You are here

Her bir maşgalanyň aýratyn, elmydama üýtgäp durýan bagt açary bar. Ýöne ideg we üns bolmadyk ýerde hiç bir taryhda bagt bolup bilmez. Şol idegi we ünsi maşgala agzalarynyň her biri bermeli: hem eje, hem-de kaka.

 

Emma köp halatlarda maşgalada bäbek dünýä inenden soňra bu ýagdaý üýtgeýär. Köplenç eje çagasy babatdaky ähli jogapkärçiligi öz üstüne alýar: täze dünýä inen bäbege bu dünýäde gerek bolan ähli idegi we ünsi ejesi berýär. Emma kaka bolsa adaty gatnaşyklar ulgamyndan çykýar.

 

Bu ýagdaý nädip döreýär? Öňkiler ýaly bagtly maşgala bolmak üçin ýagdaýy nädip üýtgetmeli?

 

Nädip beýle bolýar?

 

Gyz çaga kiçilikden ene bolmaly diýip ýetişdirilýär. Jemgyýetde “gyz çaganyň terbiýesi” düşünjesi şeýle emele getirlen. Iýdirip-içirmeli we ýatyrmaly “ejeli-gyz” oýunlary we gurjaklar, ýörite ýumşak oýunjaklar, şeýle hem özünden kiçi jigileri, öý haýwanlary baradaky ideg, ejesiniň yzyndan gaýtalamak ýaly hereketler gyz çaga bäbek bilen iş salyşmak tejribesini berýär. Gyzlar kiçilikden çagany hökman naharlamalydygyny, ýuwundyrmalydygyny, gury eşikleri geýdirmelidigini, elde üwremelidigini anyk bilýärler...

 

“Oglany terbiýelemek” bolsa häzirki günde düýbünden üýtgeşik proses. Jemgyýet oglan çagany kiçilikden ata bolmaly diýen düşünjä gönükdirenok. “Oglanyňky” hasaplanýan köp oýunlar (ol oýunlary gyzlar hem oýnaýarlar, emma oglanlara garanyňda seýrek) olaryň fiziki güýjüni we çydamlylygyny, gurujylyk hem-de abstrak pikirlenmek ukyplaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen.

 

Muny erkegiň maşgaladaky taryhy orny – goraýjy we ekleýji roly bilen düşündirip bolýar. Mamontlaryň ýer ýüzünde aýlanyp ýören döwürleri, geljekki kaka – awçy – elindäki bananlar ýygyndysy ýa-da ýyrtyjynyň derisi hut onuň maşgalasynda, aýalynda we mirasdüşerlerinde bolmagy üçin güýçli, berk, akylly, çalt pikirlenýän bolmagy borç hasaplanypdyr. Ideg we duýgy bolsa şol döwürler ejäniň “jogapkärçiligi” hasaplanypdyr.

 

Näme üçin bu günki dünýäde ýagdaý üýtgeşik?

 

Pikir birkemsiz: çaga ejesinden mähir, ideg düşünjelerini, öz duýgusyna düşünmegi we beýan etmegi, kakasyndan bolsa gaýduwsyzlygy, dogry hasaplaýan zatlary üçin göreşmegi öwrenýär. Ulaldygyça durmuşdaky we dünýädäki ähli üýtgeşmelere çeýe jogap berýän, ähli başarnyklar we kämilleşen häsiýetler bir sazlaşykly şahsyýeti emele getirip bilerdi.

 

Emma häzirki wagtda dünýädäki ýagdaý başgaça. Hakykatda zenanlar hem erkekler iş karýerasy babatda meňzeş kynçylyklar bilen ýüzleşýärler (karýera öňegidişligi, kyn meseleler, işiň üýtgemegi), maliýe taýdan meňzeş talaplary bar (has köp aýlyk gazanmak, amatly saglyk ätiýaçlandyrmasyny edinmek, pensiýa goýumlary), meňzeş durmuş şertlerine dyrjaşýarlar (ýyly öý, rahat eşik, gyzykly ýerde dynç alyş).

 

Bu bolsa maşgalada kakanyň we ejäniň ornynyň üýtgändigini we deňleşendigini aňladýar. Eje köp halatlarda işleýär, kaka bolsa çaga terbiýesine ýakyn gatnaşýar.

 

Kakanyň çaga bilen ýakyn arabaglanşyk gurmagy nähili tasiri bar?

 

Göwrelilik döwründe

 

Göwrelilik döwründe ejäniň ýanynda çaganyň kakasy bolmagynyň özi eýýäm oňaýly täsirini ýetirýär: göwreli ene emosional taýdan has durnukly, ertirki gününe has ynamly bolup, ýan-ýoldaşynyň goldawyny duýýar. Enäniň göwrelilik döwründe asuda bolmagy – göwrelilik wagtynda döräp biljek kynçylyklaryň, şeýle hem dogumdan soňky depressiýanyň öňüni almaga ýardam berýär.

 

Çaganyň ilkinji ýyllarynda

 

Kakanyň çaga ömrüniň ilkinji ýyllarynda elmydama ýanynda bolmagy çagada jemgyýet kadalary baradaky takyk düşünjesini emele getirýär. Çaga anyk mysalda görýär, ene-atasynyň özara gatnaşyklaryny, nähili gürleşýändiklerini, olaryň bir-birine we özüne nähili garaýankylaryny öwrenýär.

 

Köplenç kakalar çagalary bilen wagt geçirenlerinde oýunlaryň has hereketli, ýagny fiziki hereketli görnüşleri saýlaýarlar. Şeýle aragatnaşyk (elbetde oýunlaryň howpsyz görnüşi) – çagany ýokary bökdürmek, oýun edip göreşmek, kim öňürti ylgamaşak çagany diňe bir fiziki taýdan kämilleşdirmän, eýsem aragatnaşygyň ýol berilip bilinjek görnüşlerini öwredýär. Şeýle oýunlaryň üsti bilen çaga haýsy “oýun edilip” el degirmekligiň adaty, haýsylary bolsa kemsidiji, howply ýa-da şikes ýetirip biljekdigini öwrenýär.

 

Üns ber! Kakanyň öz çagasy bilen “nädogry” el degirmeler, çaga şeýle ýagdaýa düşende näme etmelidigi barada gürleşmegi zerur.

 

Ýetginjeklik döwürde

 

Çaga kämillik ýaşynyň bosagasyna baranda onuň durmuşynda kakasynyň gatnaşmagy has hem zerur. Durmuşynda kakasy bilen ýakyn arabaglanşygy bar bolan çagalar (gyzyklanmalaryny paýlaşmak, wagt geçirmek, ýygy-ýygydan we uzak sagatlar dürli temalarda gürleşmek) töwekgelçilikli hereketlere ýykgyn etmeýärler. Şeýle çagalaryň gylyk-häsiýetleri has durnukly, olar özüne, saglygyna we howpsyzlygyna has seresap we jogapkärli bolýar. Olar özüniň gymmatlydygyny, söýülýändigini we garaşylýandygyny bilýärler.

 

Gender orunly nusga

 

Çagalar kaka göreldesinden öwrenýärler. Esasy pursatlaryň biri gender rolunyň kesgitlenmegidir. Sazlaşykly gatnaşyklary bolan doly maşgalada bu öz-özünden bolup geçýär. Kaka – erkekligiň nusgasy, diňe oglan çagalary üçin däl, eýsem gyz çagalary üçin hem erkek häsiýetleriniň görkezijisi bolup durýar.

 

Adaty ýagdaýda oglan özüni kakasy bilen tanadýar, kakasyna meňzemäge çalyşýar.

 

Gyz bolsa özüni elmydama goralan we söýülen duýmak üçin kakasynyň keşbini ýoldaşyna geçirmek üçin (geljekde) ýadynda saklaýar.

 

Üns ber! Kakanyň orny (ol çaga durmuşynda ýok bolan halatynda) çaga durmuşynda elmydama bar bolan başga bir erkek adama geçýär: atasy, daýysy, özünden uly erkek dogany (ýaş aratapawudy uly bolanda), maşgalanyň dosty, mugallymy we ş.m.

 

Eger kaka keşbi bolmasa?

 

Kakasynyň bolmagy uzak möhletleýin bolmaly. Eger uzak ýetginjeklikden öňki döwründe çaganyň kakasy bilen ynamly gatnaşyklary emele gelmedik bolsa, çaga soň kakasyny diňlär, oňa gulak asar diýip pikir etmek ýalňyş.

 

Ol ynamy “birden” emele getirip bolmaýar. Şeýle halatlarda çaga kaka ornuny tutan başga bir erkege “meňzeýär”. Şol adamyň elbetde çaganyň abadançylygyna üns berýän ýakyn adamy bolmagy has gowy.

 

Kakasyz ýa-da kaka ornuny tutýan keşpsiz ulalýan çagalar duýgy taýdan has gowşak bolýar. Olar kämilleşýän döwründe ejesinden başga baglanşygyň dürli şekillerini görüp, iki pikiri diňläp, dürli pikirleri seljerip netije çykarmagy, dünýäni kabul etmegiň dürli şekillerini, umumy adamzat gymmatlyklaryny bilenoklar.

 

Şeýle çagalar ulalanlaryndan soňra nädogry şahsy çäkleri – käbir ýerde olar töweregine has ynamsyz, käbir halatlarda bolsa özlerine has göwni ýetýän ýa-da gaharjaň häsiýetleri görkezip bilýärler. Olar hem öz gezeginde öz çagalaryna, öz isleglerinden hem daşary, ene-atanyň başdan ýalňyş bolan keşbini geçirip bilýär.

 

Doly bolmadyk maşgalalarda...

 

Maşgala – elmydama eje, kaka, çaga/çagalar däl. Käwagt käbir sebäplere görä maşgalada kaka bolman bilýär.

 

Beýle ýagdaýda çaga hökman bagtsyz ulalyp-öser diýen pikir hem ÝALŇYŞ. Bu öz gezeginde çaga özüni bagtly duýmagy üçin eje has hem köp zähmet siňdirmeli bolar diýmek.

 

Doly bolmadyk maşgalalarda kakanyň keşbini atalar, daýylar, erkek doganlar (ýaş tapawudy uly bolan), mugallym, maşgalanyň dosty ýerine ýetirip biler.

 

NETIJE

 

Erkegiň maşgaladaky esasy orny – goraýjy we ekleýji däl. Ol birinji orunda KAKA we ÄR.

 

Maşgalanyň içindäki işlerine gatnaşmak, aýalynyň we çagasynyň idegi, olar bilen hilli wagt geçirmek, oýnamak, wajyp ýa wajyp bolmadyk temalary gürleşmek –sazlaşykly, psihologiki taýdan bitewi bir ynsany terbiýelemek - erkek-kakanyň ýerine ýetirip biljek köpsanly işleriniň biri.