Go Back Go Back
Go Back Go Back

Ýetginjekler üçin sporty nädip saýlamaly we nämä üns bermeli?

Ýetginjekler üçin sporty nädip saýlamaly we nämä üns bermeli?

News

Ýetginjekler üçin sporty nädip saýlamaly we nämä üns bermeli?

calendar_today 13 September 2021

Irki ýaşda çagalar üçin sport seksiýalaryny adatça ene-atalary saýlaýar. Elbetde, bu ýeňil iş däl, çünki bu ýagdaýda hem geljekki türgeniň başarnygyny, hem ene-atanyň onuň saglygy baradaky aladalaryny nazara almaly bolýar. Çaga ýetginjek ýaşdaka onuň bir zat bilen meşgullanmagy üçin fiziki işjeňlik tapyp bermek örän möhümdir. Sport gurnagyny saýlamakda nämä üns bermeli, ýetginjegiň sporta bolan gyzyklanmasyny nädip bahalandyrmaly ýa-da asla oňa fiziki agram ýüklemek gerekmi?

 

Iň gowusy irki ýaşdan başlamak

Iň gowusy çagany sporta irki ýaşdan — üç ýaşlaryndan çekip başlamaly. Fiziki işjeňlik, umumy berkidiji bedenterbiýe taýýarlygy, çagalar ýogasy çaga üçin peýdalydyr. 5-7 ýaşlardan başlap, eýýäm has agyr maşklara geçip, sportuň belli bir görnüşinde saklanmak bolar. 12-14 ýaşda hem gijä galandyrys öýdüp alada etmäň. Iň esasy zat, ýetginjekde sporta bolan gyzyklanmany zor bilen däl-de, onuň bilen bedenterbiýe maşklarynyň getirýän peýdasy barada, uzakly gün mekdep partasynda oturylandan soňra bedeniňi taplamagyň zerurdygy barada gürrüňdeşlik etmek arkaly oýarmaly. Möhüm! Sporty özbaşdak saýlamazdan ozal, lukmana ýüz tutuň. Lukman çaganyň bedeniniň umumy ýagdaýyny anyklar we ýörite güwänama berer. Sport gurnaklarynyň hiç biri hem saglyk barada güwänama bolmasa, çagany kabul etmez. Sportuň haýsy hem bolsa bir görnüşiniň gadagan edilmegi, onuň beýleki görnüşlerini hem gadagan etmäni aňlatmaýar. Eger-de çaganyň saglygy gowşak bolsa, onda onuň başaraýjak sportuny saýlamaly. Eger-de lukman tarapyndan gadagan etmeler bar bolsa, onda lukmanyň özi oňyn maslahaty berer.

 

Toparlaýyn sport

Toparlaýyn sporty saýlamak isleseňiz, ýetginjekden haýsy sporty halaýandygyny soraň, bilelikde dürli ýaryşlara tomaşa ediň: futbol, hokkeý, woleýbol, basketbol we beýlekiler. Toparda özara aragatnaşyk — bu diňe bir fiziki işjeňlik bolman, eýsem, sosial işjeňlikdir. Sportuň toparlaýyn görnüşleri köplenç ekstrawert-ýetginjeklere — köpçülik bilen gürrüňdeşlik etmäge açyk adamlara laýyk gelýär. Bu hili adamlar üçin toparda bolmak, aragatnaşyk etmek wajypdyr. Şonuň üçin hem, sport seksiýasyny saýlamazdan öňürti, ýetginjegi synlap görüň. Ol boş wagtyny nämä sarp edýär? Dostlary bilen üýşüp oturmagy halaýarmy ýa-da wagtyny ýekelikde geçirmegi? Çaganyň häsiýetini dogry kesgitlemek örän wajypdyr. Çünki ýetginjegi oňa ýaramaýan seksiýa getirip, onda sporta bolan höwes bilen birlikde, siziň maslahatlaryňyza bolan ymtylyşy hem ömürlik mahrum edip bolar. Möhüm! Introwert-çagany — köpçüligi we goh-galmagaly halamaýan ýetginjegi topara berip, ol sosial taýdan has işjeň bolar, kitap okamaga derek (mysal üçin) çagalar bilen has köp aragatnaşyk eder diýip pikir etmeli däl. Alynjak netije tersine hem, hatda pajygaly hem bolup biler — çaga topar bilen aragatnaşyk etmek kyn düşer, meseleler ýüze çykar, netijede çaga daşky dünýäden çetleşer gider.

 

Indiwidual sport

Indiwidual sportuň görnüşleri örän köp: tennis, badminton, suwda ýüzmek, sport we çeper gimnastika, figuralaýayn typmak, ýeňil atletika, atçylyk sporty, göreşiň ähli görnüşleri, welosport, suwa bökmek, ok atmak, gylyçlaşmak. Bu sport görnüşleri daş-töweregini köpçülik bilen gurşap almaga ymtylmaýan we deň-duşlar bilen yzygiderli aragatnaşyga derek ýekeleýin maşklary saýlaýan çagalara tüýs ýerine düşer. Bu diýildigi, siziň çagaňyzyň ýeke galmak howpy bar diýmegi aňlatmaýar. Bu ýöne bir elmydama toparda bolmagyň çaga ýaramaýandygyny, oňa derek diňe öz-özüňe daýanyp biljek indiwidual sportuň ýaraýandygyny aňladýar.

 

Şahsy başarnyklar we ymtylyşlar

Çagaňyz çydamlylygy, janypkeşligi hem-de deňagramlylygy bilen tapawutlanýarmy? Diýmek, oňa sportuň tehniki taýdan çylşyrymly görnüşleri — suwda oýlalýan polo, woleýbol, gandbol, basketbol laýyk geler. Top oýnamak ýaraýarmy? Onda basketbol, suwda oýnalýan polo, woleýbol, gandbol, regbi, futbol we hokkeý (derwezeban) saýlap bolar. Iň gowusy, sportuň bu görnüşleri boýunça ýaryşlara tomaşa ediň we çagaňyz bilen bu sportda nämäniň özüne çekendigini gürleşiň. Ylgamagy halaýarmy? Ylgamak uzak wagtlap irizmeýän bolsa, bu hili çaga futbol ýa-da hokkeý (hüjümde), regbi, basketbol, gysga hem uzak aralyga ylgamak, päsgelçiliklerden aşyp ylgamak sporty ýerine düşer. Galyberse-de, tizlik — dogabitdi görkezijidir. Ony öwrenip bolmaýar, türgenleşikler bilen bolsa, bu başarnygy 10% artdyryp bolýar.

 

Boý we beden gurluşy

Ýetginjegiň fiziki görkezijileri hem oňa laýyk gelýän sporty saýlamak üçin möhümdir. Boýuň uzyn bolmagy basketbolda we woleýbolda gerekdir. Sportuň bu görnüşlerinde boýuň uzyn bolmagy ykjamlykda we tizlikden has ileri tutulýar. Semizje çagalara hokkeý ýa-da regbi laýyk geler, sportuň bu görnüşlerinde agram has möhümdir. Boýy uzyn bolmadyk ýetginjekler gimnastika (çeper we sport gimnastikasy), tans, tennis, ok atmak we ş.m. sport bilen meşgullanyp bilerler.

 

Şikesler

Sportuň doly derejede howpsuz görnüşi bolmaýar — hatda küşt oýnunda hem barmagyňy agyrtmak howpy bolup bilýär. Çagaňy şikes almadan çetleşdirip bolmaz. Çaga gündelik durmuşda, sportdan daşarda hem şikes alýar. Ýöne sport bilen meşgullanyp, ol, mysal üçin, dogry ýykylmagy öwrener. Bu bolsa geljekde bir ýerini döwdürmek howpuny pese düşürer. Öz gezeginde, bu zatlaryň ählisi oňa bu mekir emeli öwretjek tejribeli tälimçiniň gözegçiligi astynda geçer.

 

Sportuň islendik görnüşi...

Sportuň islendik görnüşi sabyrlylygy, çydamlylygy, maksada okgunlylygy, ýeňşe bolan erki we elmydama öz üstüňde işlemek ýaly gowy endikleri terbiýeleýär. Çagaňyza sportuň haýsy görnüşini saýlan hem bolsaňyz, ol oňa geljekde hökmany suratda oňaýly täsirlerini berer. Sport çaga bedenini berkidýär, ony has çydamly edýär, beýniniň işini ösdürýär, çözgüt kabul etmek tizligini ýokarlandyrýar, öňüňde maksat goýmaklygy we oňa ýetmegi terbiýeleýär. Özüňizi gyzyklandyrýan sport seksiýasyna nädip ýazylmalydygy hakynda maglumat bilmek üçin Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň telefon belgiler: 92-75-36, 92-79-72, 92-36-01