2026-njy ýylyň 3-nji awgusty, Aşgabat – BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde 2026–2030-njy ýyllar üçin “Sagdyn ene - sagdyn çaga - sagdyn geljek” Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýol kartasyny taýýarlamak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň mejlisini geçirdi. Duşuşyk BMG-nyň Aşgabatdaky binasynda geçirildi we UNFPA-nyň 2026–2030-njy ýyllar üçin Ýurt boýunça maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy.
Utgaşdyryjy geňeşiň işine Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň degişli edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň esasy maksady enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň esasy görkezijilerine ýetmäge, şeýle hem aýallaryň reproduktiw saglygy babatda saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçiliklerini berkitmäge gönükdirilen Ýol kartasyny bilelikde taýýarlamakdan ybarat boldy.
Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar Milli maksatnamanyň esasy wezipelerine we ileri tutulýan ugurlaryna seredip, Ýol kartasynyň gurluşyny we esasy bölümlerini taýýarladylar, maksatlaýyn görkezijiler boýunça maslahatlaşdylar we monitoring etmegiň mehanizmleri boýunça ylalaşdylar. Duşuşygyň jemleri boýunça Ýol kartasyny dolulygyna taýýarlamak we ony üstünlikli durmuşa geçirmek üçin pudagara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ylalaşyldy.
“Sagdyn ene - sagdyn çaga - sagdyn gelejek” atly 2026–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama
Goşmaça maglumat üçin: Maýagözel Kuliýewa, UNFPA-nyň Reproduktiw saglygy boýunça bölüm müdiri, kuliyeva@unfpa.org
