You are here

Türkmenistanda Gender Deňligi boýunça täze Milli Hereket Meýilnamasynyň ýedi strategiki ugurlary bar:

  • kanunçylygyny bu ugurda hasda kämilleşdirmek,
  • gender taýdan duýgur saglygy goraýyşy üpjün etmek,
  • bilime deň elýeterliligi üpjün etmek,
  • gender esasly zorlugyň öňüni almak we oňa garşy çäreleri görmek,
  • zenanlary we gyzlary ykdysady taýdan kuwwatlandyrmak,
  • zenanlaryň ähli ugurlarda gatnaşmagyny üpjün etmek, şol sanda syýasy we jemgyýetçilik derejelerde,
  • gender deňligini goldaýan mehanizmleri güýçlendirmek.

Täze meýilnama global pandemiýanyň zenanlara we gyzlara jemgyýetçilik-ykdysady täsirini göz öňünde tutýar we maýyplygy bolan ýaş gyzlary we zenanlary bilen bilelikde hiç kimiň yzda galmazlygy üçin çäreleri beýan edýär.