You are here

UNFPA we hyzmatdaşlar jemgyýetimizde we sosial ulgamlarda çydamlylygy, mertebäni, sylagy we deňligi öňe sürmek maksady bilen “Diz dürli. Biz deň” atly sanly ulgam kampaniýasyny başlady.

Sosial mediýa täze mümkinçilikleri açýar. Ol jynsyna, dini ynanjyna, gelip çykyşyna garamazdan dürli garaýyşlary, pikirleri, zerurluklary we başarnyklary bolan adamlary birleşdirýär – edil hakyky durmuşdaky ýaly.

Sosial mediýada her kimiň öz pikirini azat beýan etmäge hukugy bardygy hakykatdyr. Emma kämahal postlaryň we teswirleriň arkasynda hakyky adamlaryň bardygyny unudýarys. Her bir teswir – položitel ýa-da otrisatel – ekranyň aňyrsyndaky adamda uzak wagtlaýyn täsir galdyryp bilýär.

Şonuň üçin gündelik durmuşymyzda ornaşan sylagly gatnaşyk endiklerini sosial ulgamlarda onlaýn durmuşa geçirmek hem möhümdir.

Onlaýn dünýäde bir-birimize diýýän sözlerimiz ähmiýetlidigini ýatda saklalyň.

Wirtual dünýä hakykat.

Onlaýnda hem offlaýn dünýäde bolşumyz ýaly sylagly we mylakatly bolalyň.

Öňümizdäki birnäçe aýyň dowamynda #DürliEmmaDeň heştegi bilen bellenen Ýaşlaryň arasyndaky söhbetdeşliklere, kampaniýa baradaky postlara, dürli adamlaryň durmuşyndan alnan hekaýalara we söhbetdeşliklere, şeýle hem sosial wideolara tomaşa edip bilersiňiz.

Geliň hukuklary, deňligi we inklýuziýany öňe süreliň!

#DürliEmmaDeň