Meňzeş Kampanýalar

Campaign
Scroll down
Ýaşlyk platformasyna hoş geldiňiz! Bu ýerde ösüp gelýän bedeniňiz, saglygyňyz we gatnaşyklaryňyz barada faktlary we maslahatlary tapyp bilersiňiz. Platformada ýetginjekler we ýaş oglanlar hem-de gyzlar üçin özgerýän beden, emosional saglyk, gender deňligi, jynsy we reproduktiw saglyk barada makalalar jemlenen.
Şeýle hem ene-atalar üçin aýratyn bölümimiz we Türkmenistanyň orta mekdeplerinde ýaşaýyş durmuş esaslary sapagyň çäginde reproduktiw saglyk hem-de gender deňligi mowzuklary okadýan mugallymlar üçin maglumatlarymyz bar. Makalalaryň ählisi faktlara esaslanýar we saglyk hünärmeni tarapyndan tassyklanan.
Platforma üç rubrika bölünýär: “Meniň bedenim”, “Meniň gatnaşyklarym”, “Meniň başarnyklarym”. Her rubrika dürli degişli temalara bölünen. Dostlaryňyz we joralaryňyz bilen ssylkamyzy paýlaşmagy unutmäň! Sagdyn boluň. Dogry maglumatlara eýe boluň.
Campaign