You are here

Ejeler, köplenç, gyzlarynyň esasy syrdaşy bolýarlar. Olar çagalaryny nämäniň gyzyklandyrýandygyny, şatlandyrýandygyny oňat bilýärler. Çünki şatlygyňy paýlaşmak, diýseň ýakymly. Ýöne köplenç, ýetginjek gyzlar öz ejelerinden utanç ýa-da oňaýsyz hasaplaýan meselelerini gizleýärler. Olaryň pikiriçe, bu meseleler kimdir biri bilen pikir alşardan has içgin. Hatda ejeleri bilen hem şeýle. Biz gyzlaryň ejeleri bilen gürleşip, olardan peýdaly maslahatlary alyp biljegi, şeýle hem eje bilen gyzyny ýakynlaşdyrjak 7 temany bir ýere jemledi.

1. Eje meniň ol ýerimde ýakymsyz ys bar...

Şahsy arassaçylyk meselesi ýetginjeklik döwründe uzaboýuna galýar. Ilkinji aýbaşy, gormonal göçgünligi, geýim-gejimiň moda görä üýtgemegi we şol bir wagtda gyzlar jyns agzalarynda ýakymsyz yslaryň döremegine duçar bolup bilerler Zenan bedeni özgerýär. Onuň arassaçylygyna hökman seretmeli. Ejeňize bu näzik mesele barada gürrüň beriň. Ol size laýyk gigiýeniki serişdäni saýlap almaga kömek eder – sabyn, prokladka, şeýle-de özüňe nähili ideg etmelidigi barada gürrüň berer. Şahsy arassaçylygyň esasy düzgünleriniň biri – gündelik ýuwunma. mylaýym suwda arassa eller bilen öňden yza, ýagny bakteriýalaryň wlagallişe düşmezligi üçin daşky jyns agzalaryndan yzky geçelgä tarap hereket etmek bilen ýuwunmaly. Ýuwunanyňyzda zenanlaryň şahsy arassaçylygy üçin niýetlenen ýörite serişdelerden seresaplyk bilen peýdalanyp bilersiňiz. Ýuwunanyňyzdan soňra jyns agzalarynyň töweregini arassa ýumşak süpürgiç bilen guratmaly. Aýbaşy wagtynda günde 2-3 gezek ýuwunmak maslahat berilýär. Eger-de ýuwunmaga mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda şahsy arassaçylyk üçin niýetlenen çygly süpürgiçleri ulanyp bilersiňiz. Laýyk prokladka saýlamaly we günde 4-5 gezek çalyşmaklygy ýatdan çykarmaly däl. Aýbaşy döwründe arassaçylyk aýratyn wajyp. Eger-de aýbaşy agyryly bolsa, lukman-ginekolog bilen maslahatlaşmaly. Eger-de ýakymsyz ys aýrylmasa, bu haýsydyr bir keseliň alamaty bolup biler. Şonda ejeňiz bilen bilelikde lukmana ýüz tutmaly.

2. Eje meniň ol ýerimde ýakymsyz ys bar...

Döşdäki agyryny hiç haçan ünsden düşürmeli däl, ol howply keseliň alamaty bolup biler. Ejeňiz bilen gürleşiň we bilelikde saglyk öýüne gidiň. Ýetginjekleriň döşündäki agyrynyň, uly ýa-da kiçi gyzlarda bolsun, sebäbi köp bolup biler we ol hemişe ýürek bilen bagly däl. Tejribeli hünärmen agyrynyň sebäbini ýüze çykaryp we bejergi ýazyp biler. Ýetginjekleriň arasynda döşdäki agyrynyň sebäpleriniň iň köp duş gelýäni: Skelet-myşsa sebäpli Öýken bilen bagly sebäpler Aşgazan-içege ýoly bilen bagly sebäpler Psihologik sebäpler Siziň agyryňyzyň sebäbi her näme-de bolsa – göwräni ýaramaz tutuşyňyz ýa-da bronhial astma hem bolsa, muny diňe lukman takyk anyklap biler. Ejeňiz bolsa Sizi ony ýok etmeklikde goldar.

3. Eje, meniň arkamda düwürtikler bar

“Mekdepdäki geýim çalşyrylýan otagda egin-eşiklerimi çalşyrmak üçin şkafyň arkasynda gizlenişim ýadyma düşýär” diýip, “Ýaşlyk” saýtynyň okyjylarynyň biri ýatlaýar. “Şonda synpdaş gyzlarym muny ýönekeý utanjaňlyk hökmünde düşünýärdiler. Bu dogrudan hem utanjaňlykdy—men öz arkamdan utanýardym.” “13 ýaşymdan bäri, ýarym ýyldan soň meniň aýbaşym geldi, arkamdan ullakan agyryly düwürtikler çykyp başlady. Eginlerim ýara yzlaryndan doludy, sebäbi men olary gysýardym. Men muny etmeklige şeýlebir öwrenişdim welin, hatda meniň köp futbolkalarymda ganly yzlar galýardy, soňra ony ezip goýup, agartmaly bolýardy. Şol wagt men ene-atama hiç zat aýtmaýardym. Özüm günäkär öýdýärdim. Täze ýyl baýramçylyklaryna köýnek satyn almakdan boýun gaçyrýardym we Täze ýyl agşamyny jinside we switerde geçirýärdim. Haçan-da tomusda deňiziň kenarynda ejem meniň arkamy görende ol sarsgyn geçirdi. Men şeýle pikir edýärin. Gelenimizden soňra ol meni pediatra äkitdi. Ýadyma düşýär, köp barlaglar, derňewler boldy. Şondan soň men ähli zady ýalňyş edendigimi bildim. Lukman maňa berhiz ýazdy – iýmite köp zat bagly. Dermanhanada maňa ýörite maz taýýarlap berdiler we ejem her gün agşam ony arkama çalyp bererdi – öz elim ýetenokdy. Gormonal ýagdaýy durgunlaşdyrmak üçin dermanlar hem bardy, men indi düşünýärin. Olary hem ejemiň gözegçiliginde içýärdim, sebäbi kabul edilende anyk gözegçilikde saklanmaly. Meniň pikirimçe, hiç zat kömek etmeýän ýalydy we hut ejem göz ýaşlarymy süpürerdi we arkamyň arassalanyp başlandygyna we täze çişmeleriň ýokdugyna ynandyrardy. Kakamyza biz hiç zat aýtmaýardyk, bu biziň syrymyzdy. Ullakan düwürtikler çykmasyny bes edenden soňra ejem meni kosmetologa äkitdi. Ýarym ýylyň dowamynda meniň ýara yzlarymy piling we maz bilen arassaladylar we tenim bilen deňlediler. Geljek ýylyň tomsunda bolsa men höwes bile synpdaşlarym bilen suwa düşmäge gidýärdim we zolakly maýkalary, sarafanlary geýmäge birjik-de utanmaýardym.” Eje hem zenan. Ol hemişe Siziň gözellige bolan ymtylyşyňyzy goldamaga taýýar. Ýatda saklaň, iki bolup, islegiň we tejribäniň barlygynda, kynçylyga hötde gelmek has ýeňil.

4. Eje, men çişik

Dessine kelläňde maşgala günortanlygyndaky aşakdaky gepleşik eşidilýär: — Men muny iýmerin, men şeýle-de çişik – diýip, gyzy gahar bilen etli tabagy aňryk itýär. —Ýene näme. Berleni iý. Men muny uzakly gün taýýarladym. Hemmelere ýarady, diňe sen...! – diýip, dogrudan hem uzakly gününi sarp edip, ýakynlaryny begendirmek islän ejesi ýarylýar. Soňra dawa has güýçlenýär. Netijede: dawanyň tarapdarlarynyň ikisi hem öýkeli ýagdaýda hersi bir çüňke gidýär. Dynç güni bozuldy, şeýlelikde tutuş hepde hem dartgynly dymyşlykda geçýär. Bu zatlaryň bolmazlygy üçin, ýatda saklaň: ejeňiz – siziň iň ynamdar ýaranyňyz. Eger-de ony öz gaýgylaryňyz barada öňünden habardar etseňiz, ejeňiz olary ýok etmek üçin hemme zat eder. Siziň gatnaşyklaryňyz bolsa, has-da berkär. Hawa, haçan-da siz gürrüňdeşlikde ýüzbe-ýüz ejeňize: “Eje, men çişik. Maňa özümi bedenimde birahat duýýan. Men özümi gelşikli hasap edemok” diýeniňizde, jogap hökmünde: “Aýdýanyň näme! Meniň gyzym dünýädäki iň owadan gyz!” diýen sözleri eşidersiňiz. Bu sözleri ejeňiz sizi aldamak isleýändigi ýa-da siziň çuň duýgularyňyza düşünmeýändigi üçin aýtmaýar. Onuň üçin Siz – hakykatdan-da örän gözel, mähriban we söýgüli adam. Sizdäki kemçilikleri bolsa, (hatda olar bar hem bolsa) ol görenok. Şeýlelikde, Siziň öz boý-syratyňyza bolan garaýşyňyz bilen ylalaşmadyk ýagdaýynda ejeňizden öýkelemäň. Gowusy, gürleşiň we Size anyk nämeleriň ýaramaýandygyny düşündiriň. Artykmaç agramyň Sizi näme üçin aladalandyrýandygy, haçandan bäri oňa üns berip başlandygyňyz, şeýle ýagdaýda dostlaryňyzyň nähili çäreleri görýändigi, internet maglumatlarynda nämeleriň maslahat berilýändigi hakynda gürrüň beriň. Ejeňiz hökman Siziň – anoreksige öwrülmän – özüňizi oňat fiziki ýagdaýda saklamak baradaky delillendirilen islegiňizi goldar, kömek etmek üçin elinden gelenini eder. Ilki bilen saglyk öýüne gitmekden başlamaly, sebäbi ýetginjegiň gormonal gurşawy durnuksyz dolandygy üçin agramyň üýtgäp durmagy adaty bolup biler, şeýle hem haýsydyr bir näsazlygyň netijesinde bolmagy mümkin. Hünärmen zerur barlaglary geçirer, soňra agramy sazlamak üçin iň amatly usuly maslahat berer, ýagny berhiz, sport bilen meşgullanmak ýa-da ýene-de bir zatlar. Siz lukmanyň maslahatlaryny ejeňiz bilen bilelikde ýerine ýetirip bilersiňiz: ýagny söýgüli naharlaryňyzyň berhiz üçin taýýarlanylyşyny öwrenip bilersiňiz, fitnese ýa-da aerobika gatnap bilersiňiz, hatda arassa howada gezim etmek üçin sebäp bolar ýaly güjük hem saklap bilersiňiz. Hyýalyňyzda görnüş emele gelýärmi? Ine-de birinji wakadan ikinji waka geçişiň syry: ynam. Ýatda saklaň, ejeňiz hemişe Siziň tarapyňyzda.

5. Eje, meniň içim agyrýar.

Ýetginjeklik döwründe garyndaky agyrylar ýönekeý düşündirilýär: ýa köp iýipdirin ýa-da ajykdym. Ýöne iýmit siňdiriş ulgamynyň näsazlygynyň sebäpleri – ýürek bulanma, gaýtarma, iç geçme, agyrylar we ş.m – köp bolup biler we olar hemişe iýmit bilen bagly bolmaýar. Bu näsazlyklaryň häsiýetleri aşakdakylar bolup biler: Umumy infeksiýalara reaksiýalar (grip, ýiti respirator keselleri) Içege infeksiýalary Aşgazan, içege, bagyr, öt halta keselleri Ýiti köriçegede Nerw faktorlary Sebäbine garamazdan, hökman hünärmene ýüz tutmaly we ene-ataňyzyň gözegçiliginiň we goldawynyň astynda lukmanyň bellän ähli görkezmelerine eýermeli. Zerur bolan halatynda umumy berkidiji bejergileri geçirmeli, doly we wagtly-wagtyna iýip içmeli, ukynyň wagtyny sazlamaly, ýygy-ýygydan arassa howada gezmeli, witamin içmeli, ýaramaz endiklerden daşlaşmaly. Şeýle-de peýdaly iýmitlenmeklige aýratyn üns bermeli.

6. Eje, maňa aýbaşyda erbet bolýar

Bu mesele köp gyzlara jebir çekdirýär. Ýöne, ejeňiziň olar barada nähili çekinjeňlik bilen gürrüň edendigini ýatlanyňyzda, bu mowzugy asla gozgamak hem islemeýärsiňiz. Menstruasiýa temasyny ara alyp maslahatlaşmak köp maşgalalarda gadagan. Ýöne ol barada aýtmaly, aýratyn-da sebäbi bar bolsa. Ýetginjek gyzlaryň menstruasiýasynda has köp duş gelýän mesele bu: Aýbaşy döwrüniň bozulmagy Güýçli agyry Köp mukdarda gan akma Bu meseleleriň islendigi hem lukman tarapyndan çözülmeli, çünki bu saglygyňyzdaky howply bozulmany mälim edip biler. Ýöne ýekelikde nätanyş lukmanyň, üstesine-de ginekologyň ýanyna barmak köp gyzlar üçin iň uly synag. Eger-de ulalma döwrüni geçen, belki özi-de şuňa meňzeş ýagdaýa duçar bolan ejeňiz – iň mähriban adamyňyz ýanyňyzda bolsa, karara gelmek has ýeňil bolar. Şonuň üçin ejeňizi hökman habarly ediň. Ähli zady jikme-jik mälim etmek hökman däl, ýöne eger-de howatyrly ýa-da açyk mesele bar bolsa, onda ol bilmeli.

Geçiş

Ýetginjeklik döwründe biz, köplenç, özümizi erkin, ýetişen, güýçli duýmak üçin ene-atalarymyzdan bilgeşleýin daşlaşýarys. Ýöne eger-de Siz özüňizi ýarawsyz duýýan bolsaňyz ýa-da zerur soragyňyza özbaşdak jogap tapyp bilmedik ýagdaýyňyzda hemişe Siziň tarapyňyzda bolan adamlara – ene-ataňyza ýüz tutuň. Ýa-da ananonim sorag bilen hünärmene ýüz tutuň: info@unfpa.org.tm