Go Back Go Back
Go Back Go Back

Erkekler we reproduktiw saglyk: gorag ulanyň, yzygiderli barlagdan geçip duruň, zenanlaryň hukuklaryna we saýlawyna hormat goýuň

Erkekler we reproduktiw saglyk: gorag ulanyň, yzygiderli barlagdan geçip duruň, zenanlaryň hukuklaryna we saýlawyna hormat goýuň

News

Erkekler we reproduktiw saglyk: gorag ulanyň, yzygiderli barlagdan geçip duruň, zenanlaryň hukuklaryna we saýlawyna hormat goýuň

calendar_today 19 October 2021

Sagdyn maşgalanyň kemala gelmegi üçin ony meýilleşdirmek wajyp başlangyçlaryň biri bolup durýar. Bu jogapkärçilikli prosesde jübütler utgaşykly hereket etmelidir, esasan hem, erkekler muňa işjeň gatnaşmalydyr. Maşgala meýilleşdirmek we onda erkeklere düşýän jogapkärçilik, şeýle hem reproduktiw saglyk ulgamynda Türkmenistanda bar bolan hyzmatlar barada Reproduktiw saglygy goraýyş Milli merkeziniň başlygy Akjemal Durdyýewa bilen gürrüňdeş bolduk.

 

Akjemal Durdyýewa meýilleşdirmegiň eýýäm ýetginjeklik döwründe başlaýandygyny aýdyp, “Meýilleşdirmegiň özi eýýäm ýetginjek ýaşda başlanýar. Ýetginjek döwründe çözülmedik saglyk meseleleri maşgala gurlanyndan soň täsirini görkezmäge başlaýar. Önelgesizligiň sebäpleriniň käbiriniň gözbaşy ýetginjeklik döwrüne daýanýar. Bu döwürde oglanyň ýa-da gyzyň jynsy ulgamy yzygiderli kämilleşýändigi üçin ýüze çykýan nogsanlyklary uly ýaşda bejermek kynrak bolýar” diýip belledi. Durdyýewa maşgala meýilleşdirmegi öý gurmaga meňzedip, öňünden meýilleşdirilen islendik hereketiň gowy netije berýändigini beýan etdi.  “Maşgalany meýilleşdirmek sagdyn maşgalany gurmak, sagdyn çagalar edinmek üçin wajyp. Çaga maşgalany jebisleşdirýär, agzybirligi güýçlendirýär, maşgalanyň gelejegini bina edýär” diýip, merkeziň başlygy belledi.

 

Merkeziň başlygy maşgala meýilleşdirmekde erkeklere düşýän esasy wezipäniň wagtly wagtyna barlagdan geçmekdegini aýdyp, jübütleriň ikisiniň agyry ýüze çykýança gezmän öňünden barlagdan geçmelidigine ünsi çekdi, “Reproduktiw saglyk boýunça är-aýalyň ikisi bilelikde jogapkärçilik çekýär, şol sebäpden biz barlaglara ikisini hem bilelikde çagyrýarys” diýdi. Durdyýewa erkekleriň maşgala meýilleşdirmekdäki jogapkärçilikleri baradaky gürrüňi dowam edip, şeýle belläp geçdi: “Oglanjyklarda we erkeklerde meýilleşdirilmedik jynsy gatnaşyklary bolmaly däl. Jynsy ýollar arkaly geçýän kesellerden goranmaly. Hökmany ýagdaýda prezerwatiwleri ulanmaly. Sowuklama ýa-da beýleki ýagdaýlar ýüze çykan ýagdaýynda andrologiýa otaglaryna ýüz tutmaly.”

 

Akjemal Durdyýewa maşgalany meýilleşdirmegiň maşgalanyň we ýurduň ykdysady ýagdaýyna hem oňyn täsir etjekdigini aýtdy. Durdyýewa “Sagdyn çaga dogulsa, ol sagdyn ýetginjek bolup ýetişýär, ene hem sagdyn bolýar. Bu bolsa gönümel jemgyýetiň sagdyn bolmagyna getirýär. Sagdyn bolanlygynda derman serişdeleri az gidýär, hassahanalaryň ýüki azalýar” diýip, beýan etdi.

 

Häzirki wagtda Reproduktiw saglygy goraýyş Milli merkezi Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde ýerleşýär, şeýle hem welaýatlarda enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezlerinde reproduktiw saglygy goraýyş merkezleri hereket edýär. Bulardan daşary erkekleriň saglygyny goraýyş merkezi we ýetginjekleriň saglygyny goraýyş merkezi hereket edýär. Bu merkezleriň utgaşyklykda işleýändigini aýdan Akjemal Durdyýewa, reproduktiw saglygy hemmetaraplaýyn goramak üçin ýetginjekler, erkekler we zenanlar üçin aýratynlykda hasabat formalarynyň döredilendigini belläp, “2018-nji ýylda reproduktiw saglyk boýynça täze hasabat formalary döredildi. Şol ýyl hem howp toparyndaky zenanlaryň anyk sanawyny çykardyk. Kontraseptiwleri howp toparyndaky zenanlara mugt bermäge başladyk. Mundaky maksat dogrumy azaltmak däl-de eýsem zenanlaryň saglygyny dikeltmek boldy” diýdi.

 

Merkezler bilen bilelikde Türkmenistanyň ähli künjeginde jemi 95 sany reproduktiw saglyk otaglary hereket edýär. Bu otaglar maşgalalarda önelgesizligiň, dürli ýokuşmalaryň, islenilmedik göwreliligiň öňüni almak ugurlarynda hereket edýär, şeýle hem howp toparyndaky zenanlary dört görnüş häzirki zaman kontraseptiwleri bilen mugt üpjün edýär. Akjemal Durdyýewa bu kontraseptiwleriň 2017-nji ýyldan bäri dolulygyna Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň serişdelerine üpjün edilýändigini belläp, agzalan merkezleriň we otaglaryň esasy wezipeleriniň biriniň wagyz-nesihat işlerini geçirmekdigini aýtdy. “Merkezleriň lukmanlary esasan wagyz-nesihat işlerini geçirýärler; fabriklerde, zawodlarda, mekdeplerde, metjitlerde. Şeýle mesele ýüze çykanynda lukmana ýüz tutmalydygyny, maşgalany meýilleşdirmegiň gowy netije berýändigini adamlaryň dykgatyna ýetirýäris” diýip, Durdyýewa beýan etdi. 

 

Reproduktiw merkeziň başlygy erkekleriň saglygynda ýüze çykjak nogsanlyklaryň öňüni almak maksady andrologiýa merkezleriniň reproduktiw saglyk otaglary bilen bilelikde işlýändigini aýdyp, mekdepleriň uly synp oglanlarynyň arasynda, harby bölümlerde wagyz-nesihat işlerini geçirýändiklerini belledi. Durdyýewa SG we DSM-niň erkekleriň saglygyny goramak üçin uroandrologiýa ugry boýunça hünärmenleri ýetişdirendigini mälim etdi, “Hemme etraplarda erkekleriň reproduktiw saglygy boýunça jogapkär uroandrologlar bellenildi” diýip, maglumat berdi.

 

Akjemal Durdyýewa lukmana wagtynda ýüz tutmagyň örän wajypdygyna ünsi çekip, söhbetdeşligiň soňunda erkeklere şeýle maslahat berdi: “Goranyň, öz wagtynda lukmana ýüz tutuň, zenan hukuklaryna hormat goýuň!”