Go Back Go Back
Go Back Go Back

Ýetginjek bilen kontrasepsiýa (goranmak) hakynda nädip gürleşmeli?

Ýetginjek bilen kontrasepsiýa (goranmak) hakynda nädip gürleşmeli?

News

Ýetginjek bilen kontrasepsiýa (goranmak) hakynda nädip gürleşmeli?

calendar_today 18 March 2022

Siziň ýeterlik aň-düşünjeli ene-atadygyňyza, perzendiňiziň bolsa, çagalaryň nireden alynýandygyny bilýän perzentdigine garamazdan, onuň bilen çagalaryň peýda bolmagyndan nädip goranmalydygy hakynda gürleşmek ýeňil düşmez. Ejelerdir kakalaryň göwnüne ýetginjekler kontrosepsiýa (goranmak) hakynda eýdip-beýdip özleri akyl ýetiräýjek ýaly. Kontorsepsiýanyň bardygy hakynda gürrüňdeş bolup bolar, emma onuň näderejede möhüm zatdygy hakynda welin gürrüň edilýändigi belli däl. Çünki bu meselede esasy maglumat çeşmesi bolup özge bir ýetginjek çykyş edýär. Ol ýetginjegiň çagaňyza nämeler aýdyp berjekdigi bolsa, göz öňüne getirer ýaly däl. Ýetginjek bilen dogry oturyp bu barada gürleşmek welin, ene-atalaryň aglabasy üçin synagdyr. Çünki bu eýýäm sagdyn durmuş ýörelgesi ýa-da ylym hakyndaky abstrakt gürrüň däl-de, şahsy durmuşa gatyşmakdyr.

Gürrüňi nädip hem haçan başlamaly?

Ýetginjekleriň ählisiniň ejesi ýa-da kakasy — lukman ýa-da lukmançylyk ugrundan žurnalist bolup işlemeýär. Şonuň üçin hem maşgalanyň öz içinde bu mowzukdan nazary taýdan doly derejede baş çykarýan adamyň bardygy gümanadyr. Mekdep bu mowzukdan mümkin boldugyndan gaça durýar. Ýagny, sapaklarda we klas sagatlarynda kontrosepsiýa (goranmak) temasynyň üstünde durlup geçilýär, ýöne gümürtik gürrüňler, mowzukdan göni geçmek bilen gürrüň edilýär. Çünki bu barada «gürrüň etmeli däl». Köpçülikleýin lukman gözegçiliginden geçilende bolsa, öz borçlaryny ýerine ýetirip, artykmaç wagty bolmansoň, öňüni alyş arassaçalyk we jyns gatnaşyklaryna giriş gürrüňdeşligini geçirmäge ýykgyn etmeýärler. Şonuň üçin hem jogapkärçilikli ene-atanyň edip biljek iň gowy zady — ýetginjegi lukman gözegçiligine äkidip, ony gyzyklandyrýan «oňaýsyz» soraglary bermekdir. Ýetginjegiň özüniň hem şahsy bedeni barada has köpräk bilip, şübhelerini siziň bilen paýlaşasy gelmegi mümkin. Bu meselede lukman ynanylan wekil hem-de maglumatyň ygtybarly çeşmesi bolup biler. Şeýdip ol öňüni alyş arassaçylyk lukman gözegçiliklerine (hökmany suratda jyns gatnaşyklary bilen bagly däl) kadaly bolmaly çäre hökmünde garap başlar we şahsy saglygy meselesinde has işjeň hem-de özbaşdak bolmagy öwrener.

Uniwersal maslahatlar bolmaýar

Özara ynanyşmagyň derejesi, jyns gatnaşyklaryna bolan garaýyş we olardan ýeterlik derejede habarly bolmaklyk her maşgalada dürli-dürlüdir. Kimdir biri bu barada ýeňillik bilen söz açyp bilýär (esasan, žurnalistler, olardan seýregräk bolsa — lukmanlar), kimdir biri assyrynlykda çagalara ýörite kitaplary gowşurýarlar, şol mowzuga degişli makalalaryň internet salgysyny ýa-da YouTube wideoşekilleriniň salgysyny iberýärler, kimdir biri bolsa görnüp duran ýerde prezerwatiw goýmagy (ýa-da jübüsine dykmagy) dogry çözgüt hasaplaýarlar. Bu usullaryň her biriniň hem öz tarapdarlary we garşydaşlary bar.

Ikiçäk gürleşmek gorkusy

Köp maşgalalarda jyns gatnaşyklary mowzugy — gadagan edilen mowzuklaryň hatarynda durýar. Munuň sebäbine o diýen ähmiýet berilmeýär. Iň esasy zat — jyns gatnaşyklary hakynda öýde hiç hili hem-de hiç kim gürrüň etmeli däl. Şonuň üçin hem çagalar menstruasiýa, jyns gatnaşyklary, kontrosepsiýa (goranmak) hakynda dürli ýerlerden, kähalatlarda bolsa, örän ygtybarsyz çeşmelerden — joralarynyň gybatyndan, internetde ýerleşdirilen makalalardan, «sary metbugatdan» we gysga görnüşde jyns gatnaşyklary görkezilýän filmlerden bilýär. Bu mesele. Çünki bu hili çeşmelerde berilýän maglumatlar köplenç halatda ýa-ha hakykatdan üzňe bolýar, ýa-da ony tanalmaz derejede ýoýýar. Çaga bolsa maglumat almaga derek, klişeleriň we çaklamalaryň toplumyny alýar.

Reklamadan başlamaly

Çagalarymyzda Internetiň bardygy başlangyç artykmaçlygymyzdyr. Telewizor boýunça hem prezerwatiwleriň reklamasy görkezilýär. Şonuň üçin hem häzirki çagalar, iň azyndan, prezerwatiw diýen zadyň bardygyny we islenmedik göwrelilikden goraýandygyny bilýärler. Ýöne jyns gatnaşyklarynyň üsti bilen geçýän kesel barada welin reklamalarda ýa-ha juda az agzalýar, ýa-da aslam ilkinji nobatda bilnäýmeli zat aýdylmaýar. Ýeri gelende, eger-de öň maşgalada jyns gatnaşyklary we kontrosepsiýa hakynda gürrüň etmek bolmaýan bolsa, onda telereklama — bu mowzuk hakynda söz açmak üçin oňat mümkinçilikdir. Bu barada tebigy ýagdaý hökmünde, şonuň üçin hem utanç däl zat hökmünde gürleşmeli.

Edebiýat bilen dowam etmeli

Kähalatlarda ene-atalaryň özleri hem bu barada doly maglumat bilmeýän wagtlary bolýar. Köp adamyň durmuşynda söýgi, toý we diňe şolardan soň galan zatlar bolup geçendir. Şonuň üçin hem olar ahlak kadalarynyň özgeren döwründe çagalary bilen nädip gürrüňdeş bolmalydygyny bilmän galýarlar. Bu gürrüňdeşlik bolsa, olaryň ömrüni halas edip biler. Bu ýagdaýda çykalga bar — çaga assyrynlyk bilen şu mowzuga degişli kitap gowşurmaly. Kitaplarda ähli zat ulgamlaşdyrylan bolýar. Özüň hem ondan okap bilersiň. Ýa-da ygtybarly makalanyň internet salgysyny (lukman bilen deslapdan ylalaşyp bolar) oklamaly. Bu usulyň artykmaçlyklary köp: birinjiden, özüň çaganyň öňünde ýüzüň gyzaryp, sakawlap durmaýarsyň; ikinjiden, öň bellenilip geçilişi ýaly, kitapda ähli zat ulgamlaşdyrylyp berilýär. Bilimlerini kitap ýa-da internetdäki makala bilen deňeşdirip görmek ýetginjek üçin bu mowzuk boýunça ene-atasyndan soranyndan ýeňil düşer. Elbetde, eger-de özüň çaga ähli maglumatlary jikme-jik aýdyp berseň, jogap reaksiýany alsaň, mowzugy düýpli maslahatlaşsaň — bu, eýýäm, maglumatlaryň özleşdiriljekdigine kepil berip biler. Ýetginjegiň kitaby okajakdygy ýa-da internet salgysy boýunça makalany tapjakdygy welin delil däl. Umuman, ahyrsoňunda gürrüňdeş bolmak gerek...

Gürrüňe başlamak

Gynansak-da, kitaplardyr makalalar meseläniň doly düşündirişini bermeýär we ynamsyzlyk ýagdaýy güýçlendirýär. Ýetginjekler kontrosepsiýanyň ähli usullary hakynda doly bilýärler, ýöne edepli adamlaryň bu barada gürrüň etmeýändigini duýýarlar. Olar prezerwatiwiň diňe bir islenmedik göwrelilikden däl, eýsem, jyns gatnaşyklary arkaly geçýän kesellerden hem goraýandygyny bilýärler. Muňa garamazdan, olar bu peýdaly önümi dermanhanadan soramakdan ýa-da ýoldaşyna ony ulanmagy teklip etmekden çekinýärler. Şonuň üçin hem gürrüňden gaçyp gutulyp bolmaz. Eger-de siz çaga bilen şol bir edebiýaty aýratynlykda özleşdiren bolsaňyz, onda gürrüňleşmek üçin mowzuk tapylar. Iň esasysy — başlamak. Gürrüňe başlamaly adam hem hut siziň özüňiz bolmaly. Çaganyň şähtiniň açyk, rahat hem-de ruhubelent halda wagtyna garaşyň. Oňa gürrüňdeş bolmagy teklip ediň. Gülkünç ýa oňaýsyz halda görünmekden gorkmaň. Bu ýeňil mowzuk däl, bu duýgular diňe bir sizi bimaza etmez. Iň esasy zat — ýetginjege siziň onuň tarapyndadygyňyzy we oňa diňe gowulyk isleýändigiňizi düşündirip bilmek. Möhüm! Gürrüňdeş bolanyňyzda sakynmajak, gyzarmajak boluň. «Söýgi» ýa-da «şu zat bardyr-a» ýaly ewfemizmleri (sypaýy sözleri) ulanmajak boluň. Çaga düşünjäniň öz manysynyň bardygyna düşünmeli. Eger-de siz «jyns gatnaşygyny» «söýgi» diýen söz bilen çalyşsaňyz, onda o gürrüň netijesiz bolar. Şonuň üçin hem gürrüňe başlamazdan öň aýtjak zatlaryňyzy saýhallaň.

Assyrynlyk bilen prezerwatiw oklamalymy?

Käbir ene-ata gizlinlik bilen ýetginjegiň ýantorbasyna prezerwatiw oklaýar: «Belki özi düşüner, kiçi çaga däl ahyry». Geň pikir: eger-de siz hiç wagt kontrosepsiýa hakynda gürrüň etmedik bolsaňyz, onda ýetginjek näme üçin garaşylmadyk tapyndydan peýdalanmaly? Peýdalanaýan-da hem, siz ony nirden biljek? Biläýen halatyňyzda hem, indikini ýene-de gizlinlikde oklajakmy? Beýleki bir tarapdan, ýetginjekleriň prezerwatiw satyn almak üçin dermanhana barmaga çekinýänligi sebäpli, ol torbada artykmaçlyk etmez. Bu, elbetde, geň zat, çünki dermanhanaçynyň işi şeýle — bir-de prezerwatiw satsa, bir-de iç gatamadan derman satýar. Bu onuň işi. Kimdir birine käýinmäge ýa-da gyýa seretmäge onda ne isleg bar, ne-de wagt. Ýöne ýekeje prezerwatiw işi düzetmez. Ýetginjek kontrosepsiýa serişdelerini adaty barlyk hökmünde kabul etmegi öwrenmeli. Şonuň üçin hem ony açyk-aýdyň görnüşde gowşuryp bolar. Çünki ýetginjegiň gorag serişdesini diňe zerur wagty zerur ýerden tapyp bilmegi ýeterlik däl, eýsem, ol siziň onuň jahyl çykmagyny goldaýandygyňyzy we onuň saglygyny goramak isleýändigiňizi bilmeli. Gorag serişdesini gowşurmak gürrüňi açmak üçin esas bolup biler. Möhüm! Prezerwatiw gowşurmak hereket etmäge çagyryş bolup görünmeli däldir. Öz wagtynda we ynanyşmaga esaslanan aç-açan edilen gürrüň — howply öz-özüňi alyp baryşdan iň gowy goragdyr. Jyns gatnaşyklarynyň irki ýaşda başlanmagy jynslaryň ikisiniň hem saglygyna ýaramaz täsir eder. Eger-de jyns gatnaşyklary ýaşy ýeten iki adamyň razylygy bilen we howpsuz ýagdaýda bolsa, onda ýaramaz zat ýok. Eger-de biz çaga bilen jyns gatnaşyklary hakynda gürrüň etmekden gaçýan bolsak, üstesine ol oňaýsyz soraglary berende oňa käýeýän bolsak, onda biz çaganyň jyns gatnaşyklarynyň gadagan zatdygy hakynda düşünje almagyna getirýäris. Netijede çagalar utanjaň hem dymma bolup ýetişýärler, şahsy durmuşyny kynlyk bilen gurýarlar, ýa-da ene-atanyň gözegçiliginden sypyndygy ýaramaz zatlara baş goşýarlar.

Iň esasy zat — öte geçmezlikdir

Bu kyn bolup biler. Ýöne amala aşyrmazça däldir. Eger-de siz öňdäki wezipeleri amala aşyryp, çaganyň aňyna kontrosepsiýanyň möhümligi hakynda maglumatlary ýetirip, ony satyn almak üçin sowalga puly bilen üpjün eden bolsaňyz, onda bu ýeterlik bolar. Bulardan başga siziň edip biljek zadyňyz ýok. Eger-de ýetginjek jyns gatnaşyklaryna başlamaga jahyl çykan bolsa, onda ene-atanyň mundan beýläkki hereketler çaganyň şahsy durmuşynyň çäklerini bozmak bolup durýandyr. Öz zähmetiňize we çaganyň aň taýdan akyl ýetirip bilijilige bil baglaň. Galyberse-de, yzygiderli lukman gözegçiliginden geçip durmagyny ýatlatmagy unutmaň