Go Back Go Back
Go Back Go Back

Ýetginjek göwrelilik ýetginjek-ejä nähili täsir ýetirýär?

Ýetginjek göwrelilik ýetginjek-ejä nähili täsir ýetirýär?

News

Ýetginjek göwrelilik ýetginjek-ejä nähili täsir ýetirýär?

calendar_today 07 March 2022

Göwrelilik – zenanyň durmuşyndaky üýtgeşik wagt. Ol döwür epesli resursy talap edýär.

Ýetginjek döwürde, beden şeýle-de ähli güýjini boý ösüşine, kämilleşmege sarp edýän wagty, göwrelilik goşmaça töwekgelçilikleri döredip biler. 

 

Preeklampsiýa

Orta ýaşdaky zenanyň göwreliliginden tapawutlylykda, ýetginjekler göwrelilik we onuň gaýra uzulmekligi bilen bagly ýokary arterial basyşa (preeklampsiýa) has töwekgelçilikli bolýar. 

Preeklampsiýa ejäniň we çaganyň ahmal boljak ölümi howply (23% ýagdaýlarda). Töwekgelçilikleriň içinde mundan başga hem wagtyndan ir dogulmagy we çaganyň agramynyň ýetmezçiligi bar.

Diri galan çagada serebral paraliçyň – beýni zeperlenmesi ýüze çykmak töwekgelçiligi bolup, netijede çaganyň fiziki we psihiki kämilleşmeginiň yza galmagyna getirip biler. Ondan başga, diri galan çagalarda geljekde ýürek-damar keselleri, diabet we başga patalogiýalary ýüze çykmak ähtimallygy ýokary. 

 

Gany azlyk (Anemiýa)

Gany azlyk – göwrelilik döwürde göwreli üçin howply ýagdaý. Ýetginjekleriň göwreli bolan halatynda gany azlyga duçar bolmak ähtimallygy has ýokary, sebäbi beden kämilleşýän döwri demiri we kislorody bedeniň işjeň ösüş döwründe has köp sarp edýär. 

Bu ýagdaý diňe bir gowşaklyga we ýadawlyga getirmän, eýsem hem pes arterial basyşa, plasentanyň gatlagynyň wagtyndan öň aýrylmagyna, düwünçegiň kämillenişiniň yza galmagyna, wagtyndan öň doguma, şeýle hem irki döwürde çaganyň düşmegine çenli getirip biler.

 

Dogrum 

Iň kämil saglyk merkezinde hem ýetginjegiň dogrumy 20 we ondan uly ýaşly zenanyň dogrumyndan has howply. Bütindünýa Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) derňewlerine laýyklykda, bütin dünýädaki 15 we 19 ýaş aralygyndaky gyzjagazlaryň ölüminiň esasy sebäbi göwrelilik döwründäki gaýra üzülmelerdir. 

Bu her gyzyň ýetginjek döwründe bedenindäki indiwidal aýratynlyklar, ulgamyň kämil däldigi, göwrelilik we dogrumyň ýüzünde ösüp gelýän bedene düşýän agram, psihologiki taýýar bolmazlyk we öňünden bilip we çaklap bolmajak köp faktorlar bilen bagly. 

 

Mejbury nika

Ençeme halatlarda ýetginjek-eje ýetginjek-kaka durmuşa çykýar. Beýle wakalar birnäçe sebäpler bilen düşündirilip bilner: ýetginjek-kakany kanuny jogapkärçilikden goramak maksady, güýçli emosional baglanma we bagtly maşgala durmuşy gurmak umydy. Mejbury nika köp halatda iki tarapa hem agyr bolýar, şeýle nikalar ikitaraplaýyn duýgusyz, hakyky doly maşgala emele getirmek üçin özensiz bolýar.

Mekdepdäki ýa-da institutdaky okuwyň kynçylygynyň, birek birek, ene-ata, dost-ýarlar we daşyny gurşaýan adamlar bilen emosional dartgynlygyň ýüzünde sazlaşykly maşgala gurmak hem kyn bolýar.

 

Sosial çetleşdirme

Göwrelilik – bu hemişe uly psihologiki we emosional ýük. Ýetginjek ýaşda bu agram has hem ýokary bolýar: maşgalaňa we dostlaryňa gürrüň bermek gokrusy, geljegiň aladasy, goldawyň kemligi ýa asla ýoklugy, köpçüligiň ýazgarmasy, kämahal bolsa bu sanalanlaryň hemmesi. Şeýle wakalar göwreli gyzy sosial çetleşdirmä we daşlaşma, şeýle hem öýde we mekdepde döreýän problemalara getirýär.

 

Pulsuzlyk töwekgelçiligi

Köp ýetginjekler göwreli bolanyndan soň mekdebini taşlaýarlar we orta bilimi doly tamamlamaýarlar. Bu bolsa öz gezeginde, ýetginjek döwürde göwreli bolan gyzyň ýokary aýlykly işe girmek mümkinçiliginiň bolmajagyny, ýokary wezipä eýe bolmajagyny aňladýar, olaryň garyplykda ýaşamagyna getirýär. 

 

Ýetginjek döwürde gaýtadan göwreli bolmak töwekgelçiligi

Ýetginjek döwründe göwreli bolan zenanlaryň bir çagadan köp çagasy bolmak ähtimallygy has ýokary. Ýetginjeklerdäki her bäşinji dogrum – gaýtadan bolan dogrumlar. 

Diýmek irki dogrum köp halatda ýaş ejäni (ýokary bilim almak mümkinçiliginden we/ýa-da maşgalanyň goldawyndan mahrum bolan) gaýtadan göwreli bolunýan gatnaşyklara sezewar edýär.

 

NETIJE

Göwrelilik beden üçin elmydama uly ýük we töwekgelçilik, hatda kämil we ýetişen zenanyň bedeni üçin hem. Emma şeýle-de bedeniň ösüşine we kämilleşmegine köp resurslary sarp edýän ýaş ýetginjegiň bedeni üçin göwrelilik göterip bolmajak ýük bolmagy mümkin. 

Hut şonuň üçin gyzjagazlara ýaş eje bolmagyň howplary, göwreliligiň öňüni alyş usullaryň we kontrasepsiýanyň görnüşleri barada öwretmek zerur, şeýle hem ýetginjekleriň jyns terbiýesi baradaky soraglara üns bermek zerur bolup durýar.