Go Back Go Back
Go Back Go Back

8 milliard ilatly dünýä: ýurtlaryň demografiki üýgteşmeleri üstünlikli çözmeginiň 8 usuly

8 milliard ilatly dünýä: ýurtlaryň demografiki üýgteşmeleri üstünlikli çözmeginiň 8 usuly

News

8 milliard ilatly dünýä: ýurtlaryň demografiki üýgteşmeleri üstünlikli çözmeginiň 8 usuly

calendar_today 10 July 2022

Banner with diverse group of people and a sign above that says "World population day"
Dünýä ilatynyň 8 milliard belligine ýakynlaşmagy bilen, UNFPA bu sebitdäki ýurtlaryň şahsyýetler, jemgyýetler we ykdysadyýetler üçin bolup biljek ýaramaz täsirleri azaltmak we çalt demografiki üýtgeşmeler dünýäsinde gülläp ösmek üçin edilip bilinjek 8 zady hödürleýär.

Her ýyl 11-nji iýulda halkara jemgyýetçiligi Bütindünýä ilat gününi belleýär – bu halkara güni ilat we reproduktiw saglyk meseleleriniň wajyplygyny hem-de ähmiýetini görkezýär.

Ilatyň maglumatlarynyň durnukly ösüş üçin ähmiýetini görkezmek maksady bilen şu ýyl Bütindünýä ilat gününde «8 milliard ilatly dünýä: hemmeler üçin durnukly geljegiň ýolunda – mümkinçilikleri ulanmagyň we hemmeler üçin hukuklaryň we saýlamalaryň üpjün edilmeginiň ugrunda» tema saýlandy.

Şu ýyl bize taryhy waka garaşýar – çaklamalara göra, 2022-nji ýylyň 15-nji Noýabrynda dünýä ilatynyň sany 8 milliard adama ýeter diýip çaklanýar, bu bolsa planetamyzdaky adamlaryň sanynyň çalt ösmeginde ýene bir möhüm ädim bolar.

 

Taryhda ilkinji gezek ýurtlarda ortaça ýaşyň aşa tapawudyny we ilatyň dogluş derejesinde adatdan daşary dürlüligine şaýat bolýarys. Aglaba ýurtlaryň ilaty has garraýan hem-de dünýäniň 60% ilaty dogluş derejesi pes ýurtda ýaşaýan bolsa, beýleki ýurtlarda köpsanly ýaşlar ýaşaýar we olardaky ilat sany gün-günden has köpelýär.

 

Ilatyň dinamikasyndaky bu dürlilik täsirli we manyly syýasatlar üçin has jikme-jik ilat maglumatlary talap edýär. Şeýle-de bolsa, ilatyň sanyna däl-de, adamlara we durmuş derejesine ünsi jemlemeli. Adamlaryň sanynda üns jemlemegiň ýerine ähli ilat toparlarynyň saglygyna we abadançylygyna ýardam berjek ulgamlaýyn seljerişi etmek, meýilnama düzmek we ilatyň dinamikasynyň tiz üýtgemegine taýýar bolmak zerur.

 

Bu kontekstyň ýüzünde Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň Dekabr aýynyň 17-27 aralygynda geçiriljek ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlanýandygyny bellemek möhüm. Ýakynda geçiriljek ilat ýazuwy Türkmenistana içerki strategiki meýilnamalary düzmek we syýasaty netijeli ösdürmek üçin bölünmedik maglumatlary ýygnamak, ýaýratmak we ulanmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.

 

Ilatyň sanyndan başga-da, uçdantutma ilat ýazuwy ilatyň demografiki aýratynlyklary (jyns, ýaş, maşgala ýagdaýy); geografiki aýratynlyklary (doglan ýeri, häzirki ýaşaýan ýeri, ýaşaýyş döwründe göçmegi); bilim derejesi; etniki we medeni aýratynlyklary (milleti, ene we beýleki diller bilimi); ykdysady aýratynlyklary (eklenç çeşmeleri, iş, iş gözlemek); ilatyň saglygy we ýaşaýyş şertleri barada jikme-jik maglumat berýär. Bu, jemgyýetiň düzümindäki üýtgeşmeleri yzarlamaga mümkinçilik berýän ilatyň ululygy we aýratynlyklary barada iň täze maglumatlary almak üçin zerurdyr.  Her ýazuwyň netijeleri - ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin maglumat baza we ilatyň zerurlyklaryny hakykatdanam kanagatlandyrýan täsirli maksatnamalary işläp düzmek üçin görkezme bolup durýar.

 

Mysal üçin, dogluş derejesniň peselmegi näme bilen bagly – geljekki ene-atalaryň çagany we maşgalany nädip eklejekdiginiň, elýeterli ýaşaýyş jaý tapmaklygynyň aladasy bilen baglymy ýa-da ejäniň çaga seretmek boýunça rugsady onuň iş karýerasyna ýetirjek täsiri baradaky gorky bilen baglymy? Eger dogluş derejesi ýokarlanýan bolsa, onuň sebäbi jübütleriň öz islegi bilen baglymy ýa-da zenanlaryň reproduktiw saglyk we hyzmatlar barada bilmeýänligi hem-de elýetersizligi bilen baglymy? Her bir ynsany hasaba almak, hökümetlere üýtgeýän ilatyň zerurlyklaryna has gowy baha bermäge we demografiki durnuklylygy gazanmak üçin dürli ilatyň ähli zerurlyklaryny kanagatlandyrjak has ygtybarly ýoly düzmäge mümkinçilik döredip biler.

 

UNFPA, öz gezeginde, Demografiki durnuklylyk boýunça sebit maksatnamasynyň çäklerinde demografiki üýtgeşmeleriň netijelerine garşy göreşmek üçin ýurtlara goldaw berýär. Geçen ýyl BMG-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa agza ýurtlary 2021-nji ýylyň dekabrynda Sofiýa Ministrleriniň Konferensiýasynda çalt demografiki üýtgemelere garamazdan ýurtlaryň gülläp ösmegine mümkinçilik döredip biljek çäreleri güýçlendirmek üçin demografiki durnuklylygynyň onýyllygyna başlady.

 

Demografiki durnuklylygyň onýyllygynyň çäginde, dünýä ilatynyň sanynyň 8 milliarda golaýlanda, UNFPA sebitdäki ýurtlaryň adamlara, jemgyýetlere we ykdysadyýetlere ýetip biljek ýaramaz täsirlerini azaltmak we çalt demografiki üýtgeşmeli dünýäde gülläp ösmek üçin edip biljek 8 maslahatyny hödürleýär:

1. Adamlaryň haçan we näçe sany çaga dogurmak isleýändigini karar bermäge mümkinçiligi bolmagy möhüm

Islenilýän önelgelik bilen hakyky maşgala ululygynyň arasyndaky tapawut adamlaryň önelgelilik we reproduktiw saýlawlaryna bolan islegine päsgel berýän uly böwetleriň bardygyny görkezýär. Olaryň içinde ýokary çykdaýjylar (hususan ideg we bilim üçin), iş we maşgala borçlaryny bilelikde alyp çykmagyň kynçylyklary, hyzmatlaryň elýeterliligindäki böwetler we zenanlaryň ideg we oý babatdaky agramly işleri öz üstlerine almagyny talap edýän zyýanly gender adatlary bar.

 

Hökümet bu bökdençlikleri sosial we maşgala syýasatlaryny giňeltmek, reproduktiw hyzmatlara elýeterliligi ýokarlandyrmak we maşgala üçin oňaýly iş ýerleri döretmek, jemgyýetdäki gender deňsizligini has giňişleýin çözmek, esasanam ýaşlara geljegini meýilleşdirmek we maşgala gurmak maksady bilen öz ýurtlarynyň ykdysady geljeginde ynamly bolmak üçin şertler döretmek arkaly çözüp biler.

 

2. Adamlaryň ýaşamak hem-de geljegini meýilleşdirmek isleýän jemgyýetini döretmek zerur

Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada immigrasiýa ilatyň azalmagyna goşant goşýar, we önelgeli ýaşyndaky ýaşlaryň köpüsiniň daşary ýurtlarda maşgala gurup, çaga dogurmagy jemgyýetde garry adamlaryň köp bolmagyna itergi berýär. UNFPA-nyň sebitde geçirilen gözlegine görä, durmuşyň hilinden nägilelikleri ýaşlaryň daşary ýurda gitmegine bolan esasy sebäp bolup durýar.

Ýurtlar syýasaty işläp düzmeli we bilim hem-de iş mümkinçilikleri gowulandyrmak, ýokary hilli jemgyýetçilik hyzmatlaryny hödürlemek, ýaşaýyş jaý elýeterliligini ýokarlandyrmak, adamlaryň döwlet edaralaryna bolan ynamyny dikeltmek we ýaşlary milli we jemgyýetçilik durmuşyna çekmek üçin çäreleri görmeli.

 

Immigrasiýanyň özi mesele däl – ol öz gezeginde daşary ýurtlarda bilim almaga hem-de hünärmen derejesinde tejribe almaga, täze dili öwrenmäge hem-de dürli medeniýetler bilen tanyşmaga täze mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem bolsa, ýurtlar ýaşlaryň zerurlyklaryny we gyzyklanmalaryny göz öňünde tutmaly hem-de galmak, ýaşamak we maşgala gurmak isleýän jemgyýetiniň gurulmagyna goşant goşmaly.

 

3. Ýaşuly adamlara sagdyn we jemgyýetiň işjeň agzasy bolup galmaga mümkinçilik bermek

Ömrüň dowamlylygynyň ýokarlanmagy sebäpli jemgyýetler umuman garraýar.

 

Jemgyýetiň garramagyna henizem negatiw göz bilen seredilýär: abadançylyk ýagdaýyna howp we ýaşlara agyr ýük hökmünde görülýär. Şeýle-de bolsa, garrylyk diňe hökümetleriň taýýarlanmadyk we uýgunlaşdyrylmadyk ýagdaýynda kynçylyk bolup bilýär. Adamlar ömrüniň dowamynda bilim we saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanyp, garrylyk döwrüne peýdaly başarnyklar we saglyk bilen girip, ykdysadyýetiň we jemgyýetiň işjeň gatnaşyjy bolup galanda, pensiýa ýaş düşünjesi has çeýe we garry adamlar ösüp barýan hem-de olaryň talaplarynyň we saýlamalarynyň esasynda kämilleşýän “kümüş maliýesiniň” hereketlendirijisi bolýarlar.  

 

Garry adamlaryň jemgyýetden yzygiderli çykarylmagy adam pajygasy we ahlak taýdan pese gaçmakdyr. Şonuň bilen bir hatarda, ýurtlara ykdysady we sosial taýdan zyýan berýär. Çalt garraýan sebitde ýurtlar ähli başarnyklary, zehinleri we beýleki goşantlary bilen ilatyň dörtden bir bölegini çetleşdirip bilmeýärler.

 

​​​​​​​4. Maşgala merkezli syýasatlara maýa goýmak (hem-de ol syýasatlaryň zenanlary oňaýsyz ýagdaýda galdyrmaýandygyna göz ýetiriň)

Maşgala merkezli güýçli sosial syýasat maşgalanyň islegine laýyklykda çaga sanynyň bolmagy üçin açardyr. Ýokary kamilleşen döwletler ýurduň içerki önüminiň ösüş depgininiň 1-den 4 göterimi aralygyny maşgalalary goldamaga gönükdirýär. Iň täsirli çäreleriň biri, ene-atanyň rugsady gutarandan başlap, ony ene-atalaryň iş wagty bilen deňleşdirmek üçin elýeterli, ýokary hilli çaga idegini üpjün etmekdir.

 

Är-aýalyň haçan çagaly boljakdygy barada özbaşdak karar bermäge we durmuşyň dürli ýagdaýlarynda adamlaryň dürli zerurlyklaryna jogap bermäge mümkinçiligi bolanda şeýle syýasatlar has gowy işleýär. Şeýle çäreler erkeklere we zenanlara işi hem-de maşgala jogapkärçiliklerini sazlaşykly ýöretmäge we pes girdeýjili maşgalalara maddy goldaw bermäge mümkinçilik bermeli. Subutnamalar diňe has köp çagaly bolmak üçin maliýe höweslendirijili dar syýasatlaryň uzak möhletli täsir edip bilmejekdigini görkezýär.

 

Maşgalany goldaýan çäreleriniň aýal-gyzlary bilimden we kärden daşlaşdyrmazlygyny üpjün etmek hem möhümdir. Mysal üçin, uzaldylan enelik rugsady, gowy ýaly görünýän hem bolsa, çaga doglandan soň enäniň işe gaýdyp gelmegini kynlaşdyrýar. Maşgala goldaw syýasaty şeýle netijeleri göz öňünde tutmalydyr we işleýän zenanlaryňam, erkekleriňem öý işlerine adalatly goşant goşmagyny üpjün etmelidir.

 

​​​​​​​5. Maşgalada we jemgyýetde gender stereotipleri bilen göreşmek

Giňden ýaýran gender deňsizligi we zenanlaryň hem-de erkekleriň maşgaladaky, iş ýerlerdäki we jemgyýetdäki rollary baradaky stereotipler adamlaryň maşgala gurmak isleglerini we islenilýän çagalary dünýä indermek ýaly arzuwlary durmuşa geçirmäge päsgel berýän esasy faktordyr. Gender deňligi pes bolan ýurtlarda, ýokary derejede ösen hem bolsalar, dogluş derejesi gaty pes bolýar. Bu, esasan, zenanlaryň henizem tölegsiz öý işleriniň köpüsini we öý idegini etmeli bolýandyklary bilen baglanyşykly.

 

Mysal üçin, Ýewropada we Merkezi Aziýada zenanlar ideg bilen bagly tölegsiz zähmete erkeklere garanyňda 2,5 esse köp wagtlaryny sarp edýärler. Zenanlaryň gowy bilim alan sebitlerinde şeýle ýagdaý olary iş we maşgala arasyndaky kyn saýlawyň öňünde goýýar. Zyýanly stereotipler we jemgyýetçilik kadalar bilen göreşmek üçin wagt gerek, emma ondan geljek peýdalar gaty uly we çaga dogluşynyň sanyny artdyrmakdan daşary has uly netijelere getirip bilýär. Sebäbi zenanlar çaga dogurmakdan ýüz öwürmezden jemgyýetiň ähli ugurlaryna doly gatnaşsalar, ýurtda diňe ilat köpelmek bilen çäklenmän, mümkinçilikler, durnuklylyk we geljekki nesil üçin ösüşler garaşýar.

 

​​​​​​​6. Ýaşlar üçin iň gowy mümkinçilikleri döretmek

Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde ýaşlaryň öz geljegi üçin ynamsyzlygy immigrasiýanyň ýokary derejesiniň sebäbi bolup, çaga dogluşynyň peselmegine täsirini ýetirýär. Işsizlik bilen durnuksyz işiň sazlaşygy, zerur bolan dolandyryşyň ýoklugy we gatnaşmak üçin mümkinçilikleriň çäklendirilmegi köp ýaşlara, hususanda Gündogar we Günorta-gündogar Ýewropada, has gowy mümkinçilikleri başga ýerden gözlemäge iterýär.

 

Bu meseläniň çözgüdi bilim, saglyk, zähmet bazary, gowy dolandyryş we syýasy gatnaşyk hem-de sosial howpsuzlyk torlaryny berkitmek bilen baglanyşykly giňişleýin syýasat jogaplaryny talap edýär.

 

​​​​​​​7. Has inklýuziw jemgyýeti döretmek

Demografiki üýtgeşme köplenç kyn mesele hökmünde görülse-de, has güýçli, has inklýuziw jemgyýet gurmak üçin ajaýyp mümkinçilik hökmünde görmek mümkin. Döwrebap dünýäde ýurduň güýji ilat sany bilen däl-de, onuň bilimi, başarnygy we zehini bilen ölçenýär. Emma bu adam baýlygynyň kämilleşdirilmegi üçin iňňän az işler edilýär, gaty köp adam jemgyýetden üzňe galdyrylyp, öz ukyplaryny doly derejede amala aşyryp bilmeýärler. Demografiki üýtgeşmelerden iň gowy baş alyp çykýan ýurtlar muňa düşünýärler we adamlary özüne çekip biljek syýasatlary düzýärler: zenanlaryň iş güýje elýeterliligini goldaýarlar, daşary ýurtlardan zehinleri özlerine çekýärler, kiçi toparlary integrirleýärler hem-de ýaşuly adamlar pensiýa çykanyndan soň hem jemgyýetiň, maliýäniň we ýurduň durmuşynyň işjeň agzasy bolup galmagyna ýardam berýärler. Inklýuziw jemgyýetler demografiki üýtgeşmelere has durnukly hem-de ilat sanyndan garaşsyzlykda gülläp ösmäge has köp mümkinçilikleri bolýar.

 

​​​​​​​8. Has netijeli syýasatlar üçin hili ýokary bolan maglumatlar

Iň esasy zat – ýokary hilli maglumatlara eýe bolmak. Ol hökümetlere häzirki ýagdaýy seljermäge, talaplara jogap bermäge we geljegi meýilleşdirmäge ýardam berýär. Elimizdäki bar bolan maglumatlar geljekki onýyllykdaky bolup geçjek demografiki üýtgeşmeleri ýokary derejede çaklamaga kömek edýär. Mysal üçin, olara esaslanyp ýakyn geljekde sebitdäki ilatyň garramagynyň dowam etjegini bilip bilýäris, we hökümet ol maglumatlary üýtgeýän hakykata laýyklykda ulgamlary taýýarlamak üçin ulanyp bilýär. Ýöne alnyp baryljak işleriň has netijeli bolmagy üçin has jikme-jik – jynsy, ýaşy we beýleki görkezijileri esasda dezagrigirlenen (bölünmedik) maglumatlar gerek, şol sanda milletara derejedäki maglumatlar. We biz maglumat ýygnamagyň usulyny döwrebaplaşdyryp, häzirki hakykata sazlamaly. Mysal üçin, ähli ýaşlary bir topara birikdirmegiň netijesinde ýetginjekleriň tendensiýalaryny we zerurlyklaryny gözden salyp, ol ýaş topardakylaryň talaplaryny göz öňüne tutmazlyk töwekgelçiligine duşýarys.

 

2022-nji ýylda geçiriljek ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynda alynjak ýokary hilli we jikme-jik maglumatlara esaslanyp, Türkmenistan öz demografiki durnuklylygyny ýokarlandyryp, demografiki geljegi çaklap hem-de oňa taýýarlanyp biler.