You are here

UNFPA zenanlara we gyzlara garşy zorluklar bilen göreşmäge çagyrýar 16 Gün Işjeňlik hereketine goşant hökmünde #ErkeklerHem kampaniýasyna başlady. UNFPA erkekleri we oglanlary öýde we jemgyýetde gender deňligini ösdürmäge hem-de zenanlara we gyzlara garşy zorlugyň öňüni almaga gatnaşmaga çagyrýar.

Gender esasly zorlugyň öňüni almaga niýetlenen Halkara 16 Gün Işjeňlik  kampaniýasy her ýyl 25-nji Noýabrdan (Zenanlara garşy zorlugyň öňüni almagyň Halkara Güni) 10-njy Dekabra (Halkara Adam Hukuklar Güni) çenli geçirilip, bu aralykda başga hem birnäçe belli günleri öz içine alýar.

Dowam edýän pandemiýa döwürde, zenanlara garşy zorlugyň we gender deňsizliginiň pandemiýanyň üstesine has köpelmegi aladalandyryjy habar. Zenanlar we gyzlar COVID-19 bilen baglanyşykly gorky we stress, çäkli hereketler sebäpli döreýän zorluklar töwekgelçiligi, hojalyklara ýetýän jemgyýet-ykdysady täsir, tölegsiz ideg etmek ýaly birnäçe töwekgelçilikler bilen pandemiýa döwründe ýüzleşmeli bolýarlar. COVID-19 pandemiýasy zenanlaryň öýdäki ýüküni artydyryp, olaryň jogapkärçiliklerini has hem agyrlaşdyrdy.

Zenanlar tölenmeýän idegiň has köp ýüküni çekip, howply, resmi däl işlerde erkeklere garanyňda has köp işleýärler we COVID-19-yň täsiri sebäpli işlerinde bökdençliklere sezewar bolup bilerler. Şeýle ýagdaýlar olary duýdansyz sarsgynlardan goragsyz goýýar. COVID-19 döwründe gender deňsizligi meseleleriň çözgüdini öz içine almaýan sosial gorag ulgamlary zenanlaryň we gyzlaryň ýüzbe-ýüz bolýan diskriminasiýasynyň has köp we başga görnüşlerini hem öz içine alýan görnüşlerini güýçlendirip biler.

#ErkeklerHem kampaniýasy erkekleri we oglanlary öýde we işde oňyn jemgyýet kadalaryny öňe sürmäge, deň hormatlanýan, sagdyn gatnaşyklary kabul etmäge, hemmeler üçin adam hukuklary goldamaga çagyrýar.

Kampaniýa erkekleriň maşgalalarynda, jemgyýetde we iş ýerlerinde gatnaşyp biljek üç esasy ugruna gönükdiriler:

 

1) Kaka idegi – erkekleriň maşgala we ene-atalyk durmuşyna doly gatnaşmaga hukugy bar diýen düşünje bilen;

 

2) Reproduktiw saglyk we hukuklar ugrunda erkegiň orny – erkekler maşgalany meýilleşdirmekde, enäniň we çaganyň idegini etmekde, aýalynyň saglygyny goramakda esasy orny eýelerýärler; we

 

3) Gender esaszly zorlugy we seksizmy bes etmekde erkekleriň orny – erkekler jemgyýetde we iş ýerlerde zenanlara garşy zorluklara getirip bilýän ters jemgyýet kadalaryň öňüni almaga ýardam edip bilýärler.

 

Illustrasiýalar: UNFPA Ukraina

 

Gender deňligiň gazanylmagy her birimize täsirini ýetirjek üýtgeşmeleri öz içine alýar, sebäbi gender rollary erkekleriň durmuşyna hem aýallaryňky bilen deň derejede güýçli täsirini ýetriýär. Mundan başga hem, gözleglere laýyklykda, çagasy we maşgalasy bilen ýakyn arabaglanşyk gurýan erkekler has uzak we bagtly ýaşaýarlar.

16 Gün Işjeňligiň çäginde UNFPA ähli sosial ulgamlarda bu ugury öz içine alýan postlary, animasiýalary, faktlary, derňewleri we her birimiziň edip biljek goşandymyz barada maglumatlary paýlaşar. UNFPA hemme erkekleri we oglanlary maşgalalarynda, jemgyýetde we iş ýerlerde gender deňligine goşantlaryny beýan edýän suraty ýa-da wideo paýlaşmaga çagyrýar.

 

 

Giňişleýin maglumat üçin: 

 

Ene Tüýliýewa,

Ýaşlar we Aragatnaşyk boýunça hünärmen 

tuyliyeva@unfpa.org

 

http://turkmenistan.unfpa.org

www.facebook.com/unfpatkm

www.instagram.com/unfpa_turkmenistan

imo: +99362 833158