Go Back Go Back
Go Back Go Back

Ýetişenlik baradaky hakykatlar (ýigitler üçin)

Ýetişenlik baradaky hakykatlar (ýigitler üçin)

News

Ýetişenlik baradaky hakykatlar (ýigitler üçin)

calendar_today 07 December 2021

“Meniň tenimiň öň hiç wagt bolmadyk ýerlerinde tüý ösýär ... Sesim hem üýtgeýär ... Bir gijede boýum hem 2 ýarym santimetr çemesi ösüpdir öýdýärin.” Bu ýagdaý her bir oglan (we her bir gyzyň) başyna düşýär, ýöne ol her kimde başgaça bolup geçýär. Şeýle zatlaryň bolup geçýän wagty aslynda siziň fiziki taýdan oglan bolmagy bes edip, erkege öwrülip başlaýan wagtyňyzdyr. Bu döwür siziň organizmiňizde gormonlaryň agalyk edip, boýuňyzda we umumy ösüşiňizde gürli-dürli özgerişleriň bolup geçmegine täsirini ýetirýän döwrüdir. Hut şuňa hem jyns taýdan ýetişmek diýilýär. Tehniki nukdaýnazardan aýdylanda, jyns taýdan ýetişmek – siziň bedeniňiziň sizi kämillige ýeten uly adama öwürmekde saýlap alan ýoludyr. Munuň düýp maksady bolsa reproduksiýa, ýagny köpelmek bolup durýar.

Şu ýerde siziň dykgatyňyza erkekleriň kämillige ýetmegine degişli birnäçe soraglar we jogaplar getirilýär:

1 Näme bolup geçerkä?

13 ýa-da 14 ýaşyňyzdan başlap, siz birgiden özgerişlere sezewar bolýarsyňyz. Siziň gulaklaryňyz, elleriňiz we aýaklaryňyz ösüp, barha ulalýar. Siziň boýuňyz ösýär we siziň göwräňiz hem görnetin ulalýar. Eginleriňiz ulalýar, myşsalaryňyz güýçli bolýar. Siziň erkeklik jyns agzaňyz we ýumurtgalaryňyz edil göwsüňiziň ulalyşy ýaly ulaýar. (Ýöne bu bir wagtlaýyn ýagdaý, şonuň üçin aşa aladalanmaň!) Mundan başga-da, edil şu döwürde erkeklik jyns mäzleri testosteron atly gormony we döl işläp çykaryp başlarlar. Siziň sesiňiz barha ýognar, şeýle hem ýüzüňizde hem goltugasty oýtumlarda we çatyňyzda tüý döräp başlar. Elbetde, bu ýagdaýyň haçan bolup geçjekdigini hiç kim öňünden anyk bilmez. Bu kesgitli wagt aralygynda ýuwaş-ýuwaşdan bolup geçýär. Oglanyň erkek adama öwrülmesi käwagt dört ýyla çenli wagt aralygynda bolup geçýär. Erkek kişileriň birnäçesiniň kämillik ýaşyna ýetmegi 21 ýaşynda hem dowam edýändir!

2 Men ukydan oýanyp, birden adaty sesim bilen gepläp bilmeýändigimi duýýaryn. Onda hiňlenjek bolýaryn weli, edil horaz gygyran ýaly ses çykýar! Bu ýagdaý meni biynjalyk edýär.

Bularyň hemmesine siziň bedeniňizde androgenleriň işlenip çykarylmasy sebäp bolýar. Androgenler siziň erkeklik häsiýetleriňize gözegçilik edýän gormonlardyr. Olar sebäpli siziň kekirdegiňiz ulalýar we onuň daşyndaky epinler galňap, sesiňiziň pes äheňiniň, başgaça aýdanymyzda, sesiňiziň ýygylygynyň ýokarlanmagyna alyp barýar. Şular ýaly zatlar bolup geçýärkä sesiňiziň “üýtgeme” döwürleri peýda bolup biler. Bulara degişli gowy habar hem munuň diňe bir wagtlaýyn zat bolup, wagtyň geçmegi bilen pes äheňli täze sesiňize-de öwrenişersiňiz, ýöne weli esli wagtlap aýdym aýdyp bilmersiňiz.

3 Bedenterbiýe sapagyna bile gatnaýan dostlarymyň ählisiniň çatynda tüý peýda bolupdyr we olaryň sesleri hem üýtgäp barýar. Mende bular ýaly özgerişler haçan bolup geçer?

Bedenterbiýe sapagyna bile gatnaýan dostlarymyň ählisiniň çatynda tüý peýda bolupdyr we olaryň sesleri hem üýtgäp barýar. Mende bular ýaly özgerişler haçan bolup geçer?

4 Ukudan oýansam, erkeklik jyns agzam gap-gaty bolupdyr, yatan ýerimde bolsa çig tegmil bar, ýöne men ýerime buşukmandygymy anyk bilýärin. Bu adaty ýagdaýmy?

Siziň başyňyzdan geçen ýagdaý adaty ýagdaýdyr. Kämillige ýetmek döwründe erkekleriň aglaba köpüsi şular ýaly oýanan mahalynda erkeklik jyns agzasynyň gap-gaty bolandygyny duýýarlar. Muňa ereksiýa diýilýär. Aslyýetinde, eýakulýasiýa (dölüň erkeklik jyns agzasynyň üsti bilen daşyna çykarylmagy) siziň başyňyzdan kämillige ýetme döwrüniň geçýändigini duýdurýan ilkinji alamat bolup hyzmat edýär. Ýatan ýeriňizde bolsa çyg tegmiliň “gijeki daşyna dökülmeler” netijesinde peýda bolmagy gaty ahmal. Bedeniňiz tiz uka gitme (TUG) fazasyna geçende adatça erkeklik jyns agzaňyz dik durma ýagdaýyna geçýär. Belki-de, siz “çygly düýş” diýlip atlandyrylýan jyns taýdan gyjyndyryjy bir düýş görensiňiz. Kämillige ýetmegiň umuman siziň bedeniňiziň reproduksiýa (köpelme işine) taýýarlanmagyna degişli ähli zady öz içine alýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Şular ýaly jynsy düýşler bolsa - bütinleý adaty bir ýagdaýdyr.

5 Meniň ýüzümde tüý ösüp başlady. Haçan syrynyp başlasam bolarka?

Siziň ýüzüňiz şu wagt her hili özgerişlere sezewar bolýandyr. Elbetde, androgenler hem täzeden dyngysyz işleýändirler. Şeýle etmek bilen bolsa olar siziň ýüzüňizdäki tüýlere öz gormonal täsirini ýetirýändirler. Oglanlarda ilkinji nobatda tüýüň peýda bolýan ýerleri goltugasty oýtumlar we ýüzüniň ýokarky dodagyň üsti bolup durýar. Nädip syrynmalydygyňyzy size düşündirer ýaly kakaňyz bilen ýa-da ynam bildirýän başga bir erkek kişi bilen gürrüňdeş boluň, we bärde birnäçe maslahatlary okap bilersiň.

6 Özümde bir hili ysyň peýda bolandygyny duýdum. Dezodorantdan peýdalanyp başlamagyň wagty geldimikä?

Belki-de wagt bolandyr. Siziň bedeniňizdäki androgen gan bilen aragatnaşyga girişip, bedeniňiziň ysynyň derejesiniň üýtgemegine alyp barýandyr. Goltugasty oýtumlara niýetlenen dezodorantdan peýdalanmagyň şu meseläniň çözgüdini tapmakda ýardam bolmagy mümkin. Mundan başga-da, goltugasty oýtumlaryňyzy we uýat ýerleriňizi gowuja ýuwmagy ýadyňyzdan çykarmaň.

7 Meniň endamymda edil patrak açylan ýaly düwürtikler peýda bolýar. Men näme etmeli?

Siziň deriňiziň düzümindäki ýagyň derejesiniň üýtgemegine-de androgenleriň hut özleri sebäpkär. Ululy-kiçili düwürtikler kämillige ýetmek döwrüni başdan geçirýän erkekleriň hemmesine mahsusdyr. Deri öýjükleriniň ýag we mörjewler (bakteriýalar) bilen dykylmagy hem düwürtikleriň peýda bolmagyna getirýär. Eger-de düwürtikleriňiz gyjyndyryp, ýüregiňize düşýän bolsa ýa-da olar juda agyryly bolsa, onda olaryň öňüni almak we olary bejermek meselesi boýunça öz lukmanyňyza ýa-da dermatologa ýüz tutuň.

8 Baglaşma

Kämillige ýetmeklik ýetginjekler üçin tolgundyryjy we şol bir wagtyň özünde-de biynjalyk dörediji döwür bolup biler. Bedeniňiz bolup geçýän özgerişleriň her birine reaksiýa bildirende siziň ähli duýgularyňyz garym-gatym bolýar. Şu döwürde gormonlar herekete getiriji güýç bolup durýarlar. Siziň durmuşyňyzda jynsy taýdan işjeňlik herekete getiriji güýje öwrülýär. Hut şu jähtden siziň üçin şu faktorlaryň hemmesi barada habarly bolmak uly ähmiýete eýedir. Öz ene-ataňyz bilen söhbetdeş boluň, ýa bolmasa bar bolan soraglaryňyza anyk jogap tapmak üçin saglyk meseleleri boýunça hünärmene ýüz tutuň. Bedeniňiz barada näçe köp bilseňiz, şonça-da özüňize erk etmegi başararsyňyz.