşdyrmak üçin maşgalany meýilleşdirmekde mümkinçiligi çäkli zenanlaryň zerurlyklarynyň çuňlaşdyrylan seljermesini geçirer. 

UNFPA şeýle hem ýetginjekler üçin lukmançylyk hyzmatlarynyň dostluklylygyny (bolmagyny, elýeterliligini, ygtybarlylygyny) ýokarlandyrmakda TSGDSM goldaw bermegini dowam eder. Şu maksat bilen UNFPA Aşgabatda synag uçastoklarynda we soňra tutuş ýurtda reproduktiw saglyk hyzmatlaryny hilini ýokarlandyrmaklygy goldar.
 
«Hemmeler üçin hukuk we saýlaw: Maşgalany meýilleşdirmek» analitik hatyny okaň. Analitik hatda reproduktiw saglyga ählitaraplaýyn elýeterliligi gazanmak üçin meselelere, şol sanda tutuş dünýäde we Türkmenistanda maşgalany meýilleşdirmeklige syn berilýär, Türkmenistandaky ýörelgeler, UNFPA-nyň goldawy we 2021-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk üçin täze ileri tutmalar hem-de mümkinçilikler seljerilýär.