Irki göwrelilik – ýagny 20 ýaşdan ýaş bolan gyzlardaky göwrelilik, çaganyň saglygyna töwekgelçilikli faktor bolup durýar.
Ikisiniň, ýagny çaganyň ene-atasynyň bedeniniň heniz doly ýetişmedik bolmagy, göwrelilik döwründäki stres we gaýgy, ýaş ejeleriň sosial gorawsyzlygy – bu faktorlaryň hemmesi çaganyň saglygyna bolan töwekgelçilikleri döredýär.
Ýetginjek-ejelerde sagdyn çaga doglup bilermi?
Hawa. Göwreliligiňizi bilen mahalaňyzdan başlap lukmana ýüz tutmaly we göwrelilik döwrüniň dowamynda lukmanyň barlagyndan yzygiderli geçip durmaly.
Göwrelilik döwründäki dogry akuşerlik ideg hem ejäniň, hem-de çaganyň saglygy üçin wajyp. Dogry iýmitlenmek, bellenen maşklary ýerine ýetirmek, stresden gaça durmak göwrelilik döwründe hökmany. Şeýle hem maşgalanyň we dost-ýarlaryň goldawy eje üçin wajyp.
Çaga düşmegi
Ýetginjek-ejeler kähalatlarda lukmançylyk merkezlerine 20 hepdeden öň ýüz tutanoklar. Olar ýazgarylmakdan çekinip, lukmana ýüz tutmagy we hasaba durmagy yza çekýärler.
Göwreli näçe ir hasaba dursa, näçe uzak wagt lukmanyň gözegçiliginde bolsa, şonça ir hem onuň saglygyna we çaganyň saglygyna zeper ýetirjek töwekgelçiligi öňünden görmek we öňüni almak mümkin bolýar.
Wagtyndan ir dogulýan çaga
Ýetginjek-ejeler köplenç çagany wagtyndan ir dogurýar. Onuň sebäbi ejäniň bedeniniň reproduktiw ulgamynyň doly ýetişen däldigi sebäp bolýar.
Käbir ýagdaýlarda wagtyndan ir doglan çagalaryň bedeni we beynisi talaba laýyk ýetişmedik bolýar. Näçe wagt ir doglanyna baglylykda, beýle ýagdaýlar çagany ömürlik saglyk we kämilleşmek meseleleri bilen galdyryp bilýär.
Wagtyndan ir doglan çagalaryň agramy kem bolýar. Agramy talaba laýyk bolmadyk çagalarda bäbek wagtlary dem alyşy we iýmitlenişi bilen bagly problemalary ýüze çykýar. Ýaşy ulalan, emma agramy talaba laýyk bolmadyk çagalar diabet we ýurek bilen bagly kesellere has töwekgelçilikli bolýar.
Doglan wagtyndaky agram ýetmezçiligi beýniň kämilleşmegine hem täsiri bar.
“Söýgi ýetmezçiligi”
Gynansakda, ýetginjek-ejeler öz çagalaryna az mähir beregen, olary az ellerine alagan, olara az ýylgyryp, aýdym ýa hüwdi az aýdagan bolýar. Şeýle hem çaganyň mätäçliklerine az duýgur we az ünsli bolýarlar.
Bu ýetginjek-ejeleriň çagasyny az söýýändigini aňladanok. Olarda barybir tejribe ýetmezçiligi, emosiýa we fiziki resurslaryň ýetmezçiligi bolup, ir eje bolmak ýaly jogapkärçiligiň ýüzünde olar özüni çaga bagş etmekde kynçylyk çekýär.
Şeýlelik bilen ýetginjek-ejäniň çagasy doly psiho-emosional kämillik üçin ýeterlik stimul alyp bilmeýär.
Göwrelilik döwürde aşakdakylar gadagan:
- Çilim çekmek. Göwrelilik döwründe çilim çekmek çaganyň doguljak wagtyndaky agramyna täsir edip, wagtyndan ir dogulmak ýaly netijelere getirip bilýär.
- Alkogol we/ýa-da narkotiki serişdeleri ulanmak. Alkogol we narkotiki serişdeler plasenta barýerinden geçip, çaganyň nerw ulgamyna we onuň emele gelýän iç organlaryna, şol sanda hem beýnisine negatiw täsir edýär. Beýle endikler düwünçegiň patalogiýasyna ýa-da onuň ölümine getirip bilýär.
- Kontrolsyz derman içmek. Käbir ýagdaýlarda, geljekde ýüze çykyp biljek saglyk bilen bagly meseleleriň öňüni almak maksady bilen, ejäniň we çaganyň saglygy üçin derman içmek zerur bolýar. Emma hemme dermanlar (hatda witaminleri hem) göwrelilik döwründe lukman tarapyndan bellenilmeli – dermany içmegiň wagty we möçberi bilen bilelikde.
NETIJE
Irki göwrelilik - ýagdaýa degişli bolan ähli adamlaryň durmuşyna täsirini ýetirýär. Bu ýagdaýda diňe çaga – bolup geçýän zatlara täsirini ýetirip bilmeýän ýeketäk biri.
Hut onuň saglygy we geljekde doguljak çagalaryň saglygy üçin ýetginjeklere reproduktiw saglyk, kontrasepsiýa, JÝAGI’den goranmagyň usullary we göwrelilik döwründäki lukmançylyk goldawy barada bilmek zerur.