Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Men göwreli bolsam näme etmeli?

Men göwreli bolsam näme etmeli?

News

Men göwreli bolsam näme etmeli?

calendar_today 24 February 2022

Göwreligiňiz baradaky habar sizi hemişeki tertibiňizden çykaryp, sizde howsala döredip biler. Köşeşiň. Ilki bilen bu barada özuňiziň ynanyp biljek bir adamyňyz bilen gürleşiň – ene-ataňyz, dost-ýaryňyz, çagaňyzyň kakasy. Bilelikde ýagdaýy maslahatlaşyp, geljekdäki edilmeli hereketleriňizi anyklap bilersiňiz. 

Şeýle hem Ynanç Telefonyna (812) 22-93-89 jaň edip bilersiňiz. 

Yz ýany bilen lukmana ýüz tutmaly – bu iň möhüm punktlaryň biri. 

Göwreli bolan ýetginjekler lukmana ýüz tutmakdan gorkýarlar. Emma lukmana ýüz tutmak ejäniň we çaganyň howpsuzlygy üçin zerur. 

 

Siz lukmanyňyz bilen siziň göwreliligiňiz bilen bagly köp zady gürleşmeli, şol sanda hem:

  • göwreliligi togtatmak
  • çaga doglandan soň ony ogullyk bermek ýa-da onuň hossarlygyny başga birine geçirmek
  • çaganyň dogulmagy we onuň soňky kämilleşmegi

Iň gowy görnüşde, çaganyň kakasy, kakasynyň we ejesiniň maşgalasy iň gowy çözgüde gelmäge hökman gatnaşmaly. 

 

Lukmanyň otagynda

Siz göwreliligi togtatmazlyk netijä gelen bolsaňyz hökmany suratda ýygy-ýygydan lukmanyň barlagyna barmaly, bellenen günlerde aýda 1 gezek hökman barlagdan geçip durmaly. Bu gözegçilikler siziň we çaganyň saglygy üçin möhüm. 

Lukmanyň otagynda siziň agramyňyzy, gan basyşyňyzy ölçärler we özüňizi duýuşyňyz barada sorag bererler.

Üns beriň! Sizde ýüze çykan islendik gorkularyňyzy ýa-da soraglaryňyzy hökman bellap goýuň we lukmanyň otagynda olar barada soramagy unutmaň. Lukman bilen öz saglygyňyz, çaganyň saglygy, islendik emosional we maşgala meseleleri barada gürleşiň.

Düwünçegiň ösmegi bilen bir hatarda, lukman onuň ýatyşyny we ýürek urşyny hem barlap durar.

 

Haýsy halatlarda lukmana haýal etmän ýüz tutmaly?

Şu aşakdakylaryň islendigi ýüze çykan halatynda lukmana ýüz tutuň:

  • islendik waginal gan akmagy
  • güýçli ýa-da yzygiderli kelle agyrmagy
  • baş aýlanma ýa-da görejiň kütelmegi
  • garynda agyry döremegi
  • yzygiderli gaýtarmak
  • üşetmek ýa-da gyzmak
  • peşew bölünip çykanda güýçli agyry ýa-da awuşama ýüze çykmagy
  • ýatgydan islendik suwuklyk bölünip çykmagy
  • aýaklaryň çişmegi ýa-da agyrmagy

 

NETIJE

Özi we çagasy üçin dogry çözgüde gelmek üçin ýetginjek reproduktiw saglyk barada dogry maglumaty, kontrasepsiýa usullary, zorlukdan goranmagyň usullary we goldaw barada hökman bilmeli. 

We iň esasy: irki we islenilmedik göwreliligiň öňüni almagyň iň gowy usuly – jynsy gatnaşyk etmekden saklanmakdyr!

 

Related Content