You are here

 

Ýetginjekler – 10 we 19 ýaş arasyndaky adamlar. Ol döwüre hem ýetginjegiň özi, hem-de onuň ene-atasy üçin köplençh iň kyn döwür hasaplanýar.

 

Näme sebäpden? Bu diýmek, ähli ýetginjekleriň problemalydygyny aňladýarmy?

 

 

Ýetginjeklik döwrüniň ýetginjegiň özi üçin döredýän kynçylyklary

 

Ýetginjek döwür – her bir ynsanyň durmuşynda iň agyr döwri. Onuň manysy – çagalary uly adama öwürmek. Gürrüň diňe bir bedendäki fiziologiki üýtgeşmeler barada däl-de, psihologiki kämilleşmegi hem öz içine alýar.

 

Emma özümizi 19 ýaşdan has ir kämil duýmaga başlaýarys.

 

Tutuş dünýä bize “Ulal!”, “Jogapkär bol!”, “Sen indi çaga dälä!” diýip aýtýar. Hut şu dünýä hem bize “Seniň entek ýaşyň kiçi!”, “Sen entek kiçijek ahyryn!”, “Ululary diňle!”, “Men seniň ýaşyňda wagtym...” diýýär. Elbetde, bizden näme garaşylýanyna düşünmek kyn bolýar.

 

Şeýle gapma-garşylyklar ýetginjegi “kämil” awtoritetly uly adamlara: ene-atasyna, mugallymlaryna, türgenlerine garşy çykmaga mejbur edýär. Sebäbi ýönekeý, ýetginjegi gurşaýan uly adamlaryň pikirleri gapma-garşy gelýär.

 

Öňki awtoritetlerini gözünde düşürip, ýetginjek täzeleri gözleýär. Kämil bolmagyň nämedigini hakykatdan hem görkezjek birini gözleýär.

 

 

Ýetginjegiň ene-atasy üçin ýetginjeklik döwrüniň kynçylyklary

 

Şu ýerde ýetginjegiň ene-atasy ýa-da onuň hossarlary üçin iň kyny başlaýar. Ýetginjek özüne kämil adamlary şekillendirýän başga ýetginjekleriň kompaniýasyny tapmagy ähtimal:

  • Çilim çekýän
  • Alkogolly içgileri içýän
  • Jynsy gatnaşyklary edýän
  • Düzgünleri we kanunlary bozýan

Ulularyň şeýle “şekili”, hiç kimiň olara buýrup bilmeýän, käbir filmler, saz kompozisiýalar, edebiýat we başga zatlaryň döreden şekili, ýetginjegi oňaýsyz netijelere, türmä basylmaga çenli getirip biler.

 

Ene-atalar şu zatlardan gorkýarlar. Çagasyny goramaga dyrjaşýarlar.

 

Bu ýerde ýene bir howp bar. Çagany ähli zatdan goramak maksady bilen ene-ata çaga ulalmaga ýol bermän bilýär – özbaşdak karar almaga, geljek üçin maksat edinmäge, tanyşlyk açmaga. Ýetginjegi azatlykdan mahrum edýärler.

 

Käwagt bolsa bu ýagdaý has zorlukly şekilde bolup bilýär. Käwagt – has ýumşagrak. Netije bir – tebigatyň ýetginjege beren programmasyny amala aşyrmaga ýol bermeýärler – kämilleşmeginiň öňüni alýarlar. Netije hem gynandyryjy – psihologiki üýtgeşme, psihologiki şikes we “ulularyň” dünýäsine öwrenşip bilmezlik.

 

 

Näme üçin beýle çylşyrymly?

 

Sebäbi biziň dünýämiz garraýar. Häzirki wagtda adam ömrüniň uzynlygy 70 ýaşdan ýokary. Onuň fiziki we sosial işjeňligi 25-30 ýaş aralygyna düşýär.

 

Biz 14-15-15 ýaşda kämil adam bolmagymyza, ýaşaýşymyz üçin gazanç etmäge, durmuş gurmaga, nesil dowam etdirmäge we başgalara zerurlyk ýok.

 

Emma tebigat beýle gysga kategoriýalar bilen “pikirlenmeýär”. Biziň planetamyz üçin  adamzat taryhy – pursat, onuň dowamynda ol öz mehanizmyny hem üýtgedip ýetişmeýär.

 

Şonuň üçin biziň bedenmiz we beýnimiz jemgyýetimiziň bizden garaşýan zatlaryna garamazdan ir “ulalýar”. Muňa ýetginjeklik bilen jemgyýet-medeniýet arasyndaky boşluk diýilýär. 

 

Dünýämize 16 ýaşly kämil adamlar gerek däl. Biz çagalygymyzda has uzak galyp bilýäris, köp zat öwrenip bilýäris, köp zadyň jogapkärçiligini üstümize has giç alyp bilýäris.

 

Emma biziň bedenimiz bu ýagdaý bilen razylaşmaýar. Ol eýýäm nesil dowam etdirmäge taýýardygyny görkezýär. Nesili dowam etdirmek bolsa öz gezeginde eklemek-goramak-ýetişdirmek başarnyklyklary we jogapkärçilikler bilen berk bagly. Ýagny uly adamlaryň başarnyklary bilen.

 

 

Näme etmeli?

 

Bedenimiz beýnimiz we aňymyz bilen dolandyrylýandygyny ýatda saklalyň. Bedeniň beýniniň buýurmagyndan başga ýerine ýetirip biljek hereketi ýok.

 

Siz öz islegleriňizi dolandyrýarsyňyz.

 

Sizi kämil adam hökmünde kabul etmeklerini isleýärsiňizmi? 10-11-12-13-14-15-16-17-18-19 ýaşdaky hukuklaryňyzy öwreniň we ene-ataňyz/mugallymyňyz/hossaryňyz bilen gürleşiň. Duýgyňyz we islegleriňiz barada gurleşiň. Töweregiňizdäki uly adamlara biraz azatlyk bermeklerini soraň.

 

Öň hiç haçan etmedik, emma häzir edip biljek işleriňiz barada gepleşiň. Mysal üçin, gezelençden öýe adaty wagtdan gijiräk gelmek, dükanda eşik saýlamak, halaýan kinoňyzy görüp, giç ýatmak, ulag sürmegi öwrenmek (gözegçilik astynda) we şuňa meňzeşler.

 

Esasy zat – YLALAŞMAK! Onuň manysy:

  • Siz üçin onuň näme üçin wajypdygyny düşündirmek
  • Ene-ataňyzyň näme üçin belli ýagdaýlarda sizi gaýgy edýändigi barada olaryň pikirini diňlemek we düşünmäge synanşmak
  • Kadalary bozmajaklygyňyza ene-ataňyzy ynandyrmak we köşeşdirmek (jaňlaşyp durmak, nirä barýandygyňyzy habar bermek we ş.m.)
  • Öz üstüňize käbir jogapkärçilikleri almak, çünki kämil adam bolmak – diňe “haklaryňyz” barada däl (öýde, okuwda we ş.m. ýerlerde goşmaça agram)
  • Ylalaşygyňyza biraz wagt soň gaýdyp gelmäge we gürrüňleşmäge razylaşmak (bir aýdan, ýarym ýyldan, bir ýyldan) we täze “hukuklary” hem-de “jogapkärçilikleri goşmak
  • Netijeleriňiz barada bilen ene-ataňyza gürrüň bermek

 

NETIJE

 

Kämilleşmek – aňsat bolmadyk tapgyr. Esasanda, jemgyýetimiz biziň kämilleşmegimizi isleýändigini ýa-da islemeýändigini bilmeýänligimizde.

 

Esasy zat, bu döwürde, bedeniň üýtgeýän, gormonlaryň üýtgeýän, ähli ulgamlaryň täzeden işe başlaýan döwründe ýeke däldigiňize düşünmek. Kämil adamlar: ene-ata, garyndaş, mugallym, hossar, türgen we başgalar – siz barada ideg etmek, durmuşyňyzy gowulaşdyrmak isleýär. Öz ellerinden gelýänleri bilen ýardam bermek isleýärler.

 

Olara bu döwür siziň hem ýardam bermegiňiz gerek. Gürleşiň, öz pozisiýaňyzy düşündiriň we ylalaşyň. Şeýlelik bilen iki tarap üçin hem ýeňillik döredip bilersiňiz.