Go Back Go Back
Go Back Go Back

“Söýgi durmuşyň iň uly sowgady”

Share Icon

Events

“Söýgi durmuşyň iň uly sowgady”

calendar_today 01 October 2021

location_onGlobal

“Söýgi durmuşyň iň uly sowgady”
Turkmen Artist Mojek Charyev in his studio in Ashgabat. Photo: UNFPA Turkmenistan

Türkmen suratkeşi Möjek Çaryýew bilen söhbetdeşlik

 

1nji Oktýabrda - Ýaşulularyñ Halkara Gununde UNFPA ýaş esasyndaky diskriminasiýa garşy göreşmegiñ we gartaşan adamlar babatdaky stereotipleri ýok etmegiñ ýollaryny gozleýär.

Möjek Çaryýew, suratkeş-karikaturaçy we şahyr, dünýä boýunça 1-nji oktýabrda bellenilýän Ýaşulularyň Halkara gününe çenli birnäçe hepde içinde UNFPA-ny öz studiýasynda garşy aldy. Rowaýata öwrülen “Bowenjik”, “Garyplar we açgözler”, “Uçýan haly” multfilmleriň döredijisi, 76 ýaşly Mojek Çaryýew durmuşda ajaýyp degişgen häsiýetli we durmuş üçin yhlasly. Biz onuň bilen sagdyn garramaklyk we durmuşyndaky buýsançly pursatlar, onuň hyjuwy we ylhamy, şeýle hem ýaş nesle maslahatlary hakda gürleşdik.

 

Siz durmuşyňyzda gazanan iň buýsanýan we esasy üstünligiňiz haýsy?

Adatça adamlar öz durmuşynda bir wakany aýratynlandyrýarlar, emma mende hemme zatdan birneme bolup geçdi. Meniň durmuşym köp tarapy bilen ýalpyldaýan ýakut ýaly. Ýöne bütin biografiýamdan bellemeli zadym – hem ýaşlygymda, hem kämil ýaşymda– öz hünärimi dogry saýlamagym.

Çagalygymdan bäri hem sport bilen meşgullanýardym, hem goşgy düzmäni gowy görýärdim. Täze zatlary özleşdirmegi we oýlap tapmagy söýýärin. Filosofiýany gowy görýärin, köplenç filosof Omar Haýýamy ýa-da şahyr Wladimir Wysotskiniň goşgularyna jogap berýän satira žanrynda goşgulary düzýärin. Pikirlerim hemişe hereketde.

Karikaturist kärini saýlamagymyň sebäbi men karikaturalary, sazy, filosofiýany we düşbi bolmagy talap edýän işi halaýanlygymda.

Suratlara we multfilmlere höwesime garamazdan, özüme kän ynamym ýokdy. Şeýle-de bolsa, Moskwada (häzirki S.Gerasimowyň adyndaky Russiýanyň Döwlet Kinematografiýa Uniwersiteti) S.Gerasimowyň adyny göterýän meşhur Bileleşik Döwlet Kinematografiýa Uniwersitetine okuw üçin synanyşdym.

Netijeler görkezilende, müňlerçe dalaşgäriň adynyň arasynda öz adymy tapmanlygymda tas ýüregim durýardy. Nädogry sanawa seredýändigim belli boldy.

Meniň adym Bileleşik Kinematografiýa uniwersitetine - şol ýyl Animasiýa multfilm bölümine giren diňe ýedi dalaşgäriň gysga sanawynda bar eken.

Ol ýerde biz ähli ugurlardan okadyk – arhitektura, aýdym-saz, illustrasiýa (şekillendiriş), we başga dürli ugurlar. Men rowaýata öwrülen ady belli Sowet suratkeşleri, Ýuriý Iwanowiç Pimenow, Aleksandr Shukaýew, Fýodor Sawelýewiç Hitruk, Iwan Petrowiç Iwanow-Wano we beýleki hünärmenler bilen okadym we işledim.

1975-nji ýylda türkmen ertekisi esasynda el bilen çekilen ilkinji türkmen multfilmi bolan "Bowenjigi" döretdim, bu multfilm üçin köp baýraklara, şol sanda halkara festiwallardaky baýraklara eýe boldum.

Bu meniň durmuşymda iň esasy üstünlik hasaplaýaryn.

 

Häzirki ýaşlara näme maslahat berip bilersiňiz?

Sagdyn bedende sagdyn ruh bolýar. Her adam öz-özüni ösdürmeli, öz pikirlerini, akylyny we ugurtapyjylygyny kämilleşdirmegi we yzygiderli täze zatlary öwrenip durmaly. Dünýäde şeýle bir gyzykly zatlar köp! Men ýaş wagtym taryhy öwrenmegi hiç halamokdym. Ýöne netijede taryhdan gaty köp zatlary öwrenip bolýanyna düşündim, haýran galdym. Durmyşymyzda bize Alla tarapyndan berlen iň uly peşgeş – biziň ömrümiz. Ony söýmäge çalşyň. Durmuşy söýmek üçin we özüňi doly manyda bagtly duýmak üçin hökman sport bilen meşgullanyň!

 

Kämil döwrüňizde başarnyklaryňyzdan iň “beti” haýsy?

Men 5 gezekden iki-üç gezek basketbol topuny meýdançadaky garşydaş toparyň jerimelik aýlawyndan zyňyp basketbol sebede düşüp bilýärin. Hemme zadyň aňymyza baglydygyna düşünýärin. Ýagny aňymyza bir pikir guýsak – ýetip bolmajak zat ýok. Galybersede, meniň görejim häzir has peseldi.

 

Soňky ýyllarda eden iň batyrgaý işiňiz?

Bütin ömrümde ajaýyp bir batyrgaý işi, gahrymançylygy ýerine ýetirmek hakda arzuw etdim.

Biz Moskwadan Aşgabada otly bilen gelýärdik we Saratowda durup geçdik. Şol wagt otlynyň ýokarsyndan geçýän pyýada geçelgeden bir gyzjagaz ýörap barýarka köwşüni biziň wagonymyzyň üstüne gaçyrdy. Otly ýörap başlady, emma men wagonyň üstüne çykyp, ýaňky köwşi perrona taşlap ýetişdim.

 

Siz haçan we haýsy sebäpden özüňizi iň bagtly adam hökmünde duýupdyňyz? Häzir sizi bagtly edýän zat näme?

Öz arzuw eden Bileleşik Döwlet kinematografiýa uniwersitetime okuwa girmegim meniň durmuşymdaky iň bagtly pursat bolupdy.

We häzirki wagtda – meniň işim we sungat meni bagtly edýär we öňe iterýär. Meniň işim meni üýtgeşik bir hala getirýär, dolylygyna aňymy işletmegime iterýär. Sazda älemgoşaryň 7 reňki ýaly – 7 nota bar, suratkeşlik hem şoňa meňzeş ritmi, dinamikany, ünsi, hereketi we ruhuňy duýup bolýar. Çagalygymdan bir waka ýadyma düşýär, biziň meýdançamyzyň üstünden gara gargalar uçup barýardy, gögümtik reňk öwüsýän ganatly guşlar bolsa garyň üstünde ýormeleýärdiler, şeýle bir haýrana galdyryjy. Gara tozgalary howada gaýýardy. Ruhuma welin poeziýa “ýokuşdy”. Men oba ýerde, tebigata golaý ýerde dünýä inenime men bagtly.

Bize düşünseler – bagt. Meniň sungatyma düşünmekleri – bagt.

 

Durmuşyňyzyň häzirki basgançagynyň lezzeti siziň üçin nämede?

Söýgide. Biz söýginiň çagalary. Ol durmuşyň iň uly sowgady. Biz artykmajy bilen söýmeli, ýigrenji saklamaly däl. Men bu barada sagatlap çäksiz gürleşip biljek, ýöne onuň deregine goşgyda beýan edeýin:

Hiç kim baky ýaşamaýar,

Meniň wagtym gelende,

Men ýeke bir zada ökünerin

Ähli söýgümi sarp etmedigime.

 

(Asyl görnüşi:

Никто же вечно не живет.

Когда настанет мой черед

Лишь об одном жалеть я буду

Что не истратил всю любовь.)

 

Bu hemme zadyň we durmuşyň özenidir. Gynansakda, adamlar birkemsiz bolmaýar. Ýöne ýigrenç ýa-da düşünişmezlik däl-de, söýgi ýagdaýynda ýaşamak we döretmegi dowam etdirmek has gowudyr.