Go Back Go Back
Go Back Go Back

“Меn aýalyma kömekleşmeýärin” ýa-da “Häzirki zaman kakasy” bolmak nämäni aňladýar?

“Меn aýalyma kömekleşmeýärin” ýa-da “Häzirki zaman kakasy” bolmak nämäni aňladýar?

News

“Меn aýalyma kömekleşmeýärin” ýa-da “Häzirki zaman kakasy” bolmak nämäni aňladýar?

calendar_today 29 April 2025

Häzirki zaman kakasy — maşgalada duýgudaş, düşünýän, işjeň gatnaşýan, deňhukukly hyzmatdaş bolýan, çagalarynyň durmuşyna many berýän we olary her bir ädimde goldaýan adamdyr.
Häzirki zaman kakasy — maşgalada duýgudaş, düşünýän, işjeň gatnaşýan, deňhukukly hyzmatdaş bolýan, çagalarynyň durmuşyna many berýän we olary her bir ädimde goldaýan adamdyr.

Täze nesil atalyk düşünjesi we onuň jemgyýetdäki orny

XXI asyrda dünýäniň dürli ýurtlarynda, şol sanda Merkezi Aziýada hem ata-enelik, maşgaladaky rol paýlaşygy we gender deňhukuklylygy baradaky düşünjeler ep-esli özgerdi. Bu özgertmeleriň merkezinde durýan möhüm meseleleleriň biri hem atalyk düşünjesidir. Häzirki zaman kakasy diňe bir maşgalanyň maddy üpjünçisi hökmünde däl, eýsem, çaganyň ruhy, intellektual we emosional ösüşine hem doly gatnaşýan şahs hökmünde kabul edilýär.

Zamana laýyk atalyk düşünjesi çagalaryň terbiýesinde atanyň möhüm we gymmatly roluny ykrar edýär. Ol, maşgalada düşünişmegiň, hormat goýmagyň we birek-birege goldaw bermegiň atmosferasyny döretmek üçin jogapkärdigini hem kabul edýär. Şeýle atalyk nusgasy erkek adamy diňe “kömekçi” däl-de, eýsem aýaly bilen deň derejede jogapkärçilik çekýän, çagalaryň terbiýesi we maşgalanyň abadançylygy üçin doly gatnaşýan adam hökmünde görkezýär. Bu täze düşünje has deňagramly we sagdyn maşgala gurluşlarynyň emele gelmegine mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, atalyk düşünjesiniň täzeden gözden geçirilmegi Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda hem gender deňligine we maşgalalaryň ýaşaýyş hiliniň ýokarlandyrylmagyna uly goşant goşýar.

Geliň, bu meselä has ýakyndan seredeliň.

Gadymky atalyk modeli

Gadym döwürlerde, ata maşgalanyň baştutany, güýjüň we häkimýetiň simwolydy. Atalyk maşgalanyň içindäki iň ýokary häkimiýeti, çözgütleri kabul edýän we hemme möhüm kararlardan jogapkär wezipäni ýerine ýetirýändigini aňladýardy. Ata, öýde esasy goraýjy we ekleýji bolup, maddy taýdan maşgalany üpjün etmek, ony goramak we gün-güzeran üçin jogapkär bolmakda easay rol oýnaýardy. Şol bir wagtda, ata-ene gatnaşyklary, maşgala gurluşy atanyň baştutanlygyndady. Maşgala agzalarynyň wezipe paýlanyşygy atanyň sözüne bagly bolup, oňa garşy çykmak bolmaýardy.  

Gadym döwürleriň atalyk modelinde, erkekler çaga terbiýesine we olaryň ruhy taýdan ösdürilmegine has az gatnaşýardy. Aýallar bolsa, çaga terbiýesi we öy işleriniň ýolbaşçylarydylar. Kakalaryň çagalar bilen emosional bag gurmagy, olaryň gündelik durmuşlaryna gatnaşmagy seýrek duş gelinýärdi.

  • Bu modeliň galyndylary häzirki döwürde hem bardygyny ýatda saklamaly we olaryň üýtgedilmeginiň zerurdygyna düşünmek möhümdir.

Häzirki döwrüň kakalary

Aktiw gatnaşyk we ýakyndan terbiýe

Täze nesil kakalary çagalarynyň diňe maliýe üpjünçiligi bilen däl, eýsem, olaryň gündelik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar: çagalaryň mekdep işleri, sport we döredijilik bilen meşgullanmaklary, saglyk ýagdaýy bilen gyzyklanýarlar. Olafyň köpüsi çaga terbiýesine gatnaşmagyň çaganyň sazkaşykly ösmegine uly ýatdam berýändigine doly düşünýär. 

Atanyň çagasynyň durmuşynda ilkinji pursatlardan başlap bolmagy, çaga üçin özüni has gowy tanamaga, ynamly we mähirli gatnaşyklar gurmaga kömek edýär. Şeýle aragatnaşyklar çaganyň özüne bolan ynamyny güýçlendirýär, onuň goraglylyk duýgusyny döredýär we sosial taýdan uýgunlaşma prosesini ýeňilleşdirýär.

Çaganyň atasy bilen berk emosional gatnaşyk gurmagy üçin, atanyň çagalygyndan bäri onuň bilen wagt geçirmegi örän möhümdir. Bilelikde geçirilen wagt, açyk gürrüňdeşlikler we ýönekeý aragatnaşyk çaganyň içinde ynam duýgusyny kemala getirýär, bu duýgy ýetginjeklik döwründe hem ähmiýetini saklaýar.

 Emosional aýdyňlyk we açyk aragatnaşyk

Täze zaman kakasy üçin duýgularyny beýan etmek gowşaklyk alamaty däl. Olar çagalary bilen açyk, rahat, dostlukly gatnaşyklary gurýarlar. Bu bolsa çagalaryň özüni howpsuz we gymmatly duýmagy üçin örän möhümdir.

  • Çagalara duýgularyny sagdyn we ýerlikli, zorluga we agressiýa ýüz urmazdan beýan etmegi öwretmek möhümdir. Ata bolsa, duýgularyny açyk görkezmekde we giň gerimde aragatnaşyk gurmakda çagalar üçin gowy nusga bolup biler.

Kaka hökmünde nusga bolmak

Kaka diňe bir "tertibi üpjün edýän", “bir bakyşy bilen dim-dik edýän” şahs däl, eýsem, ýagşy gylyk-häsiýetleriň, işjeň durmuş ýörelgeleriniň, özüni alyp barşyň nusgasy hökmünde hem çykyş edýär. Olar çagalaryna diňe söz, üm, bakyş bilen däl, hereket bilen hem öwredýärler.

  • Ata aýal-gyzlara hormat goýmagyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň nusgasyny görkezýär. Çagalar bolsa gender rollaryny ene-atalarynyň özara gatnaşyklaryna seredip öwrenýärler.

Maşgala içindäki deňhukukly hyzmatdaşlyk

Häzirki zaman kakasy öý işlerinde, çaga terbiýesinde aýaly bilen deňhukukly hyzmatdaş bolýar. Öý işleriniň diňe aýallara degişli bolmalydygy baradaky düşünje ýeňip geçilýär. Munuň netijesinde çagalar hem gender roly baradaky deňagramly pikiri ýaşlykdan alýarlar.

  • Aýaly diňe öý işlerinde däl, eýsem onuň hünär taýdan ösmeginde hem goldamak – maşgaladaky deňhukukly gatnaşygyň möhüm bölegi bolup, ähli agzalaryň abadançylygyna ýardam edýär.

Häzirki zaman kakalygyň ýeňil däl taraplary

Elbetde, häzirki döwrüň kakasy bolmak aňsat däl. Täze döwrüň talaplary diňe bir maddy taýdan däl, eýsem, psihologik taýdan hem kämilleşmegi talap edýär. Bu ýagdaýda kakalar:

  • Ata bolmak bilen şahsy krizis geçirýärler (identifikasiýa, öz ornuny tapmak),
  • Daşky jemgyýetçilik basyşa garşy durmaga mejbur bolýarlar ("erkek adam köplenç işleýär, öýde oturmaz" ýaly stereotipler)
  • Aýal bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy gazanmakda kynçylyk çekýärler.
  • Emma bu kynçylyklary ýeňip bolýar we beýle ýagdaýlarda maşgalanyň hem-de jemgyýetiň goldawy örän möhüm ähmiýete eýedir.

Merkezi Aziýada kaka düşünjesiniň täzeden ornaşmagy

BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) maglumatlaryna görä, Merkezi Aziýada hem täze atalyk modeline geçmek boýunça dürli tejribeler we üstünlikli göreldeler bar. Käbir erkekler çagalarynyň terbiýesini özleriniň esasy borjy hökmünde kabul edýärler. Şeýle erkekler jemgyýetde diňe bir maşgalada däl, eýsem, öz dost-ýarlarynyň arasynda hem nusga bolýar. Şeýle kakalaryň sany gün geçdigiçe artýar.

  • Üýtgeşiklikleriň yzygiderli we kadaly ýagdaýda bolýandygyny belläp geçmek möhümdir. Erkekleriň has işjeň ata bolmak üçin edýän synanyşyklaryny goldamak möhümdir. Jemgyýet, atalaryň maşgalada işjeň gatnaşmagyna ýardam berýän şertleri döretmeli.

Netije

Häzirki zaman kakasy — maşgalada duýgudaş, düşünýän, işjeň gatnaşýan, deňhukukly hyzmatdaş bolýan, çagalarynyň durmuşyna many berýän we olary her bir ädimde goldaýan adamdyr. Şeýle atalyk modeli diňe bir maşgalanyň däl, bütin jemgyýetiň ösüşine täsir edýär. Täze döwürde kakalygy saýlap alan her bir erkek jemgyýetde pozitiw özgertmeleriň öňdebaryjysy  bolup biler.

Peýdalanylan çeşmeler: