Aşgabat, 2025-nji ýylyň 13-nji oktýabry – 10-12-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen «Saglyk, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde «2030-njy ýyla çenli ýatgy boýunjygynyň howply täze döremelerini ýok edeliň» atly Halkara forum geçirildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýardam bermeginde gurnalan forum 2025-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda geçirildi.
Foruma ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada ýatgy boýunjygynyň täze howply döremeleriniň öňüni almak boýunça sebit alyansynyň agzalary, milli we halkara bilermenler gatnaşdylar. Gatnaşyjylar pudagara we sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy, Türkmenistanda we Gündogar Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda skriningiň netijelerini seljermegi, şeýle-de APW-na garşy sanjym geçirmek we ilkinji APW-test usulyny ulanmak boýunça tejribe alyşmagy maslahatlaşdylar.

UNFPA, BMG-niň beýleki edaralary, şol sanda UNDP, UNICEF we BSSG bilen birlikde ylmy maslahatyň çäklerinde geçirilen halkara sergisine gatnaşyp, saglyk we abadançylyk ulgamynda Durnukly ösüş maksatlaryna ygrarlylygyny görkezdi.
Goşmaça maglumat üçin: Maýagözel Kuliýeva, Reproduktiw saglygy boýunça bölüm müdiri; kuliyeva@unfpa.org

