You are here

Ene-atalaryň çagalary bilen gatnaşyklarynyň näderejede ýakyndygyna garamazdan, bu gatnaşyklara sowuklygyň aralaşýan pursatlary bolýar. Çagalar ulalýar, özbaşdak bolýarlar, aragatnaşyk edýän gurşawlarynyň gerimini giňeldýärler. Ene-atalar bolsa özlerini çagalarynyň durmuşynda esasy şahs bolmagyndan aýrylyp, olaryň durmuşyndaky adaty adamlaryň biri bolup başlaýarlar. Bu sowuklygyň düýpsüz gorpa ösüp, maşgala agzalarynyň onuň garşy tarapynda galmazlygy üçin aragatnaşygy gaýtadan ýola goýmaly. Ýöne bu gezek «jahyl-jahyl» görnüşinde ýola goýmaly.

 

Näme üçin dialog şeýle möhüm?

Uly ýaşlylar çagalary bilen saglyk, jyns gatnaşyklary, jahyllyk hakyndaky gürrüňleri yza çekýänçäler, çagalar bu soraglaryň jogaplaryny özlerine ýakyn adamlardan: deň-duşlaryndan alýarlar. Ýöne beýleki ýetginjekleriň, hatda ulularyň düşünjeleri tejribe ýetmezçiligi zerarly köplenç stereotiplere we hyýalbentlige esaslanýar we hakykat bilen asla gabatlaşman biler. Internet bolsa adatça özensiz maglumatlary hödürleýär we öňküden hem köp soraglary ýüze çykaryp bilýär. Siz bolsa öz çagaňyza ylmy maglumatlara hem, öz şahsy tejribäňize esaslanyp has köp zatlary düşündirip bilersiňiz. Şeýle hem siz bu işe özüňize we çagaňyza ýetginjeklik döwründe nämeler bolýandygyny we nämeler etmelidigini internetden hem has gowy düşündirip biljek hünärmenleri — lukmanlary, pedagoglary çekip bilersiňiz.

 

Çagalar bilen nämeler hakynda hökman ýagdaýda gürleşmeli?

Çagaňyzyň durmuşyndan sizi müňlerçe ownuk zatlar gyzyklandyryp biler, ýöne ol bu zatlaryň ählisini siziň bilen paýlaşasy gelmän biler. Ýaşlaryň syr saklamaga hukugy bardyr, hatda bu syr siziň pikirlenişiňizde ähmiýetsiz bolup görünse-de şeýledir. Muňa garamazdan, ýetginjek çagaňyz barada jikme-jik öwrenmeli zadyňyz bar. Bu onuň jan saglygydyr. Ol özüni nähili duýýar? Ol aşa ýadaýan bolaýmasyn? Ukusyny alyp bilýärmi? Häzirki wagtda onuň bedeninde nähili üýtgeşmeler bolup geçýär? Bu ony birahat edýärmi? Bilermeniň bu mesele babatda goşulmagy zerurmy ýa-da siz bilelikde hem bu meseläniň hötdesinden gelersiňizmi? Bu sowaly parhsyz goýmak ýa-da siziň çagaňyza saglyk barada aladalanmanyň möhümdigini, aýratyn hem häzirki wagtda gormonlar püre-pürlände, ses ýitende ýa-da birdenkä garyn agyryp başlanda möhümdigini mekdep, maşgala lukmany ýa-da dostlary düşündirer diýip umyt edip oturmak bolmaz. Iň gowusy çaga bilen özüňiz gürleşip görüň. Onuň hal-ýagdaýyny sorap, iň ýönekeý soraglardan başlaň: ukusyny alyp bilýärmi, mekdepde ýadaýarmy. Onuň gün tertibini üýtgetmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşyň, ýetginjegiň has köp dynç almagy üçin onuň sapaklardan we öý işlerinden azat gün geçirmegini teklip ediň. Goý, çaga siziň onuň tarapyndadygyňyzy, şular ýaly möhüm pursatda oňa düşünmäge we oňa guwanmaga taýýardygyňyzy duýsun. Şonda siziň aladalanmaňyz uly üns hem düşünme bilen kabul ediler.

 

Siziň söhbetdeşiňiz eýýäm körpe däl

Siziň öňüňizde eýýäm jiger bagryňyza basyp, kaşa bilen iýmitlendiren körpeje ýok. Bu eýýäm özbaşdak pikirleri, garaýyşlary bolan uly adam. Muňa hormat goýuň. Ýatda saklaň: ýetginjek – öz aýratynlyklary we ýalňyşmaga hukugy bolan özbaşdak şahsyýet. Oňa nämedir bir zat düşündirmek isleseňiz, onuň bilen uly adam ýaly gürleşiň, onuň pikiri bilen gyzyklanyň. «Sen nähili pikir edýärsiň?» ýa-da «Meniň ýerimde sen nähili hereket ederdiň?» ýaly soraglara jogap bermek bilen ýetginjekler öz pikirleriniň ähmiýetiniň bardygyna düşünýärler we ene-atalaryna hem şonuň bilen jogap berjek bolýarlar. Ene-atalyk terbiýesiniň ýokary nusgasy — bu ýetginjege taýýar çözgüdi berjek bolmak däl-de, onuň özüniň dogry netijä gelmegine ýardam etmekdir. Ol ýagdaýy başyndan geçirmeli we onuň dürli taraplaryny görmeli, öz hereketleriniň netijelerine baha bermeli.

 

Nusga bolmaly

Ýetginjekler ulalyp, öz ene-atalaryny: olaryň hereketlerini, etmişlerini, daş görnüşlerini bahalandyryp, öz deň-duşlarynyň ene-atalary bilen deňeşdirip başlaýarlar. Bu deňeşdirmäniň netijesi sizi täsin galdyryp biler. Ýagny sagdynlyk babatda siziň maslahatlaryňyz ret edilip, dostunyň ýa-da jorasynyň ene-atasynyň siziň maslahatlaryňyzy gaýtalamagy doly düşünilip, kabul edilip bilner. Öz saglygyňa gözegçilik etmeýän bolsaň, ýetginjek bilen onuň saglygy barada gürrüň etmek peýdasyz. Ol siziň aýdanlaryňyzy gulagynyň deňinden geçirip goýberer, çünki, eje we kaka, mysal üçin, arkaňy göni tutmagyň wajyplygy barada tekrarlap, özleri bolsa, gijelerini kompýuteriň öňünde küýkerilip oturyp, soňra bolsa bil agyrydan zeýrenerler. Çaga üçin siziň nusga alarlyk bolup durýandygyňyza näçe çalt düşünseňiz, şonça-da ir taýýarlyk görüp bilersiňiz. Beýleki ene-atalardan gowy bolmak üçin däl-de, çagalar sizden hem nusga alyp bolar, siziň maslahatlaryňyzy hem diňläp bolar diýip pikir ederleri ýaly.

 

Hünärmenler bilen aragatnaşykda boluň

Islendik ýetginjegiň durmuşynda ene-atalar ýeke-täk uly ýaşly adamlar däldir. Ýöne köplenç babatda nämedir bir ýaramaz hadysa bolanda: ikilik alnanda, sowuklamada biz mugallymlara, maşgala ýa-da bejergi berýän lukmanlara, tälimçilere ýüz tutýarys. Bu zatlardan gaça durmak üçin olar bilen hemişelik aragatnaşykda boluň, çünki bu adamlar çagalary başga gurşawda görýärler we nämedir bir möhüm zat aýdyp bilýärler. Möhüm! Ene-atalaryň käbirleri şular ýaly «aragatnaşyk» bilen gereginden artyk jan edýärler we ony gözegçiligiň guralyna öwürýärler. Bu bolsa çaganyň ejesine hem kakasyna bolşy ýaly, beýleki ululara hem ynamynyň doly gaçmagyna getirýär. Siziň aragatnaşygyňyz ýetginjek üçin syr bolmaly däl. Ýöne eger-de siz nämedir bir ýakymsyz zat barada eşiden bolsaňyz, onda çaga bilen gürleşiň. Goý, onuň özi bu ýagdaýy nähili görýändigini we onuň çözülmegi üçin nähili hereketler edýändigini aýtsyn.

 

Bu hili gürrüňdeşlikden soňra nämä garaşmaly?

Ýetginjekler özleri üçin ägirt uly, mümkinçiliklerden doly täsin bir dünýäni açýarlar. Bu tapgyrda olara bary-ýogy gerek zat — olaryň bahalandyryp hem-de öz bähbidine ulanyp biläýjek maglumaty. Şular ýaly maglumatlaryň çeşmesi boluň. Dogruçyl, açyk we dürli temalardan, hatda siziň özüňiz üçin oňaýsyz we ýaramsyz temalardan gürrüňdeşlige taýýar boluň. Gepleşik üçin dogry başlangyjy beriň. Aragatnaşyk we netijeler sizi uzak ýyllaryň dowamynda begendirer. Çünki siziň ýetginjeklik tejribäňiz sizi şahsyýet hökmünde kemala getirdi we siziň çagaňyz hem şu zatlary başdan geçirmeli: ýalňyşlyklary, tolgunmalary we jahyllyk begenjini. Bu ýolda olary goldaň.