Ýetginjeklik döwri — adamyň çagalyk bilen kämillik ýaşy aralygyndaky geçiş tapgyry bolup, bu döwürde beden, akyl, duýgy we jemgyýetçilik taýdan üýtgeşmeler bolup geçýär. Ýöne biz bu makalamyzda diňe beden taýdan üýtgeşmeleriň üstünde durup geçeris. Oglanlarda bu döwür, takmynan, 9-14 ýaş aralygynda başlap, 18-20 ýaşlara çenli dowam edýär. Bolup geçýän üýtgeşmelere her bir şahsyň genetikasyna we daşky gurşaw şertlerine baglylykda üýtgäp biler. Bu tapgyra mahsus bolup geçýän beden üýtgeşmeler hakda bilmek ýetginjeklere we olaryň ene-atalaryna şol döwre taýýarlykly bolmaga ýardam berip biler.
1. Beden ösüşi
Ýetginjeklik döwründe oglanlaryň boýy tiz ösýär. Bu ösüş tapgyry, adatça, 9-14 ýaş aralygynda başlap, her kimiň genetikasyna we iýmitlenme endiklerine görä üýtgäp biler. Käbir oglanlar bu döwürde gysga wagtyň içinde 10-15 santimetr boý alyp biler. Agramlary artyp, jynsy organlar hem öser. Ilki el-aýagy ulalyp, soň beden bilen deňleşýär, bu bolsa kämahal oňaýsyzlyga getirýär.
Maslahat: Eger-de tiz ulalmagyň netijesinde bedende agyrylar (esasan, dyzda, topukda, eginde we bilde) ýüze çykýan bolsa, wagtly-wagtyna maşk etmek we bedeniň kadaly dynç almagyny üpjün etmek möhümdir.
Gyzykly fakt: Ýetginjeklik döwründe bedeniň ösüşi gije sagat 22:00-dan 02:00 aralygynda iň işjeň ýagdaýda bolýar. Şonuň üçin boýuň ösmeginde kadaly ukynyň ähmiýeti uly.
2. Myşsa we beden gurluşynyň üýtgemegi
Ýetginjeklik döwründe oglanlaryň myşsalary berkäp, güýçlenip başlaýar. Testosteron gormonynyň derejesiniň ýokarlanmagy netijesinde, myşsa dokumalarynyň ösmegi we beden gurluşynyň erkek adamlara mahsus keşbe girmegi başlaýar. Bu üýtgeşmeler sport bilen meşgullanýan ýetginjeklerde has aýdyň göze ilýär.
Maslahat: Myşsalary berkitmek üçin fiziki işjeňlik möhümdir. Emma bedeniň ösüşine zyýan ýetirmezlik üçin aşa agyr maşklary ýerine ýetirmekden saklanmaly.
Gyzykly fakt: Testosteron irden sagat 07:00 töweregi iň ýokary derejesine ýetýär. Şonuň üçin irden maşk edilmegi has netijeli bolar.
3. Sesiň üýtgemegi
Ýetginjeklik döwrüniň iň aýdyň alamatlarynyň biri hem sesiň üýtgemegidir. Ses perdeleri galňap hem uzalyp başlaýar. Bu bolsa sesiň öňküsinden ýogyn çykmagyna getirýär. Käbir oglanlaryň sesi bu döwürde wagtal-wagtal üýtgäp, durnuksyz bolup biler. Bu, adaty we wagtlaýyn bir ýagdaýdyr.
Maslahat: Sesiň üýtgemeginiň wagtlaýyn ýagdaýdygyny göz öňünde tutup, bu prosese päsgel berjek hereketlerden gaça durmaly. Käwagt gaty ses bilen gygyrmak ses bogunlaryna zeper ýetirip biler.
Gyzykly fakt: Ses perdeleri ýetginjeklik döwründe takmynan iki esse uzaýar. Şol sebäpden sesem barha ýogynlaşýar.
4. Deriniň we saçlaryň ýaglanmagy
Bu döwürde ýag mäzleriniň işjeňleşmegi netijesinde deriniň ýaglylygy artýar. Netijede, ýüzüň derisi, esasanam maňlaýda, burnuň töwereginde we ýaňaklarda ýagjaryp biler. Bu bolsa düwürtigip örmegine getirer.
Maslahat: Ýüzüňi günde iki gezek ýumşak sabyn ýa-da dermatolog tarapyndan maslahat berlen arassalaýjy serişde bilen ýuwmak düwürtikleriň öňüni alyp biler. Düwürtikleri sykmazlyk möhümdir, sebäbi ýaranyň yzy galar.
Gyzykly fakt: Adamyň derisindäki öýjükleriň sany ortaça 5 million töweregi bolup, olaryň 20%-i ýüzde ýerleşýär.
5. Ýüz gurluşyndaky özgermeler
Ýetginjeklik döwründe oglanlaryň ýüzüniň gurluşy hem üýtgäp biler. Eňekleriň we maňlaý süňkleriniň ulalmagy, ýüzüň erkek adamlara mahsus keşbe girýändigini görkezýär.
Maslahat: Suw içmegi kadaly dowam etdirmek we witamine baý iýmit bilen iýmitlenmek ýüzüň sagdyn bolmagyna getirýär.
6. Bedeniň tüýlenmegi
Ýetginjeklik döwri oglanlarda kelle saçlarynyň düzüminde ownuk üýtgeşmeler döretse-de, esasan, bedeninde we ýüzünde tüý örtüginiň köpelmegi bilen tapawutlanýar. Ilki bilen, gasyk we goltuk ýerlerinde tüýlenme başlanýar, soň bolsa ýüzde (maňlaý, dodak üsti, eňek) we beden böleklerinde seýrek tüýler peýda bolýar. Murty tabap başlaýar.
Maslahat: Eger-de ýüze çykan tüýler sebäpli özüňizi oňaýsyz duýýan bolsaňyz, dermatolog bilen maslahatlaşyp, dogry ideg etmek usullaryny öwrenip bolar.
Gyzykly fakt: Adamyň bedeninde ortaça 5 million tüý follikuly ýerleşýär.
7. Agramyň üýtgemegi
Her ýetginjegiň genetik aýratynlygyna görä agramy üýtgäp biler. Artykmaç agramly oglanlar ýetginjeklik döwrüne geçende horlanyp biler ýa-da tersine, hor oglanlar semräp biler.
Maslahat: Agramy kadaly saklamak üçin ýagly we süýjüli iýmitleri çäklendirmek we sport bilen meşgullanmak peýdalydyr. Aşa semremezlik üçin kadaly iýmitlenmek möhümdir.
Ýatda sakla: Semizligiň öňüni almak ony bejereniňden ýeňildir.
Gyzykly fakt: Oglanlaryň, adatça, fiziki ösüşi we agyrlyklary uly möçberde 16-18-20 ýaşlara çenli tamamlanýar.
8. Jyns agzalarynyň ösmegi
Ýetginjeklik döwrüniň esasy alamatlarynyň biri hem jyns agzalarynyň ösmegidir. Gormonal üýtgeşmeler sebäpli oglanlaryň jyns agzalary ulalyp başlaýar. Şeýle-de, bu döwürde bedeniň testosteron gormonyny has köp öndürmegi sebäpli, täze fiziologiki duýgylaryň döräp, ukuda wagty hem jynsy düýşler görüp başlaýar. Irden turanlarynda eşiginiň çatalabasynda suwuklyk ýa-da myžžyklyk bolup biler. Ýetginjekler
bu ýagdaýda ýadyrgap, gorkmagy ahmal, özlerini nätanyş kesele duçar bolandyryn öýdüp pikir etmegi mümkin. Aslynda gorkara sebäp ýok: testosteron öz öndürýän tohumlaryny (spermatozoidi) daşary çykarýar. Bu tebigy ýagdaýa erk etjek bolmagyň zerurlygy ýok. Bu ýetginjekleriň öz bedenlerini we emosional ýagdaýlaryny has gowy öwrenmeklerine kömek edip biler.
Maslahat: Bu döwürde ýüze çykan täze duýgulara gulak asmak, bulara ünsli, sabyrly we dogry düşünmek möhümdir. Beden we duýgular bilen baglanyşykly açyk gürrüňler, psihologik goldaw almak bu tapgyryň sagdyn geçmegine kömek edýär.
9. Beden ysynyň üýtgemegi
Ýetginjeklik döwründe deri mäzleriniň has işjeňleşmegi sebäpli bedenden çykýan yslar üýtgäp biler.
Maslahat: Gündelik arassaçylyk endiklerini ýerine ýetirmek we antibakterial sabynlary ulanmak peýdalydyr.
Gyzykly fakt: Adamyň derisi 24 sagadyň dowamynda ortaça 500 ml suwuklyk bölüp çykarýar.
Ýetginjeklik döwri oglanlara uly ösüşleri we özgermeleri getirýän tapgyrdyr. Bu döwürde fiziki üýtgeşmeleri kabul etmek, sagdyn durmuş endiklerini gazanmak we beden bilen dogry aragatnaşykda bolmak hökmandyr. Oglanlaryň bu tapgyry sagdyn we ynamly geçirmegi üçin dogry maglumat almak, psihologik goldawa we arassaçylyk endiklerine üns bermek aýratyn wajypdyr. Bu tapgyrda sabyrly bolmak we özüňde bolup geçýän ýagdaýlary kabul etmek ukyby gelejekde beden we ruhy sagdynlygyňy berkitmäge kömek eder.
Reference:
- https://my.clevelandclinic.org/health/body/puberty
- https://raisingchildren.net.au/pre-teens/development/puberty-sexual-development/physical-changes-in-puberty
- https://www.bbc.co.uk/science/humanbody/body/articles/lifecycle/teenagers/voice.shtml
- https://dermnetnz.org/topics/skin-changes-at-puberty
- https://www.who.int/health-topics/adolescent-health#tab=tab_1