Go Back Go Back
Go Back Go Back

Türkmenistanda standart amala aşyrylyş proseduralaryna laýyklykda zenanlara hyzmatlary bermek boýunça okuw maslahatlary geçirildi

Türkmenistanda standart amala aşyrylyş proseduralaryna laýyklykda zenanlara hyzmatlary bermek boýunça okuw maslahatlary geçirildi

News

Türkmenistanda standart amala aşyrylyş proseduralaryna laýyklykda zenanlara hyzmatlary bermek boýunça okuw maslahatlary geçirildi

calendar_today 20 June 2025

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hünärmenleri we inçekesel lukmanlary üçin geçirilen bäş günlük okuwlaryň jemleýji güni
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hünärmenleri we inçekesel lukmanlary üçin geçirilen bäş günlük okuwlaryň jemleýji güni

Aşgabat, 2025-nji ýylyň 20-nji iýuny – 2025-nji ýylyň 5-20-nji iýuny aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy inçekesel lukmanlary we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri üçin bäş sany bir günlük okuw maslahatlaryny geçirdi. Bu çäreleriň maksady inçekesel hyzmatlaryny bermekde gender-duýgur çemeleşmeler barada hünärmenleriň habardarlygyny ýokarlandyrmak, esasanam, inçekeselli näsaglara we olaryň maşgalalaryna goldaw bermek bilen bagly meselelere gönükdirildi. Çäreleriň dowamynda saglygy goraýyş pudagynyň hünärmenleri her welaýatda hereket edýän Maşgala goldaw hyzmatlarynyň işi bilen tanyşdyryldy.

Okuw maslahatlary BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy. Bu başlangyç, 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda gender deňligi boýunça Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň; 2022–2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda Aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy boýunça synyň tekliplerini durmuşa geçirmek boýunça Ýol kartasyny, şeýle-de, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň inçekesel boýunça granty esasynda geçirilen gender seljermesiniň netijesinde işlenip düzülen "Türkmenistanda inçekesel hyzmatlaryna elýeterlilikde gender we hukuk päsgelçiliklerini ýok etmek boýunça Hereket meýilnamasyny" durmuşa geçirmegiň giň gerimli tagallalarynyň bir bölegi bolup durýar.

Okuw maslahatlary Daşoguz, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda geçirilip, 2025-nji ýylyň 20-nji iýunynda Aşgabat şäherinde tamamlandy. Çärelere 97-den gowrak hünärmenler, şol sanda ftiziatriýa lukmanlary, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleri, Maşgala goldaw hyzmatlarynyň hünärmenleri we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatlarynyň dowamynda gatnaşyjylar Gender deňligi boýunça Milli Hereket meýilnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy, aýratyn hem gender-duýgur saglyk hyzmatlary we aýal-gyzlara garşy zorluga garşy göreş bilen bagly ugurlara aýratyn üns berildi. Şeýle hem, öýde zorluga sezewar bolan zenanlar üçin saglyk hyzmatlaryny guramak boýunça Standart amalyýet proseduralary taslamasy bilen tanyşdyryldy. Taslama hyzmat bermek ýörelgeleri, zorlugyň alamatlary we pidanyň özüni alyp barşy, şeýle hem pidalar bilen netijeli gatnaşyk ýörelgeleri barada gürrüň edildi.