Aşgabat, 2025-nji ýylyň 13-nji iýuny – Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy Maşgala goldaw hyzmatlary psihologlaryna we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hünärmenlerine üç günlük seminar geçirdi. 2025-nji ýylyň 11-13-nji iýun aralygynda BMG-niň binasynda geçirilen çäre inçekeselli näsaglara we olaryň maşgala agzalaryna psihologik maslahat we goldaw bermekde gender-duýgur çemeleşmäni ulanmak meselelerine bagyşlandy.
BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde gurnalan seminary geçirmek üçin, UNFPA-nyň halkara maslahatçysy hanym Rauşan Žeteýewa Aşgabada geldi.
Seminara gatnaşyjylar inçekeseliň lukmançylyk we psiho-sosial taraplary, şol sanda kemsitme we diskriminasiýa, bu diagnozyň maşgala we jemgyýetçilik uýgunlaşmasyna täsiri bilen tanyşdylar. Inçekeseliň bejergilmeginde Gyzyl Ýarymaý toparynda psihologlaryň ornuna we işiň etiki taraplaryna aýratyn üns berildi.
Bejeriş gatnaşyklaryny gurmak, ünsli diňlemek we krizis ýagdaýlarynda kömek etmek ukyplary ýaly psihologik maslahat bermegiň esasy usullary hem öwrenildi. Höweslendiriş maslahaty, hünärmenleriň ruhy ýadawlyk meseleleri we olaryň öňüni alyş usullary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.