Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Özüňizi koronawirusdan goraň

Özüňizi koronawirusdan goraň

News

Özüňizi koronawirusdan goraň

calendar_today 21 February 2022

COVID‑19-yň degişli bolan koronawirus maşgalasy adamda adaty sowuklamadan başlap, ýagdaýyň has agyrlaşmasyna çenli eltip bilýän respirator ýokançlaryny döredip bilýär.

Biz COVID‑19 barada ýygy-ýygydan berilýän sowallara jogap bermäge synanyşdyk we bu ýokanç kesel bilen kesellemek howpuny  azaltmaga ýardam edip biljek käbir maslahatlary getirdik.

 

Ýokanç kesel nädip ýaýraýar?

COVID‑19 ýokanjy bilen kesellemäniň iň giň ýaýran ýoly — näsagyň üsgüreninde ýa-da asgyranynda burnundan ýa-da agzyndan bölünip çykýan ownujak damjalardyr. Bu damjalar adamy gurşap alýan predmetlere we tekizliklere geçýär. Beýleki adamlar  ilki bilen şol predmetlere ýa-da tekizliklere galtaşyp, soňra bolsa, gözlerini, burnuny ýa-da agzyny elläp, bu kesel bilen keselläp bilerler.

Mundan başga-da, kesel şol damjalardan dem almak arkaly hem geçip biler. Hut şonuň üçin hem BSGG näsag adamdan 1 metrden gowrak daşlykda durmagy maslahat berýär.

Hiç hili kesel alamatlary ýok bolan adamdan keseliň geçip bilmek howpy örän az bolsa-da, şeýle howp bardyr. Şunlukda, COVID‑19-yň alamatlary irki döwürde heniz ýüze çykmaýar ýa-da örän gowşak bolýar. 

Inkubasion döwür dürli bahalandyrmalara görä 1-den 14 güne çenli ýetýär. Keseliň organizmde ösmeginiň ortaça wagty – 5 gün.

 

Nähili alamatlary bar?

COVID‑19-yň has giňden ýaýran alamatlaryna şular degişli:

  • Bedeniň temperaturasynyň ýokary bolmagy
  • Tiz ýadamaklyk 
  • Gury üsgülewük

Dürli näsaglarda dürli agyrylar, burnuň dykylmagy, burun akmasy, faringit ýa-da diareýa bolup biler. Adatça, bu alamatlar soňlugy bilen ýüze çykýar we gowşak häsiýetli bolýar.

Kesellänleriň käbirinde hiç hili kesel alamatlary bolman ýa-da ol özüni ýaramaz duýman hem biler. Adamlaryň aglabasynda (80% töweregi) kesel sagalmak bilen tamamlanýar, şol bir wagtda ýöriteleşdirilen bejergi çäreleri hem zerur bolmaýar.

Garry adamlarda, şeýle hem bar bolan somatiki keselli adamlarda, mysal üçin, arterial gipertenziýa, ýürek keseli ýa-da süýji kesel bolan adamlarda bu ýokanjyň agyr geçmek howpy ýokarydyr. Bedeniň temperaturasynyň ýokary bolmagynda, üsgülewükde we dem almakdaky kynçylyk bolanda lukmançylyk kömegine ýüz tutmaly.

 

Nädip goranmaly?

Howsala düşmeli däl. Howsala we gopgun döretmek hemmelerde ýaramaz täsir döredýär.

Şahsy gorag çäreleri:

  • Elleriňizi yzygiderli düzüminde spirt saklaýan serişdeler bilen arassalamaly ýa-da görünýän hapalar bar bolsa, sabyn bilen ýuwmaly.
  • Asgyrýan ýa-da üsgürýän adamlardan bir metrden az bolmadyk aralykda durmaly.
  • Gözüňi, burnuňy we agzyňy ellemezlige çalyşmaly.
  • Üsgülewükde agzyňy ýa-da burnuňy tirsegiň bilen ýapmaly. Ulanylan süpürgiji hökman zyňmaly.
  • Özüňi erbet duýsaň, öýde galmaly. Temperatura ýokarlananda, üsgülewük dörände we dem almaklyk kynlaşanda mümkin boldugyndan tiz lukmançylyk kömegine ýüz tutmaly.

Möhüm! Eger-de siz ysgynsyzlyk duýsaňyz, hatda keseliň alamatlary gowşak bolsa-da, - kelle agyry, subfebril temperatura (37,3°C ýa-da ýokary) bolsa ýa-da uly bolmadyk burun akma bolsa-da, onda sagalýançaňyz öýde galyň. Eger-de siz kimdir birine size önümleri getirmegi we dükana baryp gaýtmagy haýyş eden bolsaňyz, onda ýanyňyza gelýänlere kesel geçirmezlik üçin maska geýiň.

 

Howsala düşmek gerekmi?

ÝOK!

Adatça, COVID‑19 koronawirus ýokanjy ýeňil görnüşde geçýär, aýratyn hem çagalarda we ýaşlarda şeýle. Muňa garamazdan, bu ýokanjyň agyr formasy hem bar — ol köplenç, garry adamlarda, şeýle hem somatiki keseli (mysal üçin, arterial gipertenziýa, ýürek, öýken keseli, rak ýa-da diabet) bolan adamlarda duşýar. Takmynan, bäş ýagdaýyň birinde kesellän adam hassahana salynýar. Şonuň üçin hem COVID‑19 ýokanjynyň ýaýrawy bilen bagly adamlaryň özleri we ýakynlary üçin aladalanmasy kadaly ýagdaýdyr.

 

Maňa antibiotik içmek gerekmi?

Islendik derman serişdeleriniň kabul edilmegi lukman gözegçiliginde saklanylmalydyr.

Ýöne antibiotikler wiruslara täsir etmeýär, olar diňe bakterial ýokançlar babatda işjeňdirler. COVID‑19 ýokanjy wirus gelip çykyşa eýe, şonuň üçin antibiotikler netijesizdir.

Häzirki wagtda haýsy hem bolsa bir derman serişdesiniň COVID‑19-dan doly gorap bilýändigi ýa-da ony bejerýändigi subut edilmedikdir.

ÝOKARY TEMPERATURADA, ÜSGÜLEWÜKDE WE DEM ALMANYŇ KYNLAŞMASYNDA ÖZ-ÖZÜŇI BEJERMEK BILEN MEŞGULLANJAK BOLMAŇ! LUKMANÇYLYK KÖMEGINE ÝÜZ TUTUŇ!

 

Maska kömek edýärmi?

Maska – derman däl. Siz diňe COVID‑19 ýokanjynyň alamatlaryny özüňizde duýanyňyzda ýa-da siz COVID‑19 bilen kesellän bolmagy mümkin bolan adama ideg edeniňizde maska dakyp bilersiňiz.

Bir gezeklik maskalary ikinji gezek ulanmaly däl

  • Eger-de sizde kesel alamatlary ýok bolsa ýa-da siz kesellän adama ideg etmeýän bolsaňyz, onda maskadan peýdalanmak paýhassyz bolar.
  • Maskadan nädip dogry peýdalanmaly:
  • Maskadan diňe lukmanlar, ýokary temperatura we üsgülewük ýaly respirator kesel alamatlary bolan adamlar ulanyp biler.
  • Maskany eliňize almazdan öň, eliňizi düzüminde spirt saklaýan serişde bilen arassalamaly ýa-da sabyn bilen ýuwmaly.
  • Zeper ýetmedikdigini anyklamak üçin maskany synlaşdyryň.
  • Maskada metal oturtma bolýar, şol oturtma ýokarda bolar ýaly edip alyň.
  • Maskanyň daş tarapyna öňe edip goýuň (ýagty reňklenen tarapy).
  • Maskany ýüzüňize geýiň. Metal oturtmany ýa-da gysyjy zažimi burnuňyzyň görnüşine görä edip.
  • Burnuňyzy we eňegiňiziň aşagyny ýapar ýaly, maskanyň aşak ujundan çekiň.
  • Ulanyp bolanyňyzdan soň, maskany gulagyň arkasynda durýan baglaryndan çykaryň we ony ýüzüňize we eşigiňize degmeginden  saklaň. Çünki ulanylan maska mikroroganizmler bilen keselli bolup biler.
  • Ulanyp bolan badyňyza maskany ýapylýan gaba taşlaň.
  • Maska galtaşanyňyzdan soň ýa-da zyňanyňyzdan soň elleriňizi arassalamak işlerini geçiriň: düzüminde spirt saklaýan serişdeden, görnüp duran hapada bolsa sabyn bilen ýuwmaly.

 

Elleriňizi nädip ýuwmaly?

Şahsy saglygyňy we töweregiňdäkileriň saglygyny COVID‑19 keselinden goramagyň has netijeli çäreleriniň hatarynda elleriňizi ýygy-ýygydan ýuwmak bar.

  • Elleriňizi spirt düzümli antiseptikler bilen arassalaň. Bu serişde elleriňde görnüp duran hapa bolmasa, gündelik antiseptik arassalanmasy üçin ýerlikli serişdedir. Bu serişde elleriňiz sabyn bilen ýuwanyňdan has tiz we netijeli täsir edýär.
  • Elleriňiz aşa hapa bolsa ýa-da gan, beýleki biologik suwuklyklar bilen hapalanan, ýa-da hajatnana gireniňizden soň elleriňizi sabyn we suw bilen ýuwuň.

 

GEÇIŞ

Elleriňizi ýygy-ýygydan ýuwmaklyk, asgyrmada we üsgürmede agzyňyzy elýaglyk ýa-da tirsegiň bilen ýapmaklyk, asgyrýan ýa-da üsgürýän adamlardan 1 metrden az bolmadyk aralykda durmaklyk — özüňi ýokanç kesellerden goramagyň iň netijeli usulydyr.