Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Aýallaryň saglygyny we maşgaladaky ýagdaýyny berkitmek boýunça welaýatlarda seminar geçirildi  

Aýallaryň saglygyny we maşgaladaky ýagdaýyny berkitmek boýunça welaýatlarda seminar geçirildi  

News

Aýallaryň saglygyny we maşgaladaky ýagdaýyny berkitmek boýunça welaýatlarda seminar geçirildi  

calendar_today 25 August 2024

UNFPA logo
UNFPA Turkmenistan

2024-nji ýylyň 5-23 awgust aralygynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy (UNFPA) Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde ähli welaýatlarda iki günlük seminarlary geçirdi. Olaryň maksady tejribe alyş-çalyş etmekden, aýallara garşy zorluga baş goşýanlar bilen işlemek boýunça gollanmany we okuw modullaryny ara alyp maslahatlaşmakdan, şeýle-de polisiýa, saglygy goraýyş we jemgyýetçilik hyzmatlary ulgamlarynda milli hünärmenleri taýýarlamakdan ybarat boldy

Seminarlara saglygy goraýyş, jemgyýetçilik we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň her weleýatdaky edaralarynyň hem-de “Aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy boýunça synyň” Iş toparynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Bu çäre UNFPA bilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň arasyndaky 2024-2025-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasy, şeýle hem “Aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy boýunça synynyň” tekliplerini ýerine ýetirmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasy esasynda geçirildi. 

Seminarlar maşgaladaky zorlugyň öňüni almak boýunça işleýän hünärmenleriň mümkinçiliklerini artdyrmaga, ejir çekenlere ýardam bermekde pudagara utgaşykly işlemegiň ýörelgelerini pugtalandyrmaga, şeýle-de maşgalada zorluga baş goşmaga meýilli erkekler bilen hemmetaraplaýyn işlemegiň ýörelgelerini berkitmäge gönükdirildi. Seminarlara gatnaşyjylar öňüni alyş işlerini geçirmek, ejir çekenlere ýardam bermekde, zorlugyň gaýtalanmagynyň öňüni almak boýunça hyzmatlary utgaşdyrmak boýunça zerur maglumatlary aldylar. 

UNFPA we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny durmuşa geçirilmegi üçin bilelikde işlemegi dowam etdirerler.