Go Back Go Back
Go Back Go Back

UNFPA Türkmenistanda

UNFPA Türkmenistanda

UNFPA Türkmenistanda

IÝÖHK— Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça halkara Konferensiýasy 
 
Kairde 1994-nji ýylda geçirilen Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça halkara konferensiýasy (IÝÖHK) ilat ýagdaýynyň we ösüşiniň taryhynda möhüm tapgyr boldy. Maslahatyň barşynda dünýä ilat ýagdaýynyň diňe bir adamlary sanamak däl-de, her bir adamyň ähmiýetli bolmalydygy bilen ylalaşdy.

IÝÖHM-niň wekilleri zenanlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň we deňliginiň ählumumy ileri tutulýan ugurdygy babatda ylalaşyk gazandylar. Olar bu netijä diňe bir adamlaryň uniwersal hukuklary nukdaýnazaryndan däl, eýsem, garyplygy düýbünden ýok etmek we ilatyň ösüşini durnuklaşdyrmak babatda möhüm ädim hökmünde geldiler. Zenanyň reproduktiw saglyga we hukuklara elýeterlilik almagy onuň mümkinçilikleriň giňeldilmeginde çelgi daşy bolup durýar. BU şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ileri tutulýan ugurdyr.

Umuman alanyňda, 179 sany Hökümet IÝÖHK-niň Hereket meýilnamasyna gol çekdi. Ol şulary göz öňünde tutýar:

  • Maşgalany meýilleşdirmek, jynsy we reproduktiw saglyk hem-de hukuklar boýunça hyzmatlara ählumumy elýeterliligi üpjün etmek;
  • Gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini hem-de gyzlaryň bilime deň elýeterliligini üpjün etmek;
  • Urbanizasiýalaşmagyň we migrasiýanyň indiwidual, durmuş we ykdysady täsirlerine garamak;
  • Ilat sanynyň üýtgemegi bilen baglylykda durnukly ösüşi goldamak we ekologik meseleleri çözmek. 

 
2019-njy ýylda müňlerçe adam 1994-nji ýylda Kairde Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça Halkara maslahatynda beýan edilen Hereketleriň maksatnamasyna ygrarlylygyny, zenanlar we gyzlar üçin doly derejeli deňlik, jynsy we reproduktiw saglyk hem-de hemmeler üçin hukuk babatda ygrarlylygyny tassyklamak üçin Naýrobide geçirilen «IÝÖHK25: wadalary ýerine ýetirmekligi tizleşdirmek» Sammitine toplandylar. Dünýä oňat ösüşiň ýeterlik däldigini we Kairde hemmelere: gyzlara we zenanlara, oglanlara we erkeklere berlen wadalaryň ýerine ýetirilmegini tizleşdirmegimiziň gerekdigi baradaky ynam bilen Naýrobide jemlendi.

Sammitde Türkmenistan hem 1994-nji ýylda gazanylan ösüşi nygtap, şeýle hem maliýe we syýasy borçnamalary öz üstüne alyp, syýasy erkini güýçlendirdi.
IÝÖHK25 boýunça Naýrobi sammiti hakynda hasabaty okamak.

Durnukly ösüş maksatlary (DÖM)

25-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň 193 sany agza döwleti biragyzdan Durnukly ösüş maksatlaryny — geljek 15 ýylyň içinde dünýäni özgertmäge gönükdirilen 17 maksatdan ybarat toplumy kabul etdiler. Bu maksatlar garyplygy, kemsidilmeleri, ýowuz daramalary we öňüni alyp bolýan ölümçiligi ýok etmäge, daşky gurşawyň bozulmagynyň meselesini çözmäge we ähli adamlar üçin ähli ýerde ösüş eýýamyny açmaga gönükdirilendir. Durnukly ösüş maksatlary tutanýerlidir, bu maksatlar ýurtlar, kontinentler, pudaklar we ulgamlar tarapyndan ägirt uly tagallalary talap eder — emma bu maksatlar ýetip boljak maksatlardyr.

UNFPA bu maksatlaryň köp sanlysyna, hususan-da, 3-nji maksat Saglygy goraýyş boýunça, 4-nji maksat Bilim boýunça we 5-nji maksat Gender deňligi boýunça maksatlara ýetmek boýunça Hökümetler, hyzmatdaşlar we BMG-niň beýleki agentlikleri bilen iş alyp barýar we beýleki köp sanly maksatlara ýetmekde dürli-dürli goşandyny goşýar.
Goşmaça maglumat almak üçin UNFPA Durnukly ösüş maksatlary saýtyna girip görüň.
 

What we do

UNFPA works in more than 150 countries and territories that are home to the vast majority of the world’s people. Its mission: to ensure that every pregnancy is wanted, every childbirth is safe and every young person’s potential is fulfilled.

Read more
UNFPA in CO
Country Representative

Country Representative

Mr. Ronny Lindstrom

Mr Ronny Lindstrom has officially assumed his role as UNFPA Representative for Kazakhstan, and Country Director for Turkmenistan and Kyrgyzstan in March, 2022.
Read more