You are here

Üns beriň! Şu makalada beýan edilýän maglumatlar diňe makalanyň ýerleşdirilen wagty güýjüni saklaýar. Maglumatlar wagtyň geçmegi bilen üýtgäp biler. 

Türkmenistanda COVID-19 garşy sanjym etmek kampaniýasy başlady. Karantina ýerlerindäki, hassahanalardaky we polikliniklerdäki lukmançylyk hünärmenleri, şeýle hem howp toparyndaky adamlar sanjymy hökmany etdirýärler. Ýakyn wagtda 65 ýaşdan ululardan we howp toparyndaky adamlardan başlap, ilaty köpçülikleýin sanjymdan geçirmek meýilleşdirilýär. 

Üns beriň! Sanjym – kesele garşy derman däldir. Sanjym öňüni alyş maksatly bolmak bilen, ýokuşmagyň we ýokuşan ýagdaýynda keseliň agyr geçmeginiň / gaýra üzülmeleriň öňüni alýar. 

 

COVID-19-a garşy sanjymy etdirmezden ozal barlagdan geçmelimi?

Sanjym etdirmek üçin ýörite barlagdan geçmek hökman däl. Eger siz lukman barlagyndan yzygiderli geçýän bolsaňyz, özüňizi gowy duýýan bolsaňyz, onda, diňe sanjym edilýän ýere geläýmek galýar. 

Wajyp! Eger saglyk ýagdaýyňyz bilen bagly meseleler bar bolsa (hroniki keseller ýa-da ýitileşen keseller), şeýle hem şübheli simptomlar bar bolsa, onda, sanjymy almazdan ozal HÖKMAN lukman bilen maslahatlaşyň. Lukman käbir analizlerden geçmegi maslahat berip biler. 

 

Garşygörkezijiler

COVID-19 sanjymynyň gadagan ýagdaýlary şulardan ybaratdyr:

  • ýiti allergiýa reaksiýasy
  • ýiti respirator ýokanç keselleri ýa-da dümew
  • onkologiýa
  • başdaky immunitet pesligi
  • göwrelilik
  • ene süýdüni bermek
  • 18 ýaşdan kiçi bolmagy (kliniki barlaglarda ýeterlik maglumatyň ýokdygy)

Üns beriň! Eger-de siz ýokardaky toparlara girmeýän bolsaňyz, ýöne sanjymy almaga çekinýän bolsaňyz, onda, lukman bilen maslahatlaşyň!

 

Sanjyma bir gün galanynda 

Sanjyma bir gün galanynda şulary etmek maslahat berilmeýär:

  • Alkogol kabul etmek
  • Fiziki taýdan bedeni ýadatmak (sport merkezinde, işde ýa-da öýde)
  • Çilim çekmek (ýa-da iň pese düşürmek)
  • Ýagly, gowrulan ýa-da gaty ajy nahar iýmek
  • Nerw ulgamyna agram salmak

Iň gowusy organizme goşmaça güýç bermekdir – dynç almak we güýç ýygnamak.

 

Sanjym güni

Sanjym güni şulary etmek gadagan:

  • Alkogol kabul etmek 
  • Fiziki taýdan özüňi zorlamak
  • Aşgazanyňa agram salmak (ýeňil naharlary kabul ediň!)
  • Sanjym edilen ýerine galtaşmak (lukman tarapyndan maslahat berilmedik ýagdaýlarda ellemek, gaşamak, birzat çalmak, kleýlemek, öllemek)
  • Nerw ulgamyna agram salmak

Bedeni goşmaça iş ýüklemän, onuň sanjylan güýçsiz kesel dörediji bilen baş alyp çykmagy üçin mümkinçilik döretmeli. Şeýle üç günüň dowamynda hammamlara, saunalara ýa-da suw toplumlaryna gitmek msalahat berilmeýär. 

 

Sanjymdan soňra

Sanjamyň täsirini doly görkezmegi üçin şu düzgünleri berjaý etmeli:

42 günüň içinde jemgyýetçilik aragatnaşygyny azaltmaly (köpçülik ýerilerine gitmeli däl, sosial araçägi saklamaly, örtükleri dakmaga dowam etmeli). Näme üçin? COVID-19-a garşy gorag immuniteti 42 günüň içinde döreýändigi üçin bu döwürde kesel ýokuşmak howpy bar. 

Alkogol kabul etmeli däl (ol islendik beýleki lukmançylyk serişdesi ýaly sanjymlar bilen utgaşmaýar).

Immuno ulgamyna aýratyn ýük ýükleýän dermanlary içmeli däl (immunitet doly güýjünde işlemeli).

Şeýle hem sanjymdan göni soňra göwrelilik meýilleşdirmeli däl, 42 gün garaşylmaly. Sanjymdan soňra göwreliligi meýilleşdirmegiň ilkinji tapgyry lukmançylyk maslahaty bolmaly. Bu belli netijä gelmäge kömek eder, şeýle hem siziň ýagdaýyňyzy göz öňünde tutup, anyk barlaglardan geçmegiňiziň maslahaty berler.  

 

Sanjymdan soňra berhiz

Sanjymdan soňky berhiz beloklara baý bolan iýmitleriň ýeterlik derejesini öz içine alýar. Näme üçin? Sanjymdan soňra immuno ulgamy adatdakysyndan has işjeň herekete geçýär. Şol sebäpden hem oňa ýeterlik energiýa gerek. 

Siňdiriş ulgamyna agram saljak agyr iýmitlerden gaça durmaly: ýagly, gowrulan, duzly, ajy, burç we beýleki goşundylar köp ulanylan. Şeýle iýmitleriň kabul edilen ýagdaýynda beden antitela öndürmekde ulansa has peýdaly boljak energiýasyny iýmitleri işlemäge we siňdirmäge harçlaýar. 

 

Sanjyma reaksiýa

Beden sanjyma reaksiýa görkezmelidir. Şu aşakdakylar iň adaty reksiýalardyr:

  • Sanjylan ýerde güýçli bolmadyk agyry, gyzarma, çiş.
  • Gyzgynyň ýokarlanmagy
  • Ysgynsyzlyk, güýjüň gaçmagy

Üns beriň! Her beden sanjyma aýratyn reksiýa görkezýär. Eger-de reaksiýa size görä adatdakysyndan güýçli bolsa, ýuwaşlyk bilen azalyp, 48 sagadyň dowamynad geçmese, onda, HÖKMAN lukmanyň maslahatyna ýüz tutuň!

 

Sanjymdan soňra agyz-burun örtügini aýyrsaň bolýarmy?

Bolanok! Sanjym bedeni keseliň haçan-da ýiti geçme howpy bolanda ýokuşmagyndan täsirli derejede goraýar. Ýöne, size bu wirus ýeňil, hatda hiç hili simptomsyz geçirmegiňiz mümkin. Bu bolsa beýlekilere ýokuşdyryp biljegiňizi aňladýar. Siziň ýokuşdyran adamlaryňyzyň keseli nähili geçirjegi bolsa näbelli. 

Heniz ilatyň 60-70%-ine sanjym urlup, wirusyň çalt ýaýramagynyň öňüni aljak toparlaýyn immunitet döremänkä agyz-burun örtükleri iň täsirli goragy üpjün edýär. 

 

Jemleýji

COVID-19-a garşy köpçülikleýin sanjym etmek – bu pandemiýany ýeňip geçip, adaty durmuşa dolanmak üçin mümkinçilikdir. Emma bu meselä jogapkärçilikli çemeleşmeli, lukmanlaryň görkezmelerine uýmaly we sabyrly bolmaly: agyz-burun örtüklerini çykarmaly däl we öz saglygymyzy aýratyn üns bilen goramaly.