Go Back Go Back
Go Back Go Back

Reproduktiw hukuklar öz bedeniň barada özbaşdak karar bermek we sagdyn çözgütleri kabul etmek - diýip Reproduktolog gürrüň berýär

Reproduktiw hukuklar öz bedeniň barada özbaşdak karar bermek we sagdyn çözgütleri kabul etmek - diýip Reproduktolog gürrüň berýär

News

Reproduktiw hukuklar öz bedeniň barada özbaşdak karar bermek we sagdyn çözgütleri kabul etmek - diýip Reproduktolog gürrüň berýär

calendar_today 15 February 2022

Lukman Maýa Ahmedowa Türkmenistanyň öňdebaryjy reproduktolog lukmany bolup, ol häzirki wagtda Zenanlaryň we gyzlaryň maşgaladaky ýagdaýy baradaky Ynanç Telefonynyň reproduktiw saglyk we hukuklary babatdaky hünärmeni bolup zähmet çekýär. Reproduktolog lukman şu makalamyzda reproduktiw hukuklarynyň manysyny düşündirýär we maşgalany meýilleşdirmegiň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berýär. 

 

S.    Reproduktiw hukuklar näme?

J.   Reproduktiw hukuklar - erkekleriň we zenanlaryň reproduktiw saglygyny goramak, çagalaryň dünýä inmegi bilen bagly erkin karar bermek, şeýle hem bu ugurdaky maglumatlary we maslahatlary goşmak arkaly sosial we lukmançylyk kömegi ýaly hukuklardyr. Olara şu aşakdakylar degişlidir:

 • Haçan we näçe çaganyň bolmalydygyny özbaşdak karar hukugy.

• Sagdyn çaga edinmek hukugy.

• Çagany ogullyga almak hukugy.

• Göwreliligiň öňüni alyş usullaryndan peýdalanmak hukugy.

• Howpsuz, nirede we nähili ýagdaýda dogurmagy karar bermek hukugy.

• Emeli tohumlanma hukugy.

• AIW-yň eneden çaga ýokuşmagynyň öňüni almak üçin hyzmatlardan peýdalanma hukugy.

• Antenatal idegden peýdalanmak hukugy (ýoldaşyňyz bilen ýa-da bolmazdan).

• Jynsy gatnaşyklara nädip we haçan gatnaşmalydygyny karar bermek hukugy.

• Islendik jynsy zorluga ýa-da ýanaşma garşy kanuny çäre görme hukugy.

• Jynsy saglyk meseleleri we hyzmatlary üçin bejergi alma hukugy.

• Reproduktiw saglygy (çaga dogurmak, ene süýdi bilen iýmitlendirmek, AIW-iň eneden çaga geçmeginiň öňüni almak) hakda takyk we obýektiw maglumatlara elýeterlilik hukugy.

• Jemgyýetçilik, ykdysady ýa-da syýasy ýagdaýyna garamazdan reproduktiw saglyk idegine deň ygtyýarlylyk hukugy.

• Maşgalany meýilleşdirmek barada maglumat alma we göwreliligiň öňüni alyş serişdelerini we görnüşlerini ulanma hukugy.

• Çagany isleýşiňiz ýaly iýmitlendirme (iýmitlendiriş usullary barada takyk maglumat arkaly) hukugy.

Bu çemeleşme, her bir adamyň durmuşynyň ähli ugurlarynda hukuklaryny goramak, ykrar etmek we durmuşa geçirmek diýmekdir.

 

S. Jübütler reproduktiw hukuklarynyň bardygyny bilip, olara doly düşünýändir diýip pikir edýärsiňizmi?

J.  Ilatyň reproduktiw saglygyny goramak iň möhüm döwlet wezipesidir, onuň durmuşa geçirilmegi ilkinji nobatda ilatyň bu meselä düşünmegine, sowatlylygyna we gyzyklanmagyna; her bir zenanyň we maşgalasynyň onuň hem-de geljekki çagalarynyň saglygyna, şeýle hem lukmançylyk kömeginiň hiline bolan garaýşyna baglydyr.

Beýleki köp ýurtlarda bolşy ýaly, ilatymyzyň reproduktiw hukuklary babatda düşünjesiniň has ýokary bolmagy üpjün edilýär, munuň üçin ençeme ýyl bäri köp zat durmuşa geçirilýär; zenanlar, erkekler we ýetginjeklere niýetlenen reproduktiw saglyk merkezleri hereket edýär.

Saglyk öýlerinde ilkinji lukmançylyk kömeginde, reproduktiw hünärmeninden we ginekologdan başga-da, maşgala lukmanlary reproduktiw hyzmatlary we hukuklary barada ilata habar bermäge işjeň kömek edýärler - bu raýatlara saglygy, saglygy gorap saklamagyň usullaryny öwrenmek, maşgalany meýilleşdirmek, göwreliligi meýilleşdirmek, göwrelilik we çaga dogumy döwründe ökde lukmançylyk kömegi, saglyk ýagdaýyna lukmançylyk gözegçiligi, keselleri anyklamagyň mümkinçiligini üpjün etmek barada ygtybarly maglumat, olary bejermek boýunça başarnykly maslahat almaga mümkinçilik berýär.

Berilýän hyzmatlaryň hiline ýetmek üçin zenanyň, erkegiň we ýetginjegiň gatnaşmagy örän möhümdir. Umuman alanyňda, adamyň saglygy, şol sanda onuň düzüm bölegi - reproduktiw saglygy we hukuklary barada alada etmek her bir adamyň we tutuş jemgyýetiň özüni alyp barşynyň kadasyna we medeniýetine öwrülmelidir.

 

 S.  Är-aýalyň haçan çagaly bolmalydygyny we näçe çagasy bolmalydygyny bilelikde ylalaşmagy we karar bermegi näme üçin beýle möhüm?

J.  Göwreliligi ýüze çykmazyndan ozal meýilleşdirmek, ähli töwekgelçilikleri we howplary ýok etmek üçin, sagdyn çaga dogurmak mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin durmuşyň psihologiki, lukmançylyk, ykdysady ýaly köp taraplary göz öňüne tutulan bolmalydyr. Zenan göwrelilik döwrüne doly pikirini jemläp, öz içindäki duýgularyna doly üns jemläp, çagany göwresinde göterip we dogrup biljek ähli ýagdaýlaryny göz öňüne tutmaly.

Göwreliligiň üstünlikli bolmagy üçin jübütleriň çagany islemegi we arzylamagy juda zerur faktordyr. Mundan başga-da, ene-atanyň ikisinde-de çaga edinmek islegi bolmaly. Maşgaladaky sagdyn bolmadyk psihologiki gurşawyň köpden bäri garaşylýan pursatyň döremeginiň öňüni alýandygy subut edildi.

Göwreliligi meýilleşdirmek, göwrelilik döwründen pes ähmiýete eýe däl; eger şübheler, gorkular, aladalar bar bolsa – olary hökman ara alyp maslahatlaşmaly. Geljekki eje oýlanşykly we we kämil kararlary bermeli, sebäbi rahatlygy we maşgala bagty zenanyň garaşýan zatlarynyň hakykata näderejede gabat gelýändigine baglydyr. Muny synamak üçin özüňize birnäçe soraga dürs jogap bermeli.

 

1. Ömrüniň häzirki döwründe çaga isleýärmi?

2. Daşky ýagdaýlar, meselem, ýoldaşyň, ene-atanyň ýa-da jemgyýetiň islegleri onuň şahsy isleglerine basyş edýärmi?

3. Çaganyň dünýä inmegi bilen çözjek bolýan gizlin meseleleri barmy?

4. Ömrüniň bu döwründe hakykatdanam çaga edinmek isleýän adamy bilen ýaşaýarmy?

5. Bu adamyň durmuşynyň bir bölegine öwrüljekdigine, ýoldaşynyň hem çagany isleýändigine düşünmeli. Ömrüniň ahyryna çenli bile bolmak isleýän adamda hakyktdanam çaga edinmek islegi görýärmi?

6. Ýoldaşynyň islegleri deň gelýärmi?

7. Çaga üçin durmuşynda orun barmy?

8. Olar çaga üçin ýaşaýan öýünde ýer bölüp bilýälermi, iş wagtyny çaga seretmek üçin sazlaşdyryp bilýälermi, çaganyň ýaşaýyş şertleriniň oňaýly bolmagy üçin olaryň güýji we maliýe ýagdaýy ýeterlikmi?

 

Elbetde, her bir ene-ata çagany terbiýelemek üçin zerur şertleri bolman biler. Doly maliýe durnuklylygy hiç haçan bolman biler, emma bu nesil dowam etdirmezlik üçin sebäp däl. Şeýle-de bolsa, bu ýagdaý ýüze çykan halatynda kynçylyklary nädip ýeňip geçirmelidigini meýilleşdirmek manyly bolar.

Çaga dünýä inenden soň ilkinji kynçylyklary nähili ýeňip geçjegini ejäniň düşünmegi zerur. Zenan durmuşynyň ähli taraplaryny pikirlense we netijeli oýlansa, onuň göwrelilik we dogrum döwri has öndürijilikli bolar, ol ähli garaşylmadyk ýagdaýlary ýeňip geçmäge ruhy taýdan hem taýýar bolar.

  

S. Jübüt çaga edinmäge taýyn. Indi näme? Näme üçin är-aýalyň bilelikde barlagdan geçirilmegi/bejergi almagy wajyp?

J.  Häzirki wagtda köp jübütler täze bir ynsanyň dünýä inmegi ýaly möhüm wakanyň ähmiýet bilen meýilleşdirilmelidigine düşünip başladylar. Döwrebap jemgyýetde aňly we jogapkärli terbiýe bermek tendensiýasy bar: çaga diňe bir islenilen bolmagy ýeterli däl, är-aýalyň ikisi-de onuň dogulmagyna ünsli taýýarlanýarlar.

Akuşerlikde deslapky taýýarlyk “pregrawidar” düşünjesi bar (bu göwrelilige taýýarlyk diýmekdir (lat. Gravida - "göwreli")) - bu zenany doly göwrelilige taýýarlamaga gönükdirilen anyklaýyş, öňüni alyş we bejeriş çäreleriniň toplumydyr. Geljekki ene-atalar munuň netijesinde çaganyň genetiki keselleriniň ýa-da dogabitdi näsazlyklarynyň döremek howpuny azaldyp biljekdigine düşünýärler. Göwreliligi meýilleşdirmek ýakyn geljekdäki üýtgeşmeler üçin zenanyň bedenini taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Sagdyn çaga arzuw edýän jübütleriň hemmesine göwrelilige taýýarlanmagy maslahat berilýär. Göwrelilik taýýarlygy azyndan üç aý öňünden başlaýar, eger zerur bolsa, alty aý ýa-da bir ýyl öňünden başlanylyp bilinýär. Bu dogulmadyk çaganyň saglygyna zyýan berip biljek meseleleriň köpüsinden gaça durmaga kömek edýär. Aýal-gyzlar akuşer-ginekolog we reproduktolog, zerur bolsa urolog-androlog we erkekler üçin beýleki hünärmenler tarapyndan taýýarlanýar.

 

Adatça taýýarlyk 3 tapgyrda amala aşýar.

 I Tapgyr - geljekki ene-atanyň saglyk ýagdaýyny anyklamak.

Göwrelilige päsgel berip biljek töwekgelçilik faktorlaryny ýüze çykarmak we azaltmak möhümdir (nesil yzarlaýan keseller, gormonal bozulmalar, zenanyň endokrin ulgamyndaky näsazlyklary). Barlag ýa-da diagnoz wagtynda haýsydyr bir keseliň barlygy ýüze çykarylsa, göwreliligiň meýilnamalaşdyryş tapgyryndan öň bejerilmelidir.

 

II Tapgyr - göwrelilige taýýarlyk.

Taýýarlyk, erbet endiklerden ýuwaş-ýuwaşdan ýüz öwürmegi, agramyň kadalaşmagyny (zerur bolsa), reproduktiw ulgamyny güýçlendirmek üçin käbir witaminleriň we minerallaryň hökmany kabul edilmegini öz içine alýar.

Bu tapgyrda sagdyn iýmitlenmegi we fiziki işjeňligi berjaý etmek möhümdir. Yzygiderli gezelenç we ýeňil maşklar erkekleriň we zenanlaryň çanaklyk organlarynda gan aýlanyşyny gowulandyrýar we reproduktiw ulgamynyň işleýşine peýdaly täsir edýär.

Dogry iýmitlenmek diňe bir zenan üçin däl, eýsem erkek üçinem wajypdyr, sebäbi spermanyň ýetişmegi ortaça üç aý dowam edýär. Olaryň köpelmegi üçin beden iýmit bilen gelýän "materialy" ulanýar. Dogry iýmit erkegiň sagdyn we çalt sperma öndürmegi üçin ýokary hilli "gurluşyk materialy" bilen üpjün edýär.

Oňaýly şertlerde, erkek adam spermatogeneziň bozulman dowam edýändigine göz ýetirmeli. Şonuň üçin geljekki kakalar üçin, erkek reproduktiw ulgamynyň kadaly işlemegi üçinwitaminleriň düzüminde folium turşusy bolmalydyr.Göwreli bolmagy meýilleşdirýän zenanlaryň başga wezipesi bar. Ýumurtgalanmanyň we tohumlanmanyň kadaly ýagdaýy, zerur bolan kemçilikleri aradan aýyrmak üçin niýetlenendir. Göwrelilige taýýarlyk döwründe witaminler we minerallar düwünçegiň ilkinji günlerinde we hepdelerinde aýratyn zerur bolan maddalary üpjün etmeli. Sebäbi hut şol başlangyç döwür düwünçegiň içinde esasy ulgamlar we içki organlar emele gelýär. Folium turşusynyň ýetmezçiligi bolsa, düwünçegiň ýüreginiň we beýnisiniň patologiýasynyň nerw turbasynyň näsazlyklary bolup biler.

 

III Tapgyr - göwreliligiň irki diagnostikasy.

Položitel görkezijili göwrelilik testini eliňize alan bolsaňyz, göwrelilige taýýarlyk üstünlikli hasaplanýar. Jemleýji tapgyr göwreliligiň irki tassyklamasy, skrining barlaglary, biohimiki diagnostika we UZD gözegçiligi.

Zenan täze durmuşyň düwünçeeginde dörändigini näçe ir bilse we çaga göwresinde galanyny bileninden soň näçe ir saglyk öýüne ýüz tutsa, hasaba dursa, şonça-da gowy bolar. Derňewler göwrelilik döwründe meseleleri we patologiýalary kesgitlemäge, zerur çäreleri wagtynda görmäge kömek eder.

Mundan başga-da, geljekde çaga dogurmaga we täze maşgala agzasynyň gelmegine öňünden taýýarlanmagyň manysy uly. Munuň üçin köp jübütlere çaga dogurmaga taýýarlyk kurslaryna bilelikde gatnaşmak maslahat berilýär.