Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

AIW we AIDS barada sen näme bilmeli?

AIW we AIDS barada sen näme bilmeli?

News

AIW we AIDS barada sen näme bilmeli?

calendar_today 23 November 2021

Häzirki wagtda, ýeriň ýüzünde 47 milliondan hem köp adam AIW bilen kesellän, olardan 25 milliony - işe ukyply ýaşdaky adamlardyr. AIW bilen kesellän adamlaryň köpüsi hat-da özleriniň infeksiýalydygy barada sübhe hem etmeýärler.

Köp adamlar AIW we AIDS şol bir zatdyr diýip pikir edýärler - emma bu beýle däl

AIW - bu Adamyň immun-defisit wirusynyň gysgaldylan ady. AIDS - Adamyň immun-defisit sindromynyň gysgaldylan ady. AIW seniň bedeniň dürli keseller bilen göreşmäge kömek edýän gorag güýçlerini (immun ulgamyny) ýuwaş-ýuwaşdan weýran edýär. AIDS bolsa AIW-yň iň ahyrky tapgyrynda döreýän sindrom - bu ýagdaýda adamyň gorag güýçleri bütinleý diýen ýaly weýran edilýär, we ol adam immunitediň ýetmezçiliginden islendik infeksiýadan ölmegi mümkin.

AIW täze wiruslary öndürýän fabrika dönäýär

AIW Immun ulgamyň öýjügine düşüp ony şeýle bir üýtgedýär, hamala ol täze wiruslary öndürýän fabrika dönäýär. Netijede, AIW köpelýär we öýjük ölýär. Immunitediň ýetmezçiligi güýçlenýär - ýagny, bedende içki we daşky kesel dörediji faktorlardan gorag güýjüniň ýetmezçiligi ýüze çykýar.

AIW-ň adamdan adama geçiş ýollary AIW geçip biler:

Ganyň üsti bilen - sterilizasiýa edilmedik sanjymiňňe, pirsing we tatuirowka, gulak deşmek üçin abzallar we iňňeler ulanylanda, hat-da bir gezek ulanylýan hem bolsa. Goralmadyk jyns gatnaşygy arkaly. Infisirlenen adam bilen, prezerwatiwsiz bir gezek gatnaşyk edilende hem HOWP bar. Eneden çaga, göwrelilik, dogum, ýa-da ene süýdi bilen emdirilýän döwürlerinde. Näme üçin? Sebäbi wirus diňe adamyň bedeniniň suwuklyklarynda ýaşaýar we immun ulgamynyň kletkasynyň içinde köpelýär. Gan, limfa, döl, göwüs süýdi, gyzlaryň jyns agzalaryndan çykýan suwuklyk - bu biologiki suwuklyklar we öz düzüminde ýokuşmak üçin ýeterlikli möçberde AIW saklaýarlar.

AIW-yň geçmeýän ýollary

AIW-y bolan adamyň taýýarlan naharynyň üsti bilen; Hojalykda gündeki gatnaşyk arkaly (umumy hajathana, duş, gap-gaç we şm., ulanylanda); Hammamda, suw howdanynda, saunada, ulagda; Elleşip salamlaşylanda, gürrüňdeşlikde, gujaklaşylanda, dostlukly öpüşmede; Gözýaş, der, tüýkülik arkaly, üsgülewükde we asgyrmada; Mör-möjekler çakany üçin, haýwanlar we guşlar bilen aragatnaşykda; Näme üçin? Sebäbi, AIW gün şöhlesiniň, ýokary temperaturanyň, dezinfisirleýji serişdeleriň täsiri astynda daşky gurşawda çalt ölýärler. Siýdik, der, tüýkülik - öz düzüminde wirusyň örän az mukdaryny saklaýar ýa-da bütinleý saklamaýar, şol sebäpli howpsuz hasaplanýar.

Seniň pikiriňçe bularyň haýsysy AIW bilen infisirlenen?

Daşky sypatlar boýunça ony anyklamak mümkin däl. Wirus adamyň bedeninde köp wagtlap saklanyp we ýüze çykman biler. Bedende wirusyň barlygyny ýa-da ýoklugyny diňe ganyň analizi - AIW test görkezip biler.

AIW testi nirede tabşyryp bolar?

Türkmenistanda, AIW barlagyny AIDS merkezlerinde tabşyryp bilersiň: Aşgabat ş. Çoganly, 2255 (O. Annaýew köçesi), j. 79 23-91-12 Ruhabat etraby, Parahat mikroraýony, Ýeňiş köçesi, j. 10 35-31-06/07 Mary ş. Atamyrat Niýazow şaýoly, j.40 4-23-31 Türkmenabat ş. Gurbansoltan eje köçesi, j. 46, 3-63-29 Balkanabat ş. 133-nji kwartal, j. 41 6-03-73 Türkmenbaşy ş. Aşgabat köçesi, j. 20 7-60-03 Daşoguz ş. 10 ýyl Garaşsyzlyk köçesi, j. 3 5-47-21