Go Back Go Back
Go Back Go Back

Ýetginjekler we tomus: nämä üns bermeli?

Ýetginjekler we tomus: nämä üns bermeli?

News

Ýetginjekler we tomus: nämä üns bermeli?

calendar_today 31 August 2021

Ahyrsoňunda mekdep tamamlandy, synaglar yzda galdy, öňümiz bolsa — tomus. Isle günortana çenli ýat, uzyn günläp gezelenç et. Okuw egin-eşigi diýen zady bolsa, bütinleý unut. Ýöne eger-de iň bir ýönekeýje düzgün-kadalary hem unutsaň, aşa köp mukdardaky boş wagtyň elmydama netijeli geçip durmaz.

 

Gün tertibi

Tomsuna adaty gün tertibiňi üýtgetmek bu kadaly ýagdaýdyr. Giç ýatmak, edil şolar ýaly hem, giç turmak bu her bir ýetginjek üçin mälim zatdyr. Ene-atalarymyz bu endigiň peýdasyzdygy hakynda näçe tekrarlaýandygyna garamazdan, beýle etmek diýseň ajaýyp ahyryn. Eger nobatdaky gezek günortan naharyna çenli ýatyp galan bolsaňyz, özüňizi jezalandyrmaga howlukmaň. Öz günüňizi, mümkin boldugyndan, baýlaşdyrmaga çalşyň: kompýuterdir telewizoryň öňünde wagt geçirmek çykalga däl, smartfonlaryňyza «çümmäň». Dostlaryňyz bilen welosiped arkaly gezelenç ediň ýa-da şäher daşyna dynç almaga çykyň. Ýa-da bolmasa, seýilgählere aýlanyň we ýakymly gezelençleriň ýatda galmagy üçin aýlanan ýerleriňizde surata düşüň. Günüňizi näçe baýlaşdyryp bilseňiz, şonça-da ýatanyňyzda rahat uklap, ertirlerine ýeňil oýanarsyňyz. Şonda gün tertibiň özi kadalaşyp gider.

 

Sport

Tomus geldigi türgenleşikleri bes etmegi aňlatmaýar. Ýöne köpleriň edişi ýaly, işsizlikden ýaňa, türgenleşik ýüküňizi artdyrmak hem bolmaz. Öňki kadaňyza görä dowam ediň. Türgenleşigiň dowamlylygyny artdyrmaga derek sportuň görnüşlerini köpeldiň. Adatça güýç bilen bagly maşklary edýän bolsaňyz, kardio-türgenleşikleri goşuň: ylgaw, welosipedde gezelenç, aerobika, suwda ýüzmek. Şeýle hem çydamlylygy taplaýan maşklary unutmaň. Myşsalaryň adaty hereketlerden irmezligi üçin sportuň başga bir görnüşini saýlaň. Galyberse-de, şatlanmagy unutmaň. Tomus dowam edýär ahyryn!

 

Okuwyňy dowam etmäge taýýarlyk

Köpler üçin gutardyş synaglaryň tamamlanmagy «kynçylyklaryň» ahyry däl-de, ýaňy bir başlangyjydyr. Şondan soňra ýokary okuw mekdebine synanyşmak üçin taýýarlyk başlanýar. Siz indi sagatlap kitabyň başyndan turman oturarsyňyz. Bu, elbetde, dogry. Ýöne bir zady ýatdan çykarmaly däl. Siz hökmany suratda dynç almaly. Dynç alşy işjeň hereket bilen gezekleşdirip durmak hökmandyr. Giriş synaglarynyň öň ýanynda beýniňizi mekdep maksatnamasy bilen mazaly ýükläniňizden soň-ha dynç alyş hökman gerekdir. Gürrüňsiz zerurdyr. Ene-ataňyz bilen gürleşiň. Giriş synaglaryna taýýarlyk görmäge bada-bat başlap bilmejekdigiňize olar düşünýändir. Özüňiz hem-de tomusky dynç alşyňyz üçin wagt bölüp aýryň: deňze ýa-da oba gezelenje gidiň, dostlaryňyz bilen wagtyňyzy şadyýan geçiriň, peýda getirjek täze zatlary öwreniň. Synaglara taýýarlanmaga birnäçe hepde işjeň dynç alyşdan soň hem başlap bolar. Günüň birnäçe sagadyny giriş synaglaryň derslerine degişli kitaplary okamaga sarp edip bolar. Ýöne munuň hem wagtyny kadalaşdyrmak zerurdyr.

 

Ýetginjekleriň köpüsi tomsuna işleýärler. Işlemek – olar üçin garaşsyz hem özbaşdak bolmagyň bir usulydyr. Bu gowy zat. Ýöne dynç almagy ýatdan çykarmaň, ýogsa okuw ýylynyň başyna tomsy duşuňyzdan geçireniňizi duýman galaýmaň!

 

Telewizor

Tomsuna ýetginjekler köplenç telewizoryň öňüne süýnüp, okuw ýylynyň dowamynda görüp ýetişmedik ähli zadyny — şüweleňli gepleşikleri, seriallary, multfilmleri görmäge başlaýarlar. Reklamalara syn edýärler. Elbetde, reklama berijileriň we kompaniýalaryň köpüsi tomus möwsüminde ýetginjeklere «hüjüm» gurnaýarlar. Şonda telewizorda horlanmak üçin serişdeler, diş ýuwujylar, üýtgeşik geýimler, smartfonlar görkezilýär. Garaz, täze okuw ýylynda size synpdaşlaryňyzdan has öňe saýlanmaga kömek edip biljek esbaplaryň ählisi görkezilýär. Bu möwsüm ene-atalar üçin kyn bolup biler. Çünki tomus möwsüminde eşidýän «ony alyp ber, muny alyp ber» diýen haýyşlary olar bütin okuw ýylynda hem eşiden däldirler. Dynç alşy peýdasyz geçirmezlik üçin telewizory öçüriň. Oňarsaňyz düýbünden öçüriň. Iň bolmanda, ene-atalaryňyz işden gelýänçä öçüriň. Telewizorda görlüp-eşidilmedik näme barmyşyn? Bu gepleşikleriň ählisi internetde hem bar ahyryn. Özi hem hiç hili reklamasyz görkezilýär.

 

Kompýuter

Smartfondan hem daşlaşmaga çalşyň. Dogry, kompýuter hem, smartfonlar hem biziň dünýämize mäkäm ornaşdy. Bu enjamlarda kitaplar, dost-ýarlarymyz, täzelikler, harytlar ... bar. Ýeke smartfon ýüz dürli predmeti çalşyp bilýär. Okuw möwsüminde smartfon siziň aýrylmaz kömekçiňiz bolan hem bolsa, tomsuna ondan mümkin boldugyndan azrak peýdalanmaga çalşyň. Dostlaryňyz bilen şeýle tejribe geçirip görüň — gezelenç etmäge çagyrmak üçin şäher telefonlaryndan peýdalanyň, fotoapparata surata düşüň, başdan geçirenleriňizi gündeligiňize belläp alyň. Bu diýseň gyzykly bolar.

 

Saglyk

Tomsuna saglygyňa aýratyn üns bermeli.

А) Gün hem gyzgynlyk urmadan goranyň. Başgapsyz, saýawansyz we Gün şöhlesinden goraýan äýneksiz öýden çykmajak boluň. Günüň gyzgyn wagty — 13:00-dan 17:00 aralykda köçä çykmakdan saklanyň. Gün şöhlesinden goraýan kremleriň bardygyny ýatdan çykarmaň. Ýanyňyzda içer ýaly suw göteriň.

B) Sowuklamaň. Paradoks, daşarda howa näçe gyzgyn boldugyça, şonça-da sowuklaýan adamlaryň sany köpelýär. Kondisionerler maksimum güýjünde işledilýär, buzgaýmaklardyr buzly suwlar bolsa, bu döwürde has hem özüne çekiji bolýar. Netijede — damagyň galýar, sowuklama sezewar bolýarsyň we burnuň dykylýar. Bular bolsa sizi tapdan düşürýär. Öýde howanyň ortaça temperaturasyny 24-26 gradusda saklajak boluň. Buz ýaly suw içip, organizmiňize agram salmaň. Kondisioneriň göni öňünde oturmaň.

Ç) Şikes almajak boluň. Gysga balaklardyr ýubkalar ýetginjekleriň tomusda iň söýgüli egin-eşikleridir. Aýaklaryň açyk ýerleri elmydama nirädir bir ýerlere: oturgyçlara, ýoluň gyrasynda ösüp oturan agaç şahalaryna, buzgaýmakly doňduryjylaryň çüňklerine ilişýär. Şikesleriňize oňatja ideg ediň: şikese tozan ýa-da beýleki zeper ýetirijiler düşmez ýaly ýuwup arassalaň. Ýogsam tiz bitmäge derek, ýaraňyzyň azmagy mümkin. Bedendäki gök-ala şikesleriňize iň gowusy ýod çalyň. Agyr ýaralarda bolsa, hökmany suratda lukmana ýüz tutuň. Möhüm! Saglyk öýleri iş günleri 8:00-dan 20:00-a çenli işleýär. Tomus dynç alyşda beden saglygyňyzyň bimaza etmezligi üçin gutardyş synaglardan soň lukmanyň umumy gözegçiliginden geçip bolar.

 

Tomus...

Tomus — ýylyň ajaýyp möwsümi. Mekdebi tamamlanyňyzdan soňra, onuň lezzeti öňküsi ýaly bolman biler. Iş başlar, meýilnamalardyr, möhletler bolar... Şonuň üçin hem mümkinçilik barka, lezzet almaga çalşyň. Ýöne tomusdan soň, güýzüň gelýändigini unutmaň! Tomus dynç alşyňyzy şadyýan geçiriň!