Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Ýetginjek göwreliligiň öňüni almagyň usullary

Ýetginjek göwreliligiň öňüni almagyň usullary

News

Ýetginjek göwreliligiň öňüni almagyň usullary

calendar_today 22 February 2022

Göwreli bolmazlygyň iň ynamly ýoly – jynsy gatnaşyklardan saklanmakdyr! Romantik gatnaşyklar – bu, birinjilik bilen söýýän adamyň baradaky, onuň psihologiki we fiziki rahatlygy baradaky ideg, jynsy gatnaşyk däl. 

Kontrasepsiýa – dürli usullar we ýollar bilen göwreliligiň öňüni almak. Ýetginjekler üçin haýsy kontrasepsiýa usulynyň laýyk gelýänini aşakda düşündirilen.

 

Ýetginjekler kontrasepsiýa barada näme bilmeli?

Aşakdaky sanalan töwekgelçilikleriň öňüni almak üçin:

  • meýilleşdirilmedik ilkinji göwrelilik
  • birinji abort
  • jynsy ýollar arkaly geçýän infeksiýalar (JÝAGI)

 

Ýetginjekleriň kontrasepsiýasy aşaky talaplara laýyk gelmeli:

  • ýokary netijeli
  • saglyk üçin howpsyz
  • ulanmak üçin oňaýly
  • elýeterli

 

Kontrasepsiýanyň dürli görnüşleri bar. Her bir usulyň aýratynlyklaryndan ugur alyp, ýetginjeklere maslahat berilýäni aşakdaky sanalan dört görnüş:

  • böwet (mehaniki);
  • spermisid (himiki);
  • gormonal;
  • gyssagly kontrasepsiýa

 

Kontrasepsiýanyň böwet usuly

Kontrasepsiýanyň böwet usuly – spermatazoidleriň ýatgynyň boýunjygyna girmeginiň öňüni almak üçin mehaniki böwet döredýän usula aýdylýar. Bu usul hem erkekler hem-de aýallar tarapyndan ulanylyp bilner. Bu kontrasepsiýa prezerwatiwler, jyns ýolunyň diafragmalar, boýunjyk gapajyklar we kontraseptiw gubkalar. 

Prezerwatiw diňe bir islenilmedik göwreliligiň öňüni almak bilen çäklenmän, eýsem jynsy ýollar arkaly geçýän infeksiýalaryň hem öňüni almakda netijeli. Prezerwatiw ýokary derejede netijeli bolmagy üçin dogry saklaýyş şertlerini (göni gün şöhlelerinden, eplenmeginden we gysylmagyndan we 37 derejeden ýokary gyzgyndan goramaly) we dogry ulanyş şertlerini (jynsy gatnaşygyň iň başynda geýmek, gaýtadan ulanmazlyk we ş.m.) hökman ýerine ýetirmeli.

Jyns ýolunyň diafragmasy ýatgynyň boýunjygyny ýapýan görnüşde jyns ýolunda oturdylmaly, şeýle edilse ol spermatazoidleriň geçmeginiň öňüni almagyň mehaniki usuly bolup hyzmat edýär. Netijeliligiň pesligi we ulanyşynyň kynçylyklary sebäpli bu usul meşhur däl.

 

Kontrasepsiýanyň spermisid usullary

Kontrasepsiýanyň spermisid usuly – spermatazoidleriň öýjüginiň membranasyny ýok edýän görnüşine aýdylýar. Olar krem, gel, köpürjik, şem, gerdejik we ereýän plýonka görnüşlerde öndürilýär. 

Spermisid usulyny beýleki usullar bilen utgaşdyrylyp ulanmak (meselem prezerwatiw we spermisid çalgy) beýleki usullary ýeke-ýekeden ulanmak bilen deňeşdirlende has ýokary netije berýär – jynsy ýollar arkaly geçýän infeksiýalaryň öňüni almakda kömek edýär. 

 

Kontrasepsiýanyň gormonal görnüşi

Kontrasepsiýanyň gormonal görnüşi aýalyň jynsy gormonlarynyň emeli analoglaryny ulanmaga esaslanyp, ol öz gezeginde owulýasiýanyň öňüni alýar – ýagny taýýar tohumlandyrlan aýal jyns öýjüginiň ýumurtgadan çykyp, ýatga düşmeginiň öňüni alýar.

Döwrebap gormonal kontraseptiwler (göwrelilige garşy dermanlar) ýokary netijä eýe bolup, öz gezeginde beden üçin howpsyz, aýbaşyny kadalaşdyrýan, iýmit siňdiriş ýollarynda bozulma döretmeýän we gormonal ýetmezçiligi dolýan usul. 

Üns beriň! Ähli gormonal serişdeler DIŇE lukman tarapyndan saýlanyp berilmeli, lukman siziň saglygyňyzyň şahsy aýratynlygyna daýanyp saýlap bermeli. Ähli adama laýyk gelýän uniwersal serişde ýok. 

Göwreliligiň öňüni alýan dermanlaryň iň uly ýetmezçiligi – olar jynsy ýollar arkaly geçýän infeksiýalardan (JÝAGI) goranok. Ýetginjekler üçin bu mesele esasy aktual: ir jynsy gatnaşykly durmuşa başlaýan ýetginjek oglanlar we gyzlaryň arasynda iň köp JÝAGI görnüşleri gabat gelýär. Şonuň üçin oral kontraseptiw (derman) bilen prezerwatiwleri bilelikde ulanmak maslahat berilýär.

Ýene bir belläp geçilmeli, ýatgy boýunjyga goýulýan kontrasepsiýa görnüşi (spiral) ýetginjek gyzlaryň ýatgysynyň kiçi ölçegli bolanlygy üçin laýyk gelmeýän usul. Ýetginjek döwürde bu görnüş ýalňyş dakylmak töwekgelçilikli bolup, onuň gaçyp galmagy ýa-da ýatgyny ýaralamak howpy bar. Ýatgynyň daşynda galýan göwrelilik töwekgelçiligi we howpy hem döredip bilýär. 

 

Gyssagly kontrasepsiýa

Gyssagly kontrasepsiýa – kontrasepsiýanyň görnüşi däl-de, goragsyz geçen jynsy gatnaşygyň netijesinde dörap biljek göwreliligiň öňüni almak usuly bolup durýar. Bu usul yzygiderli ulanylmaly däl, bu usul bedeniň gormonal fonyna we aýbaşy yzygiderligine uly täsir edýär. Onuň netijeliligi 75-89%.

 

Gyssagly kontrasepsiýa usuly aşaky ýagdaýlarda ulanylyp biliner:

  • goragsyz jynsy gatnaşykdan soň (şol wagtyň özünde ýa-da 2 günüň dowamynda);
  • jynsy gatnaşyk wagtynda prezerwatiw ýyrtylsa ýa-da sypyp galsa;
  • gyz diafragmany ýa-da gapajygy wagtyndan öň aýyran bolsa;
  • gyz göwrelilige garşy dermany wagtynda içmegik bolsa ýa-da has gija galyp içse;
  • zorlanmak ýagdaýlarda

 

Gyssagly kontrasepsiýa JÝAGI-den goramaýar.

NETIJE

Jynsy gatnaşygy yzygiderli däl köp ýetginjekler üçin kontrasepsiýanyň iň gowy usuly jynsy gatnaşykdan saklanmak bolup durýar.

Indiki oňaýly we netijeli görnüş prezerwatiwleri spermisidler ýa-da gormonal usul bilen bilelikde ulanmak. Bu diňe bir meýilleşdirilmedik göwrelilikden goramak bilen çäklenmän, eýsem JÝAGI-den hem netijeli gorap biler.

Kontraseptiwleriň dürli görnüşleri barada ähli ýetginjekler bilmegi we zerur bolanda ulanmagy hökman. 

Üns beriň! Gatnaşykdaky adamlaryň ikisi hem kontrasepsiýanyň laýyk usulyny ulanmagyň aladasyny etmegi zerur. Ýagny, her tarap özüne ylaýyk bolan usul barada pikirlenmeli. Bu jogapkärçiligi beýleki adamyň üstüne doly atyp oturmaly däl.

Üns beriň! Goragsyz jynsy gatnaşyga razylyk bermäň! Siziň partnýoryňyz siziň saglyk ýagdaýyňyz barada alada etmeýän bolsa, hiç hili emosional baglanşyk we romantiki gatnaşyklar barada gürrüň bolup bilmez. Töwekgelçilige ýol bermäň!