Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Ýetginjegiň kitaby: düwürtik barada toslamalar

Ýetginjegiň kitaby: düwürtik barada toslamalar

News

Ýetginjegiň kitaby: düwürtik barada toslamalar

calendar_today 12 October 2021

Dünýä myş-myşlardyr rowaýatlardan doly. Olaryň aglabasy bolsa, uly ýaşa gadam basyp, täze we öň düşündirilmedik hadysalara sezewar bolýan ýetginjeklerde duş gelýär. Olaryň içinde iň köp ýaýrany bolsa – aknedir (düwürtiklerdir).

 

1-nji toslama: Düwürtikler diňe ýetginjeklerde bolýar

Ýok, düwürtikler diňe ýetginjeklerde duş gelmeýär. Jahyl çykmak döwründe gormonal bökdençliklerden başga-da, düwürtikleriň döremeginiň sebäbi hökmünde arassaçylygyň bolmazlygy, keselçilik, nesil yzarlamak, nädogry iýmitlenmek, hatda mör-möjekler bolup biler. Bu ýagdaýlar, bilşiňiz ýaly, diňe ýetginjeklerde duş gelmek bilen çäklenmeýär. Düwürtikler — hemişe kesel ýa-da akne däldir. Ýöne olara hemişe üns berip, bejergisini dogry almalydyr. Ýerlikli bejergi almak üçin dermatolog ýa-da kosmetolog lukmanynyň maslahaty gerek, çünki deriňe daş tarapyndan dogry ideg etmek üçin zerur şerişdeler, içilýän serişdeler we kosmetologik düzgünler üstünligiň girewidir.

 

2-nji toslama: Düwürtikler diňe hapysa adamlarda bolýar.

Gündelik ýuwunmak — möhüm hem zerur zatdyr. Ýöne eger-de düwürtikler diňe deriň kirli bolandygy üçin döreýän bolsady, onda bu meseläniň çözüwi ýönekeý bolardy. Ýuwunmak — düwürtik keselini bejermekde örän möhüm ýagdaýdyr. Haçan-da ilkinji çişler peýda bolup başlanda, ilkinji nobatda arassalanmagyň dogry usulyny anyklamak üçin dermatologa, kosmetologa ýüz tutmaly. Eger-de lukmanyň maslahatlary bilen deriňizi aýawly saklaýan serişdeler bilen arassalasaňyz, çukurjyklaryň içindäkiler ýok edilýär, deri ýagy has suwuk hala gelýär, deriniň ýüzüne ýeňillik bilen akyp çykýar. Bu bolsa gara nokatlaryň, düwürtikleriň ýüze çykmagynyň öňüne geçýär. Sabyn bu ýerde ýerine düşmez. Edil, spirt hem şolar ýaly. Olar derini guradýar, ýag mäzleri bolsa ony çyglandyrmak üçin has köp mukdarda ýag bölüp çykarýar. Şonuň üçin hem derini düzüminde ýag saklaýan serişdeler bilen arassalamak has netijeli bolar. Çünki ýag ýagy uçurýar. Soňundan bolsa, mazaly edip ýüzüňi suw bilen ýuwmaly. Düzüminde spirt saklaýan lasýonlary çiş ýeri guratmak üçin şol nokadyň özüne degirmeli.

 

3-nji toslama: Düwürtikleriň agaryp duran uçlaryny gyssaň bolýar.

Ynha-da, ol. Agaryp deriden zommalyp dur we sizi elhenç gyjyndyrýar. Göwnüňe bolmasa, ony gysaýmak ýeterlik. Şeýtseň, ýigrenji düwürtikden yz galmajak ýaly. Ýöne muňa özüňi aldyrmaly däl. Birinjiden, yz hökman galar, ol ganjaryp durar. Onuň üstüni hiç hili tonal kremi bilen örtüp bolmaz. Iň esasy hem, deridäki ýaranyň üsti bilen gana infeksiýa geçip biler. Şeýle hem düwürtik doly gysylman biler ýa-da deri bitenden soň, onuň ýerinde çapyk galar. Düwürtikleri diňe zerur bolan başarnyklara we gurallara eýe bolan kosmetolog aýryp bilýär.

 

4-nji toslama: Düwürtik gysylandan soňra, onuň ýerini «ýakmaly»

Gaýtalap aýdýarys, düwürtigi özbaşdak gysmaly däl. Olary kosmetolog ýok etmeli. Ol düwürtigi dogry açyp, derä şikes ýetirmezden we gyzardyp, çişirmezden onuň içini arassalap biler. Soňundan bolsa şol ýeri ýörite ergin bilen arassalar. Bu ergin düzüminde spirt saklaman, antibiotikli serişde bolar. Eger-de düwürtigi nädogry aýyrsaň, onda ol gaýtadan çişer, gijär, uzak wagtlap biter we soňundan tegmil ýa-da çapyk goýar.

 

5-nji toslama: Süýji zat iýmeseň – düwürtik çykmaz!

Aslynda dogry iýmitlenmek deriniň sagdynlygyna oňat täsir edýär. Dogry iýmitlenmek süýji ýa-da ýagly zady iýmegi gadagan etmeýär-de, oňa BELLENILEN MÖÇBERLERDE rugsat edýär. Süýji zat iýmek bilen düwürtikleriň çykmagynyň arasynda göni baglanyşyk ýok. Eger-de adam sagdyn bolsa, holesistit, pankreatit ýok bolsa, onda süýji we ýagly zatlar düwürtigiň çykmagyna sebäp bolmaýar. Eger-de keseliň bolmasa, ýagly nahardan ýüz döndermek düwürtiklerden halas etmez. Öz saglygyňy umumy gözegçilikde saklamaly, deri çiş meselesine toplumlaýyn çemeleşmeli we saçagyň başynda aşgazanyňa aşa köp agram salmaly däl.

 

6-nji toslama: Bir gezek bejerdiňmi — düwürtikler gaýdyp çykmaz

Düwürtikleriň döremeginiň köp sanly sebäpleri bar. Eger-de 15 ýaşda gormonal deňagramsyzlyk zerarly akneni bejerseň, 30 ýaşda demodekozlar üçin olar gaýtadan çykmaz diýen zat ýok. Şonuň üçin hem deriňe ideg etmek boýunça umumy maslahatlary bütin ömrüňe berjaý etmeli, umumy saglygyňa gözegçilik etmeli we yzygiderli ýagdaýda kosmetologa, iň bolmanda, maslahat üçin baryp durmaly. Galyberse-de, düwürtikler doly aýrylandan soň, olaryň goýan yzlaryny — gara nokatlary we çapyklary hem aradan aýyrmaly.

 

7-nji toslama: Tonal kremi düwürtikleriň ýüze çykmagyna getirýär

Islendik kosmetika serişdesi şol ugurdan ökde hünärmen tarapyndan siziň deriňiziň görnüşini we siziň garaşýan netijäňizi nazara alyp, saýlanylmalydyr. Aslynda, ökde hünärmenlere ynanylsa we öz deriň gözellik bloggeriniň derisi bilen birmeňzeşdir öýdüp, umyt edilmese, ýaşaýyş ýeňilleşer. Eger-de boşluklary hapalamaýan we gömmeýän komedogen däl serişdeler saýlanylsa, onda deri bilen bagly mesele ýüze çykmaly däl. Ýöne komedogen däl serişdeleriň haýsy birini saýlamalydygyny welin kosmetolog aýdar. Kä ýagdaýlarda ol krem däl-de, owranýan ýa-da mineral pudradan peýdalanmagy maslahat berer.

 

NETIJE

Düwürtikler hakynda maglumatlaryň agdyklyk etmegi sizi tapdan düşürip biler. Internet täze uniwersal serişdelerden doly, garry mamalar bolsa çopantelpek gaýnatmagy teklip eder. Ýöne iň gowusy bir gezek hatyrjem bolup, kosmetologa gitmeli. Ol hut Size laýyk geljek zady aýdar, soňundan gözel hem sagdyn teniňize syn edip bilmegiňiz üçin ondan nädip dogry peýdalanmalydygyny görkezer. Makalanyň üstüni ýetirer ýaly zadyň barmy? Biziň poçtamyza ýaz: info@unfpa.org.tm