Go Back Go Back
Go Back Go Back

Ýoahim Zimmermannyň Türkmenistana ikinji sapary

Ýoahim Zimmermannyň Türkmenistana ikinji sapary

News

Ýoahim Zimmermannyň Türkmenistana ikinji sapary

calendar_today 29 May 2025

Dr. Zimmermann Aşgabatdaky 11-nji saglyk öýünde
Dr. Zimmermann Aşgabatdaky 11-nji saglyk öýünde

29-njy maý 2025-nji ýyl - Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) halkara bilermeni doktor Ýoahim Zimmermannyň Türkmenistana sapary boldy. 2025-nji ýylyň 25-29-njy maýy aralygynda geçirilen bu sapar, UNFPA-nyň Türkmenistan boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin ýurt Maksatnamasynyň çäklerinde gurnaldy we doktor Zimmermannyň ýurda ikinji sapary boldy. 

Saparyň esasy maksady bar bolan sitologiki barlaglaryň tejribelerini bahalandyrmak, şeýle hem ýatgynyň boýunjygynyň täze döremelerine skriningi geçirmekde milli potensialy ýokarlandyrmak boýunça ýol kartasyny döretmek. Bahalandyryş saglyk öýlerine baryp görmegi we esasy taraplar bilen gürrüňdeşlik geçirmegi öz içine aldy.

Bahalandyryş işlerinden başga-da, doktor Zimmermann milli hünärmenler üçin reproduktiw saglygy we sitologiýa ugry boýunça hünärlerini ýokarlandyrmak barada okuw sapagyny hem geçirdi.

Bu doktor Zimmermannyň Türkmenistana ikinji sapary bolup, UNFPA-nyň ýurduň reproduktiw saglygy we ýatgynyň boýunjygynyň täze döremelerine garşy göreş ugundaky milli potensialyny ýokarlandyrmakda yzygiderli goldawyny aýdyň görkezýär. Onuň birinji sapary 2024-nji ýylyň 26-njy maýy 2-nji iýuny aralygynda geçirilip, sitologiki barlaglary bahalandyrylmaga we milli hünärmenler bilen okuw sapaklaryny geçirmäge gönükdirildi.

Goşmaça maglumat üçin: Maýagözel Kuliýewa, Reproduktiw saglygy boýunça bölüm müdiri; kuliyeva@unfpa.org; +99312488326