You are here

Stress – bu diňe bir basyş ýa-da oňaýsyzlyk duýgusy däl. Ol biziň beýnimiz tarapyndan başladylýan, biziň aňymyzdan aýlanyp geçýän, bedendäki reaksiýanyň çylşyrymly zynjyrydyr.

Käbir stressli ýagdaýlarda biz doňup galýarys we gymyldap bilmeýäris. Käbir ýagdaýlarda bolsa biziň içimiz energiýadan we gahardan doly bolýar.

Näme üçin beýle bolýar we muny üýtgedip bolýarmy?

 

“Ur ýa-da gaç” reaksiýa

Stresse garşy iki görnüşli reaksiýany belleýärler: giperkinetik we gipokinetik.

Giperkinetik reaksiýa – hut “ur ýa-da gaç” reaksiýasy. Howply ýagdaýa garşy siziň bedeniňiz energiýadan “ýarylýar”.

“Ur ýa-da gaç” reaksiýasy howply, ýagny gaçmaly ýa-da howp bilen göreşmeli görünen ýagdaýa beýnimiziň berýän reaksiýasy.

Beýni şeýle halatda biziň islegimize laýyk hereket etmän bilýär. Sekundyň bir böleginde müňlerçe faktorlary: gurşaýan töwerek, siziň fiziki ýagdaýyňyzy, daş keşbiňizi we “duşmanyň” mümkinçiliklerini seljerýär.

Ýöne beýle reaksiýanyň düýbi bir: HEREKET ET. Gymylda ýa-da sen ölersiň.

Şol sekundyň içinde siziň bedeniňizde aşakdakylar bolup geçýär:

  • Beýni bedene adrenalin we kortizol bölüp çykarýar, bu ýagdaý siziň bedeniňiziň maksimum işlemegine getirýär
  • Adrenalin siziň myşsaňyzy goşmaça gan bilen doldurýar
  • Ol ganyň ählisini bedende aýlamak üçin siziň ýüregiňiz çalt işläp başlaýar, siziň ýürek uruşyňyz tizleşýär
  • Ýürek uruşyň tizleşmegi netijesinde damarlardaky basyş ýokarlanýar
  • Bu prosesi bütinleýin kislorod bilen üpjün etmek üçin siz ýygy-ýygydan dem almaly hem bolýaňyz

“Ur ýa-da gaç” döwründe hatda göreç hem üýtgeýär –ol tunel şekilli bolýar. Bu diýmek siz diňe howply obýektde ünsüňizi jemleýärsiňiz, töwerekdäki hiç bir zada üns bermeýärsiňiz. Ol pursatda şol sekuntda siziň ömrüňizi halas etmek prosesinde rol oýnamaýan bedenäki ähli organlaryň işi togtaýar: iýmit siňdiriş we reproduktiw ulgamlaryň, immun ulgamyň, boýuňyzyň ösmegi we kletkalaryň gaýtadan dikeldilmek prosesleri. Bedeniň şol pursatdaky esasy maksady diri galmak.

Mundan başga-da, howp ömrüňize ýa-da abadançylygyňyza göniden-göni şu pursatda howp salýan bolup biler – köçede size garşy göni gelýän awtomobil, ýoldaky agressiw mähelle ýa-da gaharly mugallym; ýa-da biziň howp hökmünde kabul etmeýän zadymyz – ekzamen, söýgi duşuşygy ýa-da biriniň jaň etmegi.

Ýogsa-da, gykylyk we göz ýaşlar – “ur ýa-da gaç” reaksiýanyň bir görnüşi.

 

“Doň” reaksiýasy

Gipokinetiki reaksiýa – “doň, özüňi jeset ýaly görün” reaksiýasy. Bu reaksiýa beýniňiziň siziň hereket edip bilmejekdigiňize karar berende döreýär: howp juda ýakyn, siz fiziki ol howpy ýeňmäne başarmajagyňyzda we müňlerçe şuňa meňzeş sebäplerde. Siz bu ýagdaýda karar bermek işine hiç hili täsir edip bilmersiňiz, bu siziň aňyňyzdan daş bolýar. Siz diňe netijelerini duýup bilersiňiz.

“Doň” reaksiýasynyň netijeleri bolsa aşakdakylar bolup biler:

  • Howp siziň daşyňyzdan aýlanyp geçer umydy bilen, ölendigiňizi karar berip,  beýniňiz ähli ulgamlary öçürýär (hatda size howp salýan şeýle bir ýyrtyjy däl hem bolsa)
  • Ýürek uruş ýygylygy peselýär
  • Aýaklardan we ellerden gan yzyna gaýtýar
  • Ähli ulgamlar doňýar
  • Beýni bedeni we aňy bolup biljek şikeslere taýýarlaýar
  • Gana ýörite serişdeler bölünip çykýar – opioidler (täsiri bilen käbir narkotiki serişdelerine meňzeş), olar rahatlandyryjy bolup, agyryny aýyryp, ýagdaýdan daş ýaly duýmaga ýardam berýär. Bolup geçýän wakalar siziň bilen bolup geçmeýän ýaly duýgy döreýär.

Beýni howpy özbaşdak ýeňip bilmejekdigine karar bereninde bedeni “doňdurýar”.  Gorky, agyry we/ýa-da duýgular bizi bütinleý gurşap alanda we çydap bolmajak ýagdaýa geleninde hut şu ýagdaýy başdan geçirýäris.

 

Biz bu reaksiýa täsir edip bilersmi?

Ýok. Biz bu reaksiýanyň başlangyjyny gözegçilik edip bilmeýäris. Biziň beýnimiz millionlarça faktorlary seljerip, bölünen sekuntda karar berýär. Bu aslynda erbet däl, sebäbi beýnimiziň esasy maksady – biziň ömrümizi islendik ýol bilen halas etmek.

 

A biz näme edip bileris?

Aň-düşünjämizi gysga wagtyň içinde işletmek. Bu rasional pikirlenmäni we howpdan halas bolmagyň tiz ýollary gözlemegi diňe bir aňyň özüne goýman, türgenleşdirip bolýandygyny aňladýar.

Mysal üçin, synaglarda ýa-da çylşyrymly barlag işlerde adamlar gaçmak ýa-da göreşmek ýaly isleglerden özlerini saklap, doňup oturmaly däldigini özlerine ýatladýarlar.

Ýöne bu diýmek erk bilen stress reaksiýasyny bes etdirmek mümkindigini aňlatmaýar. Reaksiýa bes etmeýär. Ol siziň bedeniňizde tamamlanýança dowam edýär.

 

Stress-reaksiýany näme üçin tamamlamaly?

Sebäbi bedeniňiz adrenalinden we kortizoldan ýa-da opioidlerden doly. Olar öz gezeginde bedene ýük berýär we beden ulgamynda bozulmalara getirip bilýär. Olary hökmany ýagdaýda bedenden çykarmaly.

 

Stress reaksiýany nädip tamamlamaly?

Iki reaksiýa görnüşi hem gymyldy-hereket bilen tamamlap bolýar. Sport, tans, gezelenç, sallançakda uçmak, skeýtde aýlanmak, ýokardan aşak typmak, ylgamak, saz bilen sazlaşykly bökmek...islendik hereket hem kömek edip bilýär.

Sebäbi siziň ganyňyzdaky himiki birleşmeler “talaba görä ulanylýar” we “ýanýar”. Siz beýniňiziň diýenini diňledigiňiz bolýar – siz özüňizi halas etdiňiz. Size howp abananok. Indi “doňup” galmaga ýa-da “daş ýerlere gaçmaga” sebäp ýok.

Köpler bu ýagdaýy “dutaryň tary üzülen ýaly”, “boşluk”, “ýeňillik gelen ýaly” diýip suratlandyrýarlar.

Şeýle bolanyndan soň käbirler aglaýar, käbirleri gülýär, käbirleri bolsa asudalyk bilen töweregine seredýär. Beýni bedendäki gana endorfin goşýar. Siz halas bolduňyz!

 

NETIJE

Üns beriň! Bedene berilýän yzygiderli fiziki agramyň bedeni berkidýänliginden tapawutlylykda, psihika yzygiderli agram bermek ony berkitmeýär. Stressy ýeňip geçmek üçin psihikanyň resursy (çeşmesi) bolmaly. Çeşmäniň gözbaşy bolsa asudalyk we ynam.

Stress – biziň durmuşymyzyň hemişelik bölegi. Ony jemlemek bolsa – ýok. Şonuň üçin stress reaksiýany jemlemegi öwreniň, şeýlelikde siz sagdyn bolarsyňyz.