You are here

Eger ýetginjegiň ene-atasy bolsaňyz, bu size aňsat däl. Ýaňy-ýakynda kiçijik we hemme zatda size doly bagly bolan adam birden uly, garaşsyz bolup, size mätäçligi düýbünden bes eden ýaly.

Emma siz entegem onuň hakynda alada edýärsiňiz. Indi bolsa "kyn söhbetdeşlik" diýilýän zady ýerine ýetirmek kararyna geldiňiz - saglyk, howpsuzlyk we serhetler barada.

Ony nädip bulaşdyryp bolar? Makalamyzda okaň.

Möhüm! Makalada ilki nädogry hereketler ýazylyp, soňra dogry alyp barmagyň mümkinçilikleri aýdyldy.

Möhüm! "Kyn söhbetdeşlik" diňe ene-atalar bilen çagalaryň arasynda bolmaýar. Islendik jyns, ýaş, din, jemgyýetçilik ýagdaýy we dünýägaraýyşly adamlaryň arasynda bolup biler. Dostuňyz bilen kyn temany ara alyp maslahatlaşmak isleseňiz, bu makala hem size peýdaly bolar.

 

Ýalňyşlyk 1: “Söhbetdeşligi kynlaşdyrmaň”

Pikir etdiňiz, ýetginjek çaganyňa seredip, ýene pikir etdiňiz. Asla "kyn söhbetdeşlik" etmezlik kararyna geldiler.

Nerwler nämä gerek? Goh nämä gerek? Alada nämä gerek?

Eger netije bermese? Soňu çekeleşik bilen gutarsa? Çaga muňa garamazdan tersine hereket etse? Aý, bolýar ... Belki, özi düşüner. Belki başga biri oňa hemme zady aýdar. Men däl.

Möhüm! Bu esasy ýalňyşlyk - asla "kyn söhbetdeşlige" başlamazlyk. Eger siziň bilen çaganyň arasynda ynamdar gatnaşyk ýok bolsa, söhbetdeşlikde köp kynçylyklar bolup biler: çaga aragatnaşyk gurmak islemän biler, diňe sizi resmi taýdan diňläp biler ýa-da eýýäm hemme zady öz tejribesinden başdan geçiren maglumatlar bilen sizi doly basyp biler..

Hawa, bu gorkuzýar. Ýöne özüňizi çaganyň ýerine goýup görüň. Belki, oňa görä siz biperwaý garaýansyňyz? Onuň bilen aragatnaşyk gurmak islemeýänsiňiz? Ony ýeterlik uly görmeýärsiňizdir?

Ýetginjekler bu soraglar bilen meşgullanýarlar. Olar bu durmuşda direg hökmünde henizem ene-atalara mätäç (we hemişe olara mätäç).

Alada edýändigiňizi görkeziň. Ýetginjek bilen durmuşy hakda gürleşiň. Onuň üçin möhüm zady soraň. Näme barada aladalanýandygyny biliň. Belki, çagaňyzy düýbünden başga tarapdan tanarsyňyz. Ýa-da (bu hem ajaýyp) onuň bilen şol bir ugurda pikirlenýändigiňize göz ýetirersiňiz.

 

Ýalňyşlyk 2: "kyn söhbetdeşlige" taýynlyk görmezlik

Gowy, ahyrsoňy "kyn söhbetdeşlik" kararyna geldiňiz. Çagaňyzy aşhana çagyryň we neşe serişdeleriniň, giç gezelençleriň we nätanyş adamlar bilen hat alyşmagyň howplary barada gürleşip başlarsyňyz. Bu hakda siz näçeräk bilýärsiňiz? Bilimiňiz näderejede möhüm we dogry?

Möhüm! "Kyn söhbetdeşlige" öňünden taýýarlyk görmeli.

• Söhbetdeşlik üçin BIR mowzuk saýlaň

• Onuň ähli taraplaryny öwreniň (statistika, mümkin meseleler we olaryň çözgütleri)

• Siziň ýagdaýyňyzda haýsy nokatlary aýratyn bellemelidigini we haýsysynyň agzalmalydygyny saýlaň

• (Mümkin) aýnanyň öňünde tejribe ediň (käbirlerine derrew söhbetdeşlige başlamak we oňaýsyzlykdan gaçmak kyn düşýär. Gepleşigi öňünden gaýtalamak peýdaly bolar)

• Dogry pursaty saýlaň (dartgynlyk ýok wagty, çaga meşgul däl we siz bilen gürleşip, işinden daşlaşmaga taýyn, uzak we jikme-jik söhbetdeşlik üçin wagty bar). Ýeri gelende aýtsak, ajaýyp pursady gözlemäň, ýogsam "kyn söhbetdeşlik" bolmaz.

• Köşeşiň

Çagalar siziň "bilýändigiňizi" duýarlar. Bu bolsa, ene-atanyň nüanslary bilýändigine we meseläni öwrenýändigine ynam döreder. Diňe "ýok" we "sebäbi meniň pikirimçe" ýaly sözlere bil baglamaz.

 

Ýalňyşlyk 3: "kyn söhbetdeşlik" islän wagtyňyz amala aşyrylyp bilner

"Men seniň bilen çynlakaý gürleşmek isleýärin!" Bu sözler elmydama streslidir. Hiç zat etmedik wagtyňyzam. Ýöne nädogry wagtda diýlende hasam dartyşy güýçlendirýär. 

Şonuň üçin "kyn söhbetdeşlikden" öň çaga aýtmaly. Mysal üçin, mekdepden/okuwdan ýadasa, öý işini edýän ýa-da höwes bilen SMS ýazýan bolsa/kompýuter oýnaýan bolsa. Umuman aýdanyňda, çaga bir zat bilen meşgul bolanda we bu iş onuň ähli ünsüni özüne çekýär.

Möhüm! Çylşyrymly gepleşikler iki tarapdanam asudalygy we sabyrlylygy talap edýär. Taraplaryň biri, onuň pikirine görä möhüm bir zatdan daşlaşdyrylanda sözüň doly manysynda nähili rahatlyk we sabyr hakda gürleşip bileris? Ikinji tarap üçin bu iş düýbünden boş ýaly görünse-de. 

Çaga, siziň pikiriňizçe, ownuk-uşak zatlar bilen meşgul bolsa-da, ondan soramak has gowudyr: “Işiň barmy? Wagtyň bolsa, seniň bilen gürleşmek isleýärin”

Çagaňyz bilen düýbünden adaty, gapma-garşy däl gatnaşyklaryňyz bar bolsa, ol, ähtimal, söhbetdeşlikden ýüz öwürmez. Belki, soňundan erkin boljakdygyny we size wagt sarp edip biljekdigini aýdar. Oňa aýdyň: “Bolýançaň garaşaryn. Emma bu meniň üçin gaty möhümdir. Ýatdan çykarmazlygyňy haýyş edýärin" Çaga, basyş görkezmeýändigiňizi, onuň edip oturan güýmenjesine hormat goýýandyňyzy sözleriňiz bilen görkeziň. 

 

Ýalňyşlyk 4: “kyn söhbetdeşlik” ähli problemalary çözüp bilmez

"Kyn söhbetdeşlik" kararyna geldiňiz. Siz muňa taýyn bolduňyz. Dogry pursady saýladyňyz. Ine, mesele çözüldi: çaga habar berilýdi, ähli kynçylyklardan halas bolduňyz, ene-atalyk borçlaryňyzy 5+ ýerine ýetirildiňiz.

Möhüm! Söhbetdişlige ýokary derejede bil baglamak meselelidir. "Kyn söhbetdeşlik" ilkinji synanyşykda täsirli bolup biler. Çaga siziň sebäpleriňiz bilen aňsatlyk bilen razy bolup biler we maslahatyňyza eýeriň.

Ýöne, esasanam ene-atasy bilen gatnaşygy dartgynly we özara ynamly bolmaza, eýermezligi hem mümkin. Munuň üçin hem taýyn bolmaly. Ýogsam, söhbetdeşlik "kyn" bolmazdy.

Çagaňyz üçin diňe gowulyk isleýän bolsaňyzam, ol size boýun bolmaga borçly däldir. Ol ýetginjek. Ulalýar we karar bermäge we pikirini ýaşamaga synanyşýar.

Şonuň üçin söhbetdeşlik diňe bir maglumat alyşmak hökmünde däl. Gepleşigiň başlangyjy möhümdir, sebäbi çaganyň özüne alada edýändigiňizi, durmuşynyň, saglygynyň we howpsuzlygynyň siziň üçin örän gymmatlydygyny, kömek etmäge we goldaw bermäge taýýardygyňyzy düşündirjek bolýarsyňyz.

Hut şu düşünjäni bermek möhümdir. Eger netije berse, çaga başga bir söhbetdeşlige razy bolar. Belki-de, eýýäm maglumat beriji we täsirli bolup çykar we beýle kyn bolmaz.

 

Ýalňyşlyk 5: çürt-kesik bolmak

Bir ýetginjek bilen “kyn söhbetdeşlikde”: “Sebäbi men şeýle diýdim!”, “Men uly, şonuň üçin has köp zady bilýärin!”, “Meňki dogry!” we "Saňa aýdypdym!" ýaly beýanlary ulanmak erbet pikirdir. Bu, elbetde, ony siziň bilen käbir temalary ara alyp maslahatlaşmakdan saklar. Sebäbi siz, dünýäde diňe iki pikir bar diýip pikir edýärsiňiz: siziňki we nädogry pikir.

Möhüm! Çürt-kesiklik, öz diýenlilik we düşünişmäge mümkinçilik goýmazlyk adamlar bilen iş salyşmakda diňe zyýan berip biljek häsiýetlerdir. Uly adam söhbetdeşligiň diňe bir görnüşini we netijesini dogry hasaplasa, bu söhbetdeşlik hiç hili gowy zat getirmez. Sebäbi basyşa jogap hökmünde ýetginjek garşy durar - bu adaty öz-özüni goramak reaksiýasydyr.

Gepleşip, adamlar umumy pikire gelýärler. UMUMY, ýagny söhbetdeşligiň iki tarapyny hem kanagatlandyrýar. Siz gürleşýärsiňiz, pikirleriňizi, ideýalaryňyzy, düşünjeleriňizi alyşýarsyňyz. Hemmeler üçin makul boljak netijä gelýärsiňiz.

Hawa, eglişik etmeli bolmagyňyz mümkin. Ýöne ýetginjek hem ony diňlemäge taýýardygyňyza düşünse, öz pikirini mümkin boldugyça size ýetirmäge synanyşar. Ynam şeýle döreýär.

 

Ýalňyşlyk 6: sabyrlylygy ýitirmek

"Kyn söhbetdeşlik" çykgynsyz ýagdaýa ýetdimi? Ýetginjek seni diňlemeýärmi? Gyjanyp başladymy? Gowy, gykylyk bilen partlamagyň wagty geldi!

Möhüm! Hawa, “kyn söhbetdeşlik” dartgynly we stresli bolup biler. Siziň pikiriňizçe näme üçin "kyn" diýilýär? Şeýle-de bolsa, sabyrlylygy ýitirmek we öz-özüne erk etmek iň soňky zat.

Gygyryp, ýetginjege bu ýerde kimiň jogapkärdigini, öz güýjüňi görkezmäge we güýjüňi subut etmäge synanyşýarsyň. Netijede, “kyn söhbetdeşlik” açyk konflikte öwrülýär. Aslynda çaga kömek etmek, oňa habar bermek, ýalňyşlyklardan halas etmek isländigiňizi hiç kim ýada salmaýar….

Sabyrlylygy we ýumşaklygy ýitirip başlan bolsaňyz, dem alyň we beýleki adama bu hakda aýdyň. Şeýle diýmek: “Indi özüme erk edip bilmän, seni gynandyrmakdan gorkýaryn. Maňa azajyk wagt ber, bu mowzuga gaýdyp geleris” adaty däl ýaly görünse-de. Ýöne şeýdip, çagaňyzyň we siziň araňyzdaky köprüni döwmekden saklanyp bilersiňiz.

Her kim özüni ýitirip biler. Şonuň üçin “kyn söhbetdeşlik” üçin amatly wagt tapmak we oňa taýýarlyk görmek möhümdir. Şonda özüňi ýitirmek has kynlaşar.

Ýöne ähli taýýarlyk bilenem özüňiziň bozulýandygyňyza düşünýän bolsaňyzam, ýadyňyzdan çykarmaň: siz uly. Uly adam, hatda uly ýaşly çaga bilenem gürleşiň. Özüňizi saklap bilersiňiz. Gepleşigiňizi duruzyp bilersiňiz. Şeýlelik bilen özüňizi ýitirmersiňiz, sebäbi "kyn söhbetdeşlik" uruş däl-de, her kimiň ýeňmeli "gepleşik stoly".

 

Ýalňyşlyk 7: "Men seni söýýärin" diýmezlik

Söýgi adaty duýgydyr. Esasy hataryna girýär. Ol hakda gürleşmegiň hajaty ýok, sebäbi çagamy söýýändigim äşgärdir!

Möhüm! Çagaňyza söýýändigiňizi aýtmak hökmanydyr. 2-3 ýaşyndaka çagalar ene-atasynyň söýgüsiniň güýjüni synap başlaýarlar. “Şeýle etsemem, meni söýýärsiňmi? Bu nähili? Indi söýýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa?”.

Olar köplenç ýüz öwürenlerinden, (hatda isleg bilen), “bolanok” diýenlerinden, dawa-jenjelden soň ene-atanyň söýgüsi azalýar öýdýärler.

Çagalar ulalsa-da bu ugurda pikirlenmegi bes etmeýärler. Indi olara erbet bahalar, täze saç görnüşi ýa-da sallam-sajak eşikler üçin ene-atasy olary halamaýan ýaly; telefonda yzygiderli oturmak, halypanyň ýanyna gitmek ýa-da her gün irden düşekleri ýygnamakdan ýüz öwürmek.

Ene-atalara çagany gowy görýändikleri görnüp dur. Çagalar bolsa olar, gyzyklanmaýan we manysyz berk hasaplaýarlar, olary halamaýarlar.

Şonuň üçin çagalaryňyza olary söýýändigiňizi aýdyň. Ine peýdaly bolup biljek käbir sözlemler:

• Şu wagt beren jogabymdan nägileligiňi bilýärin. Sen ony halamaýarsyň. Men ony üýtgedip bilemok, ýöne men henizem seni söýýärin.

• Sen we men başga, ýagdaýlara başgaça seredýäris. Ýöne men seni bolşuň ýaly söýýärin.

• Sen ajaýyp. Tapawutly bolmagymyza garamazdan, men seni söýýärin.

Ene-ataňyza olary söýýändigiňizi aýdyň. Ine peýdaly bolup biljek käbir sözlemler:

Belki, men seniň garaşýanlaryňy ýerine ýetirip bilmedim. Ýöne men seni söýýärin.

Men seniň bilen ylalaşman bilerin. Ýöne näme bolsada seni söýýärin.

Durmuşymy özüm ýaşamak isleýärin. Emma men bilýärin sen diňe goldaw we kömek etmek isleýärsiň. Men seni söýýärin.

“Men seni söýýärin” islendik söhbetdeşligiň soňunda aýdyljak jadyly söz.

 

Jemleýiji

Gatnaşyklar hemişe kyn. Olary döretmeli, goldamaly we berkitmeli. Başga biriniň erkinligine zyýan bermezden ynam atmosferasyny dörediň, näzik deňagramlylygy saklaň we doly açyk boluň.

Ýöne şeýle netije almak üçin dyrjaşmaly. Galyberse-de, ene-atalar bilen ynamly gatnaşyk çagalaryň durmuşynyň özenindedir. Hemişe gürleşmäge, teselli bermäge, goldaw bermäge taýyn bolmaly. Ýürekden aýdylan "Men seni söýýärin!"- i eşitmek üçin ene-ata bolmaga dowam edeniňizde dost hem boluň. 

Möhüm! "Kyn söhbetdeşlik" diňe ene-atalar bilen çagalaryň arasynda bolup bilmez. Islendik jyns, ýaş, din, jemgyýetçilik ýagdaýy we dünýägaraýyşly adamlaryň arasynda bolup biler. Dostuňyz bilen kyn temany ara alyp maslahatlaşmak isleseňiz, bu makala hem size peýdaly bolar.