Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Aýbaşy kalendary saňa näme üçin gerek?

Aýbaşy kalendary saňa näme üçin gerek?

News

Aýbaşy kalendary saňa näme üçin gerek?

calendar_today 18 March 2022

Aýbaşynyň  başlanan  we  gutaran  gününi,  onuň dowamlylygyny  bellemek  nämä  gerekkä? Ähli zady resmileşdirmek üçin däldigi-hä anyk.

Ilkinji nobatda, aýbaşy kalendary, yzygiderliligi anyklamaga,  aýbaşynyň  garaşylýan gününi, owulýasiýa günlerini çaklamaga kömek edýär we aýbaşy aýlawy bozulan halatynda zerur bolanda anyklamaga ýardam berýär. Ilkinji gezek aýbaşy başlandan aýbaşy sikliň senenamasyny ýöretmek talaba laýykdyr. Senenama programmasyny Android ýa-da IOS smartfon arkaly ýükläp bilersiň: Flo, Period Calendar, Bilim.

 

Zenanlaryň aýbaşy kalendaryny nähili ýöretmeli?

Häzirki zaman tehnologiýalary bu soraga ýönekeý jogap berýär. Häzirki wagtda smartfonlar üçin köpsanly programmalar bar — aýbaşynyň çen bilen başlanýan senesini ýatladýan funksiýaly kalendarlar, özüňi duýşuň we şähdiň, agramyň üýtgäp durmagy we ş.m. barada ýazgylary etmek üçin zametkalar. Bu programmalary ýöretmeklik dolulygyna awtomatlaşdyrylan bolup, aýyň dowamynda 7-den 10 minuda çenli wagt alýar.

Şeýle kalendar — şahsy saglygyňa gözegçilik etmek üçin ykjam serişde. Ähli zatlary kellede saklamak gerek bolmaz.  Syýahata  gitmegi meýilleşdirmek zerurlygy ýüze çykanda ýa-da lukmanyň  aýbaşy döwrüniň dowamlylygy, agyrylar, näsazlyklar hakdaky soraglaryna jogap bermeli bolanda, öz bellikleriňize seredäýmek ýeterlik.

 

AÖA  näme?

Aýbaşydan öňki alamatlar  (AÖA) hemme adamda bolanok. Aýbaşy döwrüniň tamamlanmagyna birnäçe gün galanda ýa-da ilkinji günlerinde, aýbaşy tamamlanýança içiň, kelläň agyryp, bogunlaryň syzlap bilýär, çalt-çaltdan keýpiňiz  üýtgeýär. Başga-da bolup biläýjek alamatlar  — agramyň artmagy,  bedende  az-owlak  çiş bolup suwuklygyň saklanmagy, iç geçme ýa-da iç gatama, tagam bilişiň we  işdäniň üýtgemegi.

Eger-de  bu biynjalyklyklar derrew geçýän bolsa we siziň gündelik durmuşyňyza hiç hili täsir etmeýän bolsa,  onda bu  bedeniň  geljekki aýbaşa  kadaly jogaby hasaplanýar. 

Eger-de alamatlar örän güýçli bolup, size işlemäge, okamaga  päsgel berýän bolsa, onda bu ýagdaý KADALY DÄL. Her aýbaşyda gaýtalanýan alamatlar, köp mukdardaky gan bölünip çykmasy, ganyň iri-iri lagtalanmagy we ş.m. — lukmana gyssagly ýüz tutmalydygyny aňladýar. 

 

AÖA garşy nädip göreşmeli?

Aýbaşydan öň we aýbaşy wagtynda birnäçe günläp, kähalatlarda bolsa hepdeläp oňaýsyz ýüze çykmalara hemme gyz çydap gezip bilmeýär.

Bu ýagdaýyň täsirini azaltmagyň birnäçe usuly bar:

• Berhiz. Aýbaşy başlamazdan öň, kähalatlarda erkiňden çykyp, süýjüden ýa-da kakadylan ýeralmadan doýasyň gelýär. Iň gowusy gowşaklyga ýol bermeli däl — ýogsam, ol beýleki alamatlary — ýokary çişginlik, şeker bolsa – agram ýüze çykaryp biler. Adaty bolşy ýaly iýmitleniň, çylşyrymly uglewodlary (dürli ýarmalar, makaronlar, mekgejöwen, ýeralma, kösükli we ş.m.) we beloklary (et, balyk we beýlekiler) köpräk iýiň — olar organizm üçin esasy gurluşyk materiallarydyr. Witaminleri — miwelerdir gök önümleri hem unutmaň.

• Sport. Fiziki işjeňligiň şadyýanlyk getirýändigi — anyk hakykat. Sport bilen yzygiderli meşgullanmaklyk netijesinde endorfinler — AÖA-nyň ýaramaz alamatlaryny kadalaşdyrmaga ukyply gormonlar işlenip taýýarlanylýar we serotoniniň — bagt gormonynyň derejesi ýokarlanýar.

Elbetde, aýbaşy döwründe fiziki işjeňligi azaldanyň gowy. Adaty türgenleşiklere derek onuň ýeňilleşdirilen görnüşine geçiň ýa-da başga bir işjeňlik saýlaň — ýumşak ýoga, gimnastika maşklary, açyk howada gezelenç.

Eger-de diýseň erbet bolsaňyz...

... onda lukmana ýüz tutmaly. Güýçli agyry we beýleki ýüze çykmalar düýpli meseleleriň bardygynyň alamatlandyryp biler. Ýetginjeklik döwründe aýbaşynyň bozulmagy neslegeçiji keselleriň öňki alamatlary bolup biler.

 

Agyryny aýyrýan serişdeleri içmek bolýarmy?

Ilkinji nobatda, lukman bilen maslahatlaşmaly. Ol meseläniň düýp özenini öwrenip, näme etmelidigine karar bermeli. Lukmanyň maslahatlaryna eýermeli. Aýbaşy günlerinde agyry aşa güýçli bolup, agyryny aýyrýan dermanlarsyz oňup bolmaýan ýagdaý bolup biler.

Şeýle serişdeleri kabul edip, siz aýbaşy döwründe adaty depginiňizi gowşatman, okuwyňyzy we işiňizi dowam edip bilersiňiz.

 

NETIJE

Öz saglygy gözegçilikde saklamaklyk endige öwrülmeli. Çünki biz özümiziň ýeke-tägimiz ahyryn. Bu prosesi ýeňilleşdirýän ähli serişdelerden peýdalanyp: aýbaşy kalendary, maşk etmek zerurlygyny ýatladyjylar, lukman hünärmenlerinde barlagdan geçmegiň awtomatlaşdyrylan grafigi.

Bu size saglygyňyzyň inçe ýagdaýlaryndan habarly we ähli zada diýen ýaly taýýar bolmagyňyza kömek eder. 

 

Related Content

Campaign

27 October 2021

Erkekler hem
Read story