You are here

Üns beriň! Şu makalada beýan edilýän maglumatlar diňe makalanyň ýerleşdirilen wagty güýjüni saklaýar. Maglumatlar wagtyň geçmegi bilen üýtgäp biler. 

Sanjym etdirmek – kesellerden goranmagyň iň ýönekeý, howpsuz we täsirli görnüşidir. Ol bedeniň tebigy gorag mehanizmlerini işjeňleşdirýär we adam heniz ýokanç keselleri döredýänler bilen galtaşmanka beden gorag immunitetini döredýär. Umumy alanyňda sanjymlar her ýylda 3 million ynsanyň janyny halas edýär. 

COVID-19 keseli we bu kesele sebäp bolýan SARS-CoV-2 wirusy bilen bagly ýagdaýda hem sanjymlar edil dümewe, gyzylja, tuberklýoza garşy sanjylýan waksinalar ýaly işleýär. Ýeke-täk tapawudy: koronawirusa garşy ulanyljak sanjymlar täze çykarylmak bilen, iň irkisi 2020-nji ýylyň tomsunda hasaba alyndy; pandemiýanyň möwç alýan döwründe. 

Üns beriň! Waksina bilen sanjymlar – ikisi hem şol bir zatdyr. 

 

Sanjymlar bedene nähili täsir edýär?

Sanjymlar adatça ilki bilen bedeni wirusyň bir bölegi bilen tanyşdyrýar we wirusa garşy göreşjek antitelalary işläp taýýarlamak üçin immuno ulgamyny türgenleşdirýär.  Ýagny, haçanda bedene eýýäm sanjymy alnan wirus aralaşanda immuno ulgamy gysga wagtda antitela işläp taýýarlap, keseli gysga wagtda ýeňip bilýär; kä halatlarda bolsa, keseli bedene başdan goýbermeýär. 

Sanjymlaryň işleýiş mehanizmi:

  • Immuno ulgamy sanjym bilen goýberilen kesel döredijini kesgitleýär;
  • Beden kesel döredijä garşy antitelanyň üstünde işläp başlaýar;
  • Immuno ulgamy geljekde hem oňa garşy göreşmek üçin kesel döredijini ýatda saklaýar. Eger bu kesel dörediji bedene ikinji gezek giräýen ýagdaýynda, immuno ulgamy heniz kesel döremänkä ony ýok etmäge girişýär. 

Ýatda saklaň! Dürli kesellere garşy ulanylýan dürli sanjymlarda wirusyň güýji gaçyrlan görnüşi, işjeňligi ýitirlen kompanentleri ýa-da sintezlenen fragmentleri ulanylýar. Munuň kesel döretme howpy ýokdur.

 

Näme üçin sanjym etdirmek keseli başdan geçirmekden has gowy?

Keseller, sanjymlardan tapawutlylykda immuno ulgamyny türgenleşdirmezden ähli ýok ediji güýçleri bilen bedene hüjüm edýärler. Keseliň ýeňil görnüşi hem immuno ulgamy göreşe taýýar bolýança dürli kynçylyklara sebäp bolup, bedeni güýçden gaçyryp biler.

Şeýle hem bedeniň gaýdatan dikelmegi we wirusy dolulygyna daşyna zyňmagy uzaga çekip bilýär. Garaz, immuno ulgamynyň wirus bilen kesel arkaly tanyşmagy beden üçin “gymmada düşýär”.

Sanjymlar şeýle güýçli immuno ulgamyny bina edýär; özem, bedene has az howply. Sanjymlar, olaryň lukmana ýüz tutmaga sebäp boljak goşmaça täsirlerini ýüze çykarmak üçin laboratoriýalarda kämilleşdirilýärler we ençeme gezek synagdan geçirilýärlär. 
 

 

Sanjymlar haýsy görnüşlerde goýberilýärler?

  • Sanjylýan (şprisler arkaly sanjylýar)
  • Peroral (dermanyň birnäçe damjasy agza damdyrylýar)
  • Aerozol (birnäçe damjasy burna damdyrylýar ýa-da howa sepip ysgadylýar)

 

Sanjymlaryň nähili görnüşleri bar?

Her bir sanjym öňünden kesgitlenen kesel döredijilere garşy göreşýär. 

Gyzylja, gyzamyk ýaly çaga keselleri bolýar. Şeýle kesellere çaganyň bedeni goragsyz diýen ýaly. Şol sebäpden hem, bu kesellere garşy sanjymlar eýýäm çagalara kiçi ýaşda, ýurduň sanjym senenamasyna laýyklykda edilýär. 

Üns beriň! Bu diýmek, “çaga” keselleri bilen uly adamlar kesellemez diýmekligi aňlatmaýar. Uly adamynyň bedeni çaganyň bedenine garanyňda, dogry we täsirli bejergi alnan ýagdaýynda infeksiýadan çal gutulýar, şeýle hem goşmaça täsirleri has az bolýar. 

“Epidemik görkezmeler esasynda” taýýarlanýan aýratyn sanjymlar hem bar. Bu sanjymlar belli bir kesel birden ýaýran ýagdaýynda edilýär. Möwsümlik dümewe garşy sanjymlar muňa mysal bolup biler. 

Köp ýurtlarda käbir kesellere (tuberkulýoz, gepatit A, meningokok infeksiýasy we ş.m.) garşy sanjymlar ýokary derejede ýokuşma bolany üçin saklanyp galýar. Kesellänleriň statistikanyň ýokary bolmagynyň kesel döredijiniň çalt köpelmegine mümkinçilik berýän howa ýagdaýyndan (klimat) başlap, pes derejeli sanitariýa çenli sebäpleri bolup bilýär. 

Agzalanlar bilen bir hatarda “ýagdaýa görä” ulanylýan sanjymlar hem bar. Mysal üçin, belli ýurtlara syýahat etmeziňizden ozal şol ýurtlaryň araçäklerinde bar bolan kesellere sezewar bolmazlygyňyz üçin olara garşy sanjym almagyňyzy sorap bilerler. 

 

Sanjym etdirmek näme üçin wajyp?

Özüňi we beýlekileri goramak üçin. Özüňi goramak ýagdaýy-ha düşnükli, onda, biz beýlekileri nädip gorap bileris?

Jogaby: toparlaýyn ýa-da jemgyýetçilik immuniteti arkaly 

Sanjym – bu hemmetaraplaýyn serişde bolman, eýsem, ters täsirleri sebäpli belli sanjymlary alyp bilmeýän adamlar hem bar. Mysal üçin, güýçli hronik keseli bolan adamlar, sanjymyň düzümindäki käbir komponentlere garşy ýokary derejeli allergiýasy bolan adamlar, şeýle hem göwreli zenanlar käbir sanjymlary alyp bilmeýärler. 

Şeýle ýagdaýda olaryň bedeniniň sanjym alynmadyk infeksiýadan goralmagy töweregindäki adamlara bagly bolup durýar. Gorag mehanizmini işläp taýýarlan güýçli immunitetli adamlaryň sany näçe köp boldugyça, sanjym alyp bilmeýänleriň kesellemek howpy şonça az bolýar. Ine, şuňa hem “toparlaýyn immunitet” diýilýär. 
 

Sanjym we täsirlenme

Beden sanjyma HÖKMAN reaksiýa görkezmelidir, sebäbi sanjym kesel dörediji bilen göreşýär ahyryn!

Her sanjym üçin “adaty reaksiýalaryň” sanawy bolýar. Bu reaksiýalar sanjym alanlaryň aglabasynda ilkinji 24-48 sagadyň dowamynda özüni görkezip, geçip gidýär. Şeýle ýagdaýlarda lukmana ýüz tutmak hökmany däldir. 

Şol sebäpden hem, sanjymdan soňra howsala düşmeziňiz ýaly HER sanjymy almazdan ozal onuň “adaty reaksiýalary” bilen tanyş boluň.

Eger sanjymyň sizde görkezen täsiri bu sanawda ýok bolsa ýa-da ol has güýçli / bolmalysyndan uzaga çekýän bolsa, HÖKMAN lukmanyň maslahatyna ýüz tutuň!

Sanjymlar autizme sebäp bolmaýar!

Şeýle hem beýleki gaýra üzülmelere sebäp bolmaýar (reaksiýanyň şahsa görä üýtgemeniň netijesinde adatdan daşary ýagdaýlar bolup biler)

 

Jemleýji

Sanjym etdirmek – bu bedeni ençeme kesellerden, olary başdan geçirmezden, goramagyň howpsuz we akylly usulydyr. 

Eýsem, biziň immuno ulgamymyz eýýäm gabat gelen kesel döredijilerini ýatda saklap bilýär; 2 ýyldan 20 ýyla çenli, kä halatlarda tutuş ömri boýunça bu maglumaty ýadynda saklaýar. Şol sebäpden hem immuno ulgamymyzy bolup biläýjek infeksiýalaryň işjeňligi gowşadylan görnüşleri bilen tanyşdyrmak wajypdyr – ýagny, sanjym etdirmek. 

Sanjymlar biziň kesellemegimiziň öňüni alýar. Bu bolsa, bejergi almakdan has aňsat we has gowudyr.