Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

“Sputnik  V” sanjymy barada näme bilmeli?

“Sputnik  V” sanjymy barada näme bilmeli?

News

“Sputnik  V” sanjymy barada näme bilmeli?

calendar_today 10 January 2022

Üns beriň! Şu makalada beýan edilýän maglumatlar diňe makalanyň ýerleşdirilen wagty güýjüni saklaýar. Maglumatlar wagtyň geçmegi bilen üýtgäp biler.

COVID-19-a garşy “Sputnik V” (RF) sanjymy Türkmenistanda 18-nji ýanwarda hasaba aldyndy. Koronawirusyň ýurduň çäklerine gelmeginiň we ýaýramgynyň öňüni almak üçin  lukmançylyk işgärlerine köpçülikleýin sanjym etmek kampaniýasy geçirilýär. 

 

Bu sanjym barada näme bilmeli?

Gyzykly faktlar:

  • Sanjymyň adyndaky “V” harpy “victory” sözüni aňladýar – ýagny koronawirusa garşy  ýeňiş gazanmagy 
  • Sanjymy işläp taýýarlanlar sanjymyň täsiriniň 95%-den ýokarydygyny belleýärler
  • “Sputnik V” sanjymy -18 gradusda saklanýar
  • Sanjymyň bir ampulasy bäş adama ýetýär
  • “Sputnik V” sanjymyna bedeniň görkezýän reaksiýasy islendik beýleki sanjymyňda meňzeşdir

Bu sanjym BSGG-de hasaba alynmak üçin ýüz tutuldy.

 

“Sputnik V” nämeden durýar?

“Sputnik V” gowy öwrenilen we beýleki sanjymlarda ulanylan mehanizmleriň binýadynda döredildi. Onuň düzüminde  COVID-19 dörediji wirus bolan SARS-CoV-2-niň genetiki materialy bar. Bu material wirusy köpeldiji aýratynlyklaryndan arassalanandyr (sanjymyň özünden keselläp, başgasyna geçirip bolmaýar, wirus bedenden çykmaýar, daş-töwerekdäki gurşawda galmaýar).

Genetiki material adenowiral wektor tarapyndan öýjüge eltilýär. Adamlaryň aglabasynda eýýäm muňa garşy bitarap antitelasy bar sebäbi durmuşlarynyň irki tapgyrlarynda adenowirallar (respirator, siňdiriş we göz kesellerine sebäp bolýan) bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. 

Şeýlelik bilen beden sanjyma garşy heniz SARS-CoV-2 öýjüge ýetmänkä reaksiýa görkezip başlaýar. T-limfositler öýjükleýin immunitet döretmäge başlaýar, bu bolsa wirusa garşy esasy gorag hasaplanýar. 

 

Sanjym nähili goýberilýär?

“Sputnik V” – iki komponentli sanjym bolany üçin myşsanyň içine 3 hepde aralyk bilen iki tapgyrda urulýar. 

Sanjylýan dermän -18 gradusda saklanýar we doňy açylandan soňra iki sagadyň dowamynda urulýar.  

Bir ampulasy hersi aýry şprizlerde urulmak şerti bilen 5 adama ýetýär. 

 

Sanjymlama nähili geçirilýär?

Üns beriň! Islendik sanjym adamyň bedenine goşmaça ýük döredýär. Şol sebäpden hem hassa döwrüňiz ýa-da keseliň göni yzyndan sanjym etdirmeli däl. Bu bedeniň has güýçli reaksiýasyna we gaýra üzülmelere sebäp bolup biler. 

Sanjymdan öňürti:

  • Lukman size özüňizi duýşuňyzy sorar. Dogruçyl bolmaly we sanjymy urýan lukmana, eger bar bolsa, öz biynjalyk bolýan simptomlaryňyz barada aýtmaly (belki siz sanjymy urdurmaly dälsiňiz!
  • Lukman respirator keselleriniň üns merkezindäki organlara seredýär (stetoskop bilen öýkeni diňleýär)
  • Sanjymdan soňra lukman allergiýa reaksiýasynyň ýa-da beýleki dessin ýüze çykýan reaksiýalaryň ýokdygyna göz ýetirmek üçin sizden kabulhanada 30 minut çemesi oturmagy sorap biler. 

Sanjymyň ikinji tapgyry 21 günden edil birinji tapgyrdaky ýaly amala aşýar. 

 

COVID-19-a antitela haçan döreýär?

Üns beriň! Sanjym COVID-19-a garşy derman bolman, eýsem, iň täsirli öňüni alyş çäresidir. 

“Sputnik V” sanjymy urlanyndan soňra bedende antitela iküç hepdäniň dowamynda döreýär. 

Ýöne käbir ýagdaýlarda bedende antitela hiç hili döremän hem biler:

  • 80 ýaşdan ulularda (bu ýaşdan soňra immuno ulgamy islendik wagta antitela döretmän biler);
  • Yzygiderli alkogol kabul edýänlerde (alkogol islendik ösüp gelýän öýjük üçin toksiki zeper ýetiriji bolup durýar);
  • Yzygiderli stresde gezýän ýa-da agyr stresde bolan adamlarda (stres bedeni adatdakysyndan köp işledýäni üçin doly derejede immuno jogaby döremän biler).

 

Antitela kän wagta ýetýärmi?

Sanjym 2020-nji ýylyň 11-nji awgustynda hasaba alyndy. SARS-CoV-2 wirusynyň yzygiderli üýtgemeýändigi üçin “Sputnik V” sanjymyndan soňra koronawirusa garşy immunitet iki we ondan köp ýyl saklanyp biler. 

Üns beriň!  Her adamyň bedeni aýratyndyr. Käbirinde degişli wirusa garşy güýçli immunitet dörese, käbirinde immunitet hiç hili döremeýär. Şeýle ýagdaýlarda adam COVID-19 bilen keselläp biler, ýöne ýeňil ýagdaýda geçirerler. 

 

Kimlere sanjym almak bolmaýar? 

Göwrelilik ýa-da çaga emdirilýän döwründe bolan zenanlara (barlaglar dowam edýär);

18 ýaşa çenli adamlarda (bu topar bilen bagly heniz barlag işleri geçirilmedi).

 

Kimlere sanjylanda ünsli çemeleşmeli?

Merkezi nerw ulgamy insult geçiren ýa-da beýleki keselleri bolan, hroniki bagyr we böwrek keselleri bolan, ýiti gematopoez (ganyň döredilmegi, ýaýramagy we ş.m.) keselleri bolan, şeýle hem epilepsi hassalara sanjym edilende ünsli çemeleşmeli;

Demgysmasy, birinji we ikinji derejeli immuno kemçiligi, immuno keselleri, ýürek keselleri, öýken keselleri bolanlar sanjymdan öňürti lukman bilen maslahatlaşmaly;

Diýabeti we metabolik sindromy bolan hassalar hem ünsli bolmaly.

 

“Sputnik V” sanjymyna garşy bedeniň reaksiýasy 

Üns beriň! Beden islendiks sanjyma hem reaksiýa görkezýär. Reaksiýalar “adaty” we “ýüze çykan ýagdaýynda lukmana ýüz tutulmagy wajyp” hökmünde ikä aýrylýar. 

“Sputnik V” täze sanjym bolany üçin ýüze çykan islendik biynjalyk ediji reksiýada lukmana ýüz tutmak maslahat berilýär.

Beden sanjymdan soňra şeýle reaksiýalar görkezip biler:

  • gowşaklyk;
  • işdäňi ýitirmek;
  • ýürek bulanma;
  • üşütme;
  • sanjym edilýän ýerinde agyry duýgusy;
  • kelle agyry;
  • agyrylar;
  • bogunlarda we myşsalarda agyry;
  • limfa düwünleriniň ulalmagy;
  • gyzgynlygyň ýokarlanmagy.

Eger bedeniň gyzgynlygy 38 derejeden geçse, agyryny azaldyjy we gyzgynlygy düşüriji dermanlar içmek maslahat berilýär. 

Eger bedeniň gyzgynlygy 39 derejeden geçse we derman içilenden soňra dört sagadyň dowamynda pese gaçmasa, HÖKMAN LUKMANY ÇAGYRYŇ.

Beden ýokarda agzalanlardan tapawutly reaksiýa görkezmegi hem mümkin, hemme zat bedeniň sanjymyň komponentlerine çydamsyzlygyna bagly.

 

Jemleýji 

Häzirki wagtda “Sputnik V” sanjymynyň täsiri kliniki barlaglaryň netijesinde tassyklanyldy. Bu sanjyma dünýäniň birnäçe ýurtlary bil baglaýar. Eýýäm dünýäniň 53 ýurdy bu sanjymy resmi hasaba aldylar, birnäçesi bolsa bu sanjymy öz derman fabriklerinde öndürmäge isleg bildirdiler. 

Şeýlelik bilen “Sputnik V” sanjymy köpçülikleýin goýberilmäge ýakyn bolan COVID-19 sanjymlarynyň biridir. 

 

Related Content