Go Back Go Back
Go Back Go Back

Öz duýgularyňdan has habarly bolmagyň 5 usuly

Öz duýgularyňdan has habarly bolmagyň 5 usuly

News

Öz duýgularyňdan has habarly bolmagyň 5 usuly

calendar_today 26 August 2021

Ösüp kemala gelmek bilen biz nähili duýgymyzyň bardygyny we näme sebäpden özümizi şeýle duýýandygymyzy saýgaryp bilmek ukybymyzy hem barha kämilleşdirýäris. Bu ukyp emosional habarlylyk ýa-da duýgylaryň barasynda habarly bolmak diýlip atlandyrylýar. Emosiýalarymyzy bilmek başga adamlar bilen gatnaşygymyzda, näme isleýändigimizi bilmekde we karar almakda bize ýardam berip biler. Hatda biziň «negatiw» hasaplaýan (gahar-gazap ýa-da gam-gussa ýaly) duýgularymyz bize özümiziň we beýlekileriň içki dünýäleri barada düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Emosional habarlylyk adamlaryň birnäçesine beýlekilere garanda aňsadrak bolýar. Ýöne munuň, aslynda, her bir adamyň ulanyp biläýjek ukyby bolup durýandygynyň özi bir aýratyn ähmiýete eýedir. Ynha, şu ýerde öz duýgularyňyz (emosiýalaryňyz) bilen ysnyşykly baglanyşykda bolmagyň birnäçe usullarynyň üstünde durlup geçilýär:

 

Öz duýgularyňyza üns beriň we näme duýanyňyzy aýdyň.

Özüňizde döreýän duýgularyňyza olary duýşuňyz ýaly yzygiderlilikde üns bermekden başlaň. Özüňiz üçin olaryň nähili duýgulardygyny anyk aýdyň. Mysal üçin, synpyň öňünde eden çykyşyňyz gowy bolanda siz: "Men buýsanýaryn" diýip bilersiňiz we geçirilen barlag işini erbet ýazan bolsaňyz, onda siz öz-özüňize "waheý, gynanaýdym-da”, ýa bolmasa günortanlyk nahar wagtynda öz toparyňyz bilen naharyň başynda otyrkaňyz "Men begenýärin" diýip bilersiňiz.

 

Haýsy-da bolsa bir emosiýany (duýgyny) yzarlaň

Mysal üçin, begenç ýaly tanyş emosiýalary (duýgulary) saýlap alyň we ony günüň dowamynda yzarlap görüň. Bu duýgynyň sizde günüň dowamynda ýygy-ýygydan peýda bolýandygyna ýa bolmaýandygyna dykgat ediň. Siz hatda şu duýgy her gezek ýüze çykanda muny ýatda saklaň ýa-da ýörite bir depderçede bellik ediň. Şu duýgy peýda bolanda siz nirededigiňize, kim bilendigiňize we ol dörän pursatynda näme bilen meşgullanyp oturandygyňyza üns beriň. Onsoňam, şol duýgynyň çalajamy, aramrakmy ýa-da güýçli bolandygyna, umuman aýdylanda, bu duýgynyň güýjiniň günüň dürli wagtlarynda dürli güýje eýe bolýandygyna ýa bolmaýandygyna hem dykgat ediň.

 

Özüňiz üçin emosional (duýgular) sözlügini dörediň

Emosiýalaryň näçerägini atlandyryp bilersiňiz? Elipbiýi ýada salyp, her harpy üçin bir emosiýanyň (duýgynyň) adyny tutup geçseňiz gowy bolardy.

 

Güýçlilik taýdan dürli derejede bolmak bilen tapawutlanýan özara baglanyşykly emosiýalar barasynda oýlanyň

Mysal üçin, siz jany ýanyp oturan, nägile, gaharly, hyrsyz, gazaply, ýa-da gaharyňyza bäs gelmän, özüňizi ýitirip barýan bolup bilersiňiz. Şular ýaly many taýdan ugurdaş bolan “maşgala duýgularynyň” näçerägi barada aýdyp bilersiňiz.

 

Duýgular depderçesini ýörediň

Her gün özüňizi nähili duýýanlygyňyz we bu duýgynyň döremegine nämäniň sebäp bolandygy barada oýlanyp ýazar ýaly biraz wagt aýryp goýuň. Öz tejribäňiz we duýgularyňyz barada ýörite depderçe ýöretmek bilen siz öz emosional habarlylygyňyzy häs kämilleşdirip bilersiňiz. Şeýle hem siz emosiýalaryňyzy (duýgularyňyzy) döredijilikli beýan edip bilersiňiz. Öz başyňyzdan geçýän anyk duýgulary öz içine alýan sungat eserlerini dörediň, goşgy ýazyň ýa-da saz düzüň.

 

Baglaşma

Elbetde, özüňizi synap görere zat köp. Mysal üçin, goşgy ýa-da saz diňläp otyrkaňyz siz şahyryň we sazandanyň beýan etmekçi bolýan duýgularyny ýüze çykarmaga synanyşyň. Soňra bolsa, şol eşiden goşgyňyza ýa-da sazyňyza reaksiýa hökmünde özüňizde nähili duýgularyň peýda bolandygyny anyklajak boluň. Öz duýgularyňyz barada näçe köp bilseňiz, şonça-da olar size öz-özüňize akyl ýetirmäge we töweregiňizdäki adamlara düşünmäge ýardam eder.