Go Back Go Back
Go Back Go Back

Ýiti respirator wirusly ýokançlardan soň: bejergi ýeterlik bolman biler

Ýiti respirator wirusly ýokançlardan soň: bejergi ýeterlik bolman biler

News

Ýiti respirator wirusly ýokançlardan soň: bejergi ýeterlik bolman biler

calendar_today 01 September 2021

Biziň ählimiz ýiti respirator wirusly ýokançlary bejereniňden, olaryň öňüni alanyň ýeňildigini bilýäris. Şonuň üçin hem immunitetiňi berkitmek, dümewden we beýleki kesellerden öz wagtynda sanjym almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek we özüňe sebäpsiz ýere agram salmazlyk ýaly öňüni alyş çärelerini geçirmäge çalyşýarys.

Emma bardy-geldi kesellän ýagdaýyňda näme etmeli? Kesel alamatlary aýrylan hem bolsa, bedeniň öňküsi ýaly dikelmedik bolsa, nädip kadaly ýagdaýa dolanmaly? 

Dikeldiş bejergisini geçmeli.

 

Ýiti respirator wirusly ýokançlar näme? 

Ýiti respirator wirusly ýokançlar — bu ýokarky dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän ýokançlar: sowuklama, dümew, bronhiolit. Olar hemme ýerde ýaýrandyr. Köp sanlysy möwsümleýin ýüze çykýar.

Möhüm! Ýiti respirator wirusly ýokançlarda elmydama ysgynsyzlyk, işdäniň peselmegi, işe ukypsyzlyk we ş.m. alamatlar duş gelýär. Ýokary temperaturanyň, burnuň dykylmagynyň, üsgülewügiň, burun akmanyň we beýleki alamatlaryň bolmazlygy keseliň ýokdugyny aňlatmaýar. 

 

Näme üçin ýiti respirator wirusly ýokançlardan soň hökman dikeldiş bejergisini almaly?

Aýak üstünde elimiz gyzgyn çaýly bu keseli başdan geçirip, biz «Ýiti respirator wirusly ýokançlar ähli ýerde bar, olaryň alamatlary her bir adamda ýylyň dowamynda iň bolmanda bir gezek ýüze çykýar. Men ýüzlerçe gezek keselledim! Şol gezekler gutulýardym, bu gezegem geçer!» diýip, pikirlenýäris.

Emma kesel beden üçin onuň birinji-ikinji hepdesinde duş gelinýän çylşyrymlaşmalar barada aýtmanyňda-da, yzsyz geçmeýär. Organizme düşen mikroblar organizmden birbada çykmaýan toksinleri bölüp çykarýar. Olar hökmany suratda yzygiderli hem dogry görnüşde üstüni ýetirip — deňagramlylyga getirip, dikeldip durmaly serişdeleri tükedýär.

Olar bolmadyk ýagdaýynda, üznüksiz işjeňlik hem täze dartgynlyklar bolanda organizm dynç alyp hem gündelik etmeli işleriňiz üçin güýç toplap ýetişmeýär. «Täze belentliklere» ýetmek hakynda-ha gürrüň hem etmeli däl. Bu gönüden-göni durmuşyňyza täsir edýär, dikeldiş uzaga çekýär, endik eden durmuş depginiňe dolanmak başartmaýar.

Dikeldişsiz bejergi tamamlanmadyk hasaplanylýar we köplenç 100% netije bermeýär.

 

Ýiti respirator wirusly ýokançlardan soňky gaýrüzülmeler

Islendik keseliň bejergisine lukman ýolbaşçylyk etmeli. Ýiti respirator wirusly ýokançlar başdan geçirilenden soňky aglaba ýagdaýlarda adama hemişelik gözegçilik zerur bolup durmaýar, diňe barlag maslahatlaşmasy ýeterlik bolýar.

Emma keseliň netijesinde çylşyrymlaşmalar ýüze çyksa, hünärmenleriň gözegçiligi astynda bolmagy dowam etdirmek hökmanydyr. Daşky görnüşi boýunça adaty sowuklamadan we beýleki islendik respirator kesellerinden agyr keseller ýüze çykyp bilýär. Olaryň käbirleri hatda ölüme hem getirip bilýär.

Olaryň netijeleri şular bolup biler: traheit, bronhit, pnewmoniýa. Eger-de ilkibaşda ýerleşen burun boşlugyndan wiruslar aşak süýşüp, öýkene düşen ýagdaýynda şol keseller ýüze çykyp bilýär.

Kähalatlarda ýiti respirator wirusly ýokançlaryň netijesinde ýürek myşsasynyň çişmegi, otitler (orta gulagyň nemli bardasynyň çişme prosesi), meningitler (kelle we arka beýniniň bardasynyň çişmegi) ýüze çykýar. Bu ýokanjyň organizmde gan akymy bilen ýaýraýandygyň we has goragsyz ýerlerine hüjüm edýändiginiň netijesidir.

Çylşyrymlaşmalary gyssagly ýagdaýda bejerip başlamaly. Olardan soň, dikeldiş bejergisini almak bolsa hökmanydyr. Dikeldiş hökman LUKMANYŇ GÖZEGÇILIGI ASTYNDA geçmelidir.

 

Ýiti respirator wirusly ýokançlary nädip bejermeli?

Çylşyrymlaşma howpuny minimal derejä düşürmek üçin, ýiti respirator wirusly ýokançlardan dogry bejergi almak zerurdyr:

  • Lukmana ýüz tutmaly. Diňe hünärmen siziň saglyk ýagdaýyňyza baha berip, zerur bejergini belläp biler;
  • Köpräk suw ýa-da ýyly turşy içgileri içmeli;
  • Çygly arassalaýyş işlerini geçmeli;
  • Oturan otagyňyzy ýelejiredip durmaly (şemal kakmazlygy üçin, otagdan ýelejiredilýän wagty çykmaly);
  • Ýatalgada ýatmak hem-de dartgynlylyga düşmezlik düzgünini berjaý etmeli.

 

Ýiti respirator wirusly ýokançlardan soň, dikeldişi nähili geçmeli?

  1. Lukmanlar keselden soň, ýene-de belli bir wagtlap özüňe gözegçiligi dowam etmegi: immunitetiňi berkitmek üçin witaminleri kabul etmegi, keselden soňky birinji hepdede daşary çykmagy çäklendirmegi, bir sagatdan köp bolmadyk wagt gezelenç etmegi ýöne ýerden maslahat bermeýärler.
  2. Ýiti respirator wirusly ýokançlardan bada-bat soň sowuk urma howpundan goranmak, howa şertlerine görä geýinmek zerur.
  3. Aşa gyzmak hem maslahat berilmeýär.
  4. Aşa ýadamak hem gerek däl: iş depginine kesellän wagtyň üýşen öý işlerini bir gezekde edip dynmaga synanyşman, belli bir depginden girişmeli.
  5. Şeýle etseňiz, gowşan organizm dartgynlylyk ýagdaýyna düşmez we aýawly depginde güýç toplar.

 

Sport näme?

Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek — dikeldiş möhletiniň möhüm bölegidir. Emma doly derejeli sport işjeňligine dolanyp barmaklygy birnäçe hepde yza süýşüreniň gowy.

Sport zaly, ylgawlar we işjeň türgenleşikler bu döwürde aerob maşklary we uzak bolmadyk gezelençler bilen çalşyrylmaly.

 

Ýiti respirator wirusly ýokançlardan soň dümewe garşy sanjym bolýarmy?

Adamlaryň köp sanlysy ýiti respirator wirusly ýokançlary dümew bilen deň hasaplaýarlar. Şonuň üçin hem, keselden saplandyňmy, onda sanajymy almasaň hem bolýar diýip oýlanýarlar. Bu o diýen dogry däl.

Eger-de siz dümewiň alamatlary bolan haýsydyr bir kesel bilen keselläp, lukmana ýüz tutmadyk bolsaňyz, onda siziň dümew bilen keselläniňiz hem anyk däl. Belki siz sowuklansyňyz — çünki onuň alamatlary hem köplenç dümewe meňzeş: burun akmaklyk,  asgyrmak, temperaturanyň ýokarlanmagy. Diýmek, sowuklamany başdan geçirip, dümewe garşy immunitet almarsyňyz. 

Eger-de siz lukmana ýüz tutup, sizde hut dümew ýagdaýy tassyklanan bolsa, onda siz şundan habarly bolmaly: dümewiň köp sanly görnüşleri (ştammlary) bar. Sanjym dümewiň şol döwürde siziň sebitiňizde ýaýran kesgitli bir görnüşine ýa-da birnäçe görnüşine garşy edilýär. Eger-de siz ýokanjyň haýsydyr bir başga ştammy bilen kesellän bolsaňyz, onda gaýtadan hem keselläp bilersiňiz. Bu eýýäm başga kesel diýen ýaly. Oňa garşy sizde immunitet ýok.

Möhüm! Dümewe garşy sanjymlar lukman gözegçiliginden soň — doly derejeli sagdyn adama edilýär. Sanjym wagty sizde islendik keseliň bolmagy immun ulgamyňyza agram salýar we sanjym üçin gapma-garşy bolup biler. SANJYMA GITMEZDEN ÖŇ, HÖKMAN LUKMAN BILEN MASLAHATLAŞYŇ. Belki, immunitetiňiz doly güýjüne işläp başlaýança, az-owlak garaşmak gerekdir.

 

NETIJE

Eger-de zerur bolan ähli maslahatlar berjaý edilen bolsa, onda ýiti respirator wirusly ýokançlar: sowuklama, dümew we beýlekiler ýeňil sowlar, çylşyrymlaşma howpy bolsa, minimal derejä getiriler. Iň esasy zat, keselden soň özüňi goramak we organizmiňe dikelmäge wagt bermek gerek. Şeýle etmek bilen siz adaty durmuşyňyza tiz dolanarsyňyz.