Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Adam papilloma wirusy: nämesi howply we nädip goranmaly?

Adam papilloma wirusy: nämesi howply we nädip goranmaly?

News

Adam papilloma wirusy: nämesi howply we nädip goranmaly?

calendar_today 08 November 2021

Adam papilloma wirusy (APW) – jyns ýollary arkaly geçýän has köp ýaýran ýokanç keseldir. Bu AIW ýa-da gerpes däldir, ýöne muňa garamazdan, bu keseliň netijeleri hem elhenç bolup biler; hatda nesil öndürijilik organlaryň rak keseline çenli baryp biler.

Saglygyňy nädip goramaly?

 

APW näme?

APW – bu köplenç halatda jyns gatnaşyklary arkaly ýokuşýan ýokanç keseldir. APW-niň köp sanly dürli-dürli görnüşleri bar, her biriniň hem öz ýetirýän täsiri bar. Olar baryp genital siňňilinden başlap rak keseline çenli eltip bilýär.

Ýöne wirusyň özi organizmde duýdansyz, alamatsyz hereket edýär. APW bilen kesellän adam onlarça ýyllap bu barada güman hem etmän biler.

 

APW-nyň görnüşleri

APW – dünýäde aşa giňden ýaýran wiruslar toparynyň umumy ady. APW-nyň 170-den gowrak görnüşi mälim bolup, olar üç sany şertli topara bölünýär:

Pes-onkogenli – organizmde alamatsyz hereket edýär we hiç hili täsirsiz birnäçe ýyldan çykarylýar. Käbir ştammlary siňňil çykaryp bilýär.

Orta-onkogenli – atipik öýjükleriň emele gelmeginiň orta derejede howpuny saklaýar.

Ýokary-onkogenli – esasan, 16 we 18 görnüşleri — bu wiruslaryň netijesinde ýaramaz hilli rak çişleri emele gelýär. APW-16 ýatgy boýunjygynyň rak keseliniň ýüze çykmagynyň has ýygydan duşýan sebäbidir.

 

APW NÄHILI ÝOKUŞÝAR?

APW keselli adamdan jyns gatnaşyklarynyň netijesinde geçip bilýär. Bu keseliň alamatlary keselli adam bilen jyns gatnaşyklaryndan bolanyňdan ençeme ýyl soň ösüp bilýär, şonuň üçin hem kesellemäniň haçan bolandygyny anyk bilmek kyn bolýar.

 

APW SAGLYK BILEN BAGLY MESELELERI DÖREDÝÄRMI?

Pes-onkogenli APW bilen keselleme ýagdaýlarynda bu kesel özbaşyna geçýär we saglyk bilen bagly hiç hili meseleleri ýüze çykarmaýar. Emma wirusyň orta-onkogenli we aýratyn hem ýokary-onkogenli görnüşleri şu aşakdaky howplary döredip bilýär:

Genital siňňili – jyns organlarynyň töwereklerinde ýekeleýin çişler ýa-da çişleriň köplügi. Uly ýa-da kiçi bolup biler, öňe çykyp duran ýa-da tekiz bolup, görnüşi boýunça reňkli kelemi ýada salyp biler.

Dürli hili deri siňňillerini we damakda  hem-de ses perdelerinde siňňilleri – ýiti uçly kondolimalary, bedeniň reňkindäki kiçeňräk ösüntgiler

Rak – ýatgy boýunjygynyň, göni içegäniň, agyz boşlugynyň we damagyň, jyns organlarynyň rak keselini döredip bilýär. 

 

RAK?!

APW ýatgy boýunjygynyň rak keselini we ragyň beýleki görnüşlerini, şol sanda daşky jyns organlarynyň ragyny döredip biler. Ol şeýle hem bokurdagyň yzky diwarlarynyň ragyny, şol sanda diliň düýbüniň we badam şekilli mäzleriň ragyny döredip bilýär.

Köplenç halatda APW bilen kesellän adamda rak keseli ýüze çykýança ýyllar, hatda onlarça ýyllar geçip bilýär. Howp toparyna — gowşak immun ulgamly adamlar, ýygy-ýygydan jyns ýoldaşlaryny çalyşýan adamlar, kontrosepsiýanyň barýer usullaryny peýdalanmaýan adamlar degişli.

 

APW GÖWRELILIGE TÄSIR EDÝÄRMI?

Göwrelilik döwründe immunitetiň peselmegi we organizme köp agram düşmegi sebäpli kesel latent görnüşinden (haýal ösýän) kliniki ýüze çykmaly görnüşine geçip bilýär. Kondilomalaryň döremegi we olaryň tiz ösmegi ýüze çykyp biler.

Şunuň bilen baglylykda, zenanlar üçin birnäçe kynçylyklar ýüze çykýar, şol sanda ýöremekde döreýän agyrydan başlap, çaganyň jyns ýollaryndan geçmeginden ýüze çykýan netijelere çenli baryp ýetýär. Zeper ýeten kondilomalara başga-da ýokanç keseller degip biler.

Göwreli zenanlarda kondilomalaryň bejergisi örän INDIWIDUALDYR we esasy seredýän lukman tarapyndan bellenilýär.

Ýatda saklaň!!! Reproduktologlar we ginekologlar göwreliligi meýilleşdirmek barada — çaga etmezden ÖŇ saglygyň barlatmak barada ýöne ýere aýtmaýarlar. BU günki gün hassahanalarda lukmanlar zenanlary göwrelilige taýýarlaýan birnäçe işleri geçirýärler, şol sanda düwünçegiň dogry düşmek mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin foliý kislotasyny ýazýarlar. 

 

APW-DAN WE ONUŇ SAGLYGYŇYZA ÝETIRIP BILJEK ZYÝANYNDAN NÄDIP GAÇA DURMALY?

APW bilen kesellemek we onuň ösmek mümkinçiligini peseltmek üçin birnäçe çäreler bar:

Sanjym. APW garşy sanjymlar howpsuzdyr we netijelidir. Bu günki gün sanjymlar — APW-nyň bedende ösmeginiň öňüni alýan iň täsirli usuldyr.

9 ýaşdan 26 ýaş aralykdaky iki jynsyň hem wekilleri başlangyç immunizasiýanyň doly bejergisini geçmeli — aralyga ýarym ýyla çenli wagt salyp, 3 sany sanjym almaly.

TOSLAMA: APW-nyň sanjymy önelgesizligi döredýär! 

HAKYKAT: APW ýatgy boýunjygynyň rak keseliniň ýüze çykmak howpunyň öňüni alýar.

Ýatda saklaň!!! Sanjym eýýäm bar bolan keseli bejermeýär. Sanjymy jyns gatnaşyklaryna başlamazdan öň almaly.

Ýatgy boýunjygynyň rak keseliniň skriningi. Skrining — rutin hadysadyr, ýöne gyzlaryň aglabasy utanjaňlygy sebäpli ýa-da beýleki sebäplere görä ondan gaçýarlar. Hut skrining deridäki üýtgeşmeleri irki döwründe ýüze çykarmaga we keseliň mundan beýläkki ösüşiniň öňüni almaga kömek edip biler.

Barýer kontrosepsiýanyň peýdalanylmagy. Prezerwatiwler APW bilen keselleme mümkinçiligini peseltse-de, ony dolulygyna aradan aýryp bilmeýär. 

Monogam gatnaşyklar. 

 

GEÇIŞ

Dürli maglumatlara görä, adam papilloma wirusy ilatyň 70-80%-de bar we adatça berk immuniteti bolan «eýesini» bimaza etmeýär. Ýöne kesellemek howpy hemmelerde bardyr.

APW-nyň öňüni almaklyk — bu geljege goýlan goýumdyr. Hut sanjym has ygtybarly goragy üpjün edýär.

Şeýle hem immuniteti berkitmäge we gorap saklamaga üns bermeli: zyýanly endiklerden el çekmeli, deňagramly iýmitlenmek we fiziki işjeňlik düzgünlerini berjaý etmeli, şahsy arassaçylyga üns bermeli we öňüni alyş barlaglary maksady bilen yzygiderli lukman gözegçiliginden geçip durmaly.