RU TK
Go Back Go Back
Go Back Go Back

"Sowuklama" keseli näme?

Share

Habarlar

"Sowuklama" keseli näme?

calendar_today 23 October 2026

"Sowuklama" keseli näme?
"Sowuklama" keseli näme?

Gündelik durmuşda “sowuklama” diýlip bilinýän çanaklyk organlarynyň sowuklama keseli - aýallaryň reproduktiw agzalarynyň (ýatgy, ýatgy turbalary we ýumurtgalyklar) infeksiýa sebäpli sowuklamasy.

Bu kesel köplenç 15-25 ýaş aralygyndaky gyzlarda duş gelýär. Hakykatda, keselleýänleriň 1/5 bölegi 19-dan kiçi ýaşly zenanlar. Ýaşlaryň bu kesele has köp duçar bolmagy olaryň anatomo-fiziologik aýratynlyklary, şeýle hem biologik töwekgelçilik faktorlary bilen baglanyşyklydyr.

Keseliň alalamatlary:
- Garnyň aşaky böleginde (gasyk) agyry
- Bedeniň temperaturasynyň ýokarlanmagy
- Jyns agzalaryndan ýakymsyz ysly, adaty bolmadyk suwuklygyň gelmegi
- Jynsy gatnaşyk wagtynda agyry
- Peşew edilende agyry we ýanma duýgulary
- Aýbaşy halkasynyň bozulmagy
- Garnyň sag ýokarky böleginde agyry

Kesele näme sebäp bolýar we ol ýokançlymy?
Hawa, bu kesel ýokançlydyr. Ol köplenç göni jynsy gatnaşyk arkaly geçýär.
- Esasy sebäpleri (90%): Keseliň 90%-e golaýyna jynsy gatnaşyk arkaly geçýän gonoreýa we hlamidiýa infeksiýalary sebäp bolýar.
- Beýleki sebäpleri: Käwagt jyns agzalaryna adaty bakteriýalaryň düşmegi bilen hem döreýär. Bu ýagdaý şulardan soň hem bolup biler:

     - Çaga dogurmak
     - Çanaklyk organynda geçirilen hirurgiki operasiýalar
     - Göwreliligiň bozulmagy 
     - Ýatgy içki spirallaryny (IUD) goýdurmak
     - Jyns agzasynyň içiniň ýuwulmagy sebäpli dörän bakterial waginoz

Bejerilmese nähili gaýraüzülmelere (kynçylyklara) getirip biler?
1. Kesel uzak wagtlap bejerilmese, onuň geljekde zyýanly täsirleri bolup biler. Infeksiýa ýatgy turbalarynda kesikleriň döremegine sebäp bolýar:
2. Dowamly çanaklyk agyrysy: iň köp duş gelýän gaýraüzülmedir. Bu kesele duçar bolanlaryň takmynan 20%-inde dowamly agyrylar döreýär.
3. Ýatgydan daşary göwrelilik (çaga turbada galanda)
4. Önelgesizlik (çaga galmazlygy): Kesele uçranlaryň 10%-e çenlisinde çaga edinmek ukyby ýitip biler. Sebäbi kesikler ýatgy turbalarynda böwet bolup, ýumurtga öýjüginiň geçmegine mümkinçilik bermeýär.
5. Turba-owarial absess (TOA): Çanaklyk agzalarynda döreýän we adamy örän agyr ýagdaýa getirip bilýän iriňli çişdir.

Keseli nädip anyklamaly we bejermeli?
Bu keseli anyklamak üçin ýörite bir test ýokdur. Lukmanlar köplenç şu ýollar arkaly diagnoz goýýarlar:
- Kesel taryhy (anamnez): Umumy saglygyňyz, jynsy işjeňligiňiz we sizde bar bolan alamatlar barada sorag-jogap.
- Ginekologik barlag: Reproduktiw organlaryny barlamak hem-de agyryly ýerleri palpasiýa we çyrşak arkaly kesgitlemek.

Bejergisi:
Keseliň köp bölegi antibiotikleriň garyndysy ulanylyp, aňsatlyk bilen bejerilýär. Geljekki gaýraüzülmeleriň öňüni almak üçin lukmanyň beren bejergisini doly gutarmak örän wajypdyr.

Duýduryş! Eger sizde bu kesel anyklansa, jynsy ýoldaşyňyza hökman habar beriň - ol hem bejergi almalydyr.

Çeşmeler:
https://my.clevelandclinic.org/health/diseases/9129-pelvic-inflammatory…;
https://pubmed.ncbi.nlm.nih.gov/11361905/ 
https://www.leedsth.nhs.uk/patients/resources/pelvic-inflammatory-disea…