Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

UNFPA Türkmenistanda howp toparyndaky zenanlary “Sayana Press” kontrasepsiýalary bilen üpjün etdi

UNFPA Türkmenistanda howp toparyndaky zenanlary “Sayana Press” kontrasepsiýalary bilen üpjün etdi

News

UNFPA Türkmenistanda howp toparyndaky zenanlary “Sayana Press” kontrasepsiýalary bilen üpjün etdi

calendar_today 11 July 2020

Sagdyn göwrelilik pandemiýa döwründe hem gaýragoýulmasyzdyr

 

Türkmende “Maşgalam – baş galam” diýilýär. Bu galanyň mäkäm bolmagynyň özeninde ruhy we beden taýdan sagdyn maşgalany bina etmek ýatyr. Sagdyn maşgalany gurmak bolsa, ony meýilleşdirmekden başlaýar. Geljegiň ene-atalary özlerini doly taýýar duýmazdan çaga edinmäge girişen ýagdaýlarynda maşgala galasynyň diwarlary kämil gurulman bilýär.

Kontrasepsiýa maşgalany meýilleşdirmegiň esasy gurallarynyň biri hasaplanýar. Kontrasepsiýanyň häzirki zaman usullaryny ulanmak maşgalanyň saglygyna we gündelik durmuşyna zeper ýetirmezden bagtly gelejek gurmaklaryna kömek edýär.

Mary welaýatynda reproduktiw saglyk lukmanynyň barlagyndan çykan Jeren üçünji çagalaryny almak üçin birnäçe ýyl garaşandyklaryny aýdýar. “Ýöne tabşyran barlaglarymyň netijesinde mende gan azlygyň bardygy anyklandy. Maşgalany meýilleşdirmezden ozal bejergi almak maslahat berildi” diýip, Jeren belleýär. Reproduktiw saglyk lukmany täsiri üç aý dowam edýän, göwreliligi birnäçe aý yza süýşürmegi meýilleşdirýän zenanlar üçin ýerlikli usul bolan “Sayana Press” kontrasepsiýa sanjymyny maslahat berdi. “Sagdyn bäbege garaşanyňa degýär” diýip, Jereniň ýoldaşy ýylgyrdy.

Pandemiýa döwründe Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy (UNFPA) Türkmenistanyň çägindäki 95 sany reproduktiw saglyk otaglaryndaky kontrasepsiýa goruny yzygiderli gözegçilikde saklamakda we onuň üstüni ýetirmekde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine goldaw berýär. UNFPA-nyň goldawy bilen 1997-nji ýylda açylan bu otaglar, Jeren ýaly, howp toparyndaky zenanlara döwlet goldawy bilen mugt kontrasepsiýadan peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.

UNFPA reproduktiw saglyk otaglaryny, olaryň hyzmatlaryndan peýdalanýan zenanlara gerekli bolan “Sayana Press” atly kontrasepsiýa sanjymynyň 8,000 sanysy bilen üpjün etdi.

Ýurduň Daşoguz welaýatynda reproduktiw saglyk boýunça hünärmen Dr. Zulfiýa Şaripowa “Sayana Press” kontrasepsiýa sanjymlarynyň şäher we obalardaky ähli reproduktiw saglyk otaglaryna ýaýradylandygyny aýdyp, eýýämden göwreliligini meýilleşdirmek isleýän zenanlaryň birnäçesiniň ýüz tutandygyny mälim etdi.

“Ýerlerdäki maşgala lukmanlarymyz howply topara degişli zenanlary bilýärler we olary mugt kontrasepsiýa üçin biziň saglyk otaglarymyza ugrukdyrýarlar” diýip, Dr. Şaripowa belläp geçdi.

Howply topardaky zenanlar bu sanjymlardan mugt peýdalanyp bilýärler. Bu topara ýokanç keseli, ganazlygy, süýji keseli, ýürek-damar ulgamynyň keseli we aşaky dem alyş ýollarynyň hroniki keselleri bolan zenanlar girýär. Sekizden köp çagasy bolan ýa-da girdejisi az maşgalalardan gelýän zenanlar we 15-19 ýaşly ýetginjek gyzlar hem iň häzirki zaman dört kontrasepsiýa usulynyň biri bolan sanjymlary mugt alyp bilýärler.

Türkmenistanyň dürli künjegindäki reproduktiw saglyk otaglarynda lukmanlar “Sayan Press” kontrasepsiýasyny özlerine ýüz tutan zenanlara maslahat berýärler. Täzelikde gyzy bolan 28 ýaşly Maral hem şeýle zenanlaryň biri. Ýatgy içi spiraly goýdurmak üçin saglyk otagyna ýüz tutan Marala lukman keserewo kesiminden soňra ýatgy içi spiraly ulanmazlygy maslahat berip, “Sayana Press” sanjymyny ýazyp berdi.

“Biz iki gyzymyz bilen bagtly durmuşymyz bar, şeýle hem seretmeli ýaşulylarymyz bolanlygy üçin indiki göwreliligi üç ýyl ýaly yza süýşürmek kararyna geldik” diýip, Maral kontrasepsiýa ulanmagynyň sebäbini aýdýar.

UNFPA-nyň Türkmenistan boýunça wekili Aýna Seýitliýewa Türkmenistandaky zenanlaryň ýarysyna golaýynyň häzirki zaman kontrasepsiýa usullaryny ulanýandyklaryny aýdýar. Türkmenistanly zenanlaryň 9.7 göteriminiň maşgalalaryny meýilleşdirmek isleseler hem ýeterlik düşünjesiniň, güýjüniň ýa-da maglumatynyň ýokdygyna ünsi çekýän Aýna Seýitliýewa “Bütindünýädäki pandemiýa deňsizlikleri has hem çuňlaşdyrmaga dowam edýär. UNFPA reproduktiw saglyk hyzmatlarynyň we harytlarynyň elýeter bolmagyny üpjün etmekde, şeýle hem kontrasepsiýa gorlarynyň azalmagynyň öňüni almakda hökümete goldaw bermäge taýýardyr. Zenanlaryň we gyzlaryň kämil reproduktiw saglyk hyzmatlaryna öz wagtynda elýeterliligini gazanmak örän wajypdyr” diýip belläp geçýär.

Kontrasepsiýanyň häzirki zaman usullarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmak islenilmeýän göwreliligiň öňüni alýar, çaga aýyrdýanlaryň sanyny azaldýar, göwrelilikde we çaga dogurmakda ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlar bilen bagly ölümleriň we ýarawsyzlyklaryň has seýrek bolmagyna getirýär.

Related Content