Adam durmuşynyň islendik sferasynda razylaşmagy ýa-da ret etmegi başarmak gerek. Adamlaryň arasyndaky gatnaşyk hem muňa degişli. Gatnaşyklarda hem razylyk soramak we öz razylygyň barada gürrüň bermek zerur.
Üns beriň! Gatnaşykdaky her bir tarap bir zady teklip etmäge, oňa razylaşmaga ýa-da garşy çykmaga haky bar. Gatnaşykda borç diýen zat ýok (är-aýal “borjy” hem şol sanda).
Razylyk näme? Razy bolmazlyk näme? Razylygy nädip dogry soramaly ýa-da razylaşmaly? Näme üçin bu wajyp? Bilelikde jogap bereliň.
Razylyk näme?
Jübütleriň islendik hereketi iki tarapyň razylygy bilen bolup geçmeli. Bu düşnükli görünýär: birek-biregi söýýän adamlar dürli tapgyrlary geçip, bilelikde gatnaşyk gurmaga, ony kämilleşdirmäge razylaşýarlar.
Emma gürrüň gatnaşyklardaky takyk hereketler barada bolanda, hemme zat düşnükli görünýär.
Razylyk – ynamly, razylykly we höwes bilen aýdylan “HAWA!” sözi. Mundan başga ähli zatlar – razylyk däl.
Närazylyk näme?
Köp adamda razylyk baradaky düşünje bolmaýar. We olar köp sözleri we hereketleri razylyk hökmünde kabul edip bilýärler.
Üns beriň! Razylyk – ynamly we aýdyň, höwes bilen we hiç hili basyşsyz aýdylan “HAWA!” sözi. Mundan başga zatlaryň hijisi razylyk däl.
Mysal üçin:
- Dymmak – razylygyň alamaty däl
- Ýalbaryp, basyş bilen, manipulýasiýa bilen alynan razylyk – razylyk hasaplanyp bilmez
- “Aý isleýän bolsaň...” – razylyk däl
- Işjeň garşy çykmazlyk (iteklemek, gygyrmak) – razylyk däl
- “ÝOK” diýmek “HAWA” diýmek däl. “ÝOK” diýmek – närazylygy aňladýar.
Razylyk – kynmy?
Ýok, razylyk – kyn däl. Närazylyk ýaly. Onuň üçin aklawjylary çagyrmak we şertnama düzmek zerur däl.
Birek-birek barada ideg etmek we ünsli bolmak gerek, bir zada garşy çykmaklygy – näräzylygy – gödeklik ýa-da duýgularyň soňlanandygyny aňladýan ýaly kabul etmeli däl.
Siziň taýyňyz özüni ýarawsyz duýup biler, keýpsiz bolup biler, ol belli bir işleri ýerine ýetirmegi islemän biler. Beýle bolmagy adaty.
Jynsy gatnaşyk etmäge aktiw razylyk
Jynsy gatnaşyk etmek üçin iki tarapyň hem aktiw razylyk bermegi möhüm zat. Bir-birimize belli bir hereketler barada sorag bermek ýa-da razylaşmak bilen biz birek-biregmiziň aladasyny edýäris, howpsyzlyk we ynam atmosferasyny döredýäris. Bu atmosferada her tarap üçin rahatlyk bolmaly we islegleri bildirmek, halamaýan/islemeýän zatlaryna garşy çykmaklyk gorkuly bolmaly däl.
Üns beriň! Dowamly sorag bermeklik gatnaşykdaky romantikany öldürmeýär. Gaýta tersine. Ynam – gatnaşykdaky iň gymmatly zatlaryň biri.
Razylygyň 4 sany esasy görnüşleri:
- Açyk we aýdyň: siz her bir hereket üçin razylyk soraýarsyňyz (diňe bir jynsy gatnaşykdan öň däl). We ikuçly bolmadyk we aýdyň “HAWA” jogaby alýarsyňyz. Dymmak – razylyk bermek däl.
- Azat saýlaw: Razylyk azat we özbaşdak berilen bolmaly. Eger razylyk birgiden soragdan, haýyşlardan, manipulýasiýalardan, basyşdan soň berilen bolsa – ol razylyk bolmaýar. Ol mejbur etmek bolýar. We iň uzakdan gelýän gatnaşyklarda hem (nikada hem) jynsy gatnaşyk etmek üçin razylyk soramak zerur. Hiç hili “är-aýal” borjy diýen düşünje ýok. Hiç bir adam islemeýän işini etmäge borçly däl.
- Razylygyňy gaýtaryp almak mümkinçiligi: razylygy islendik wagt “ýatyrmak” bolýar. Mysal üçin siz bir iş bilen meşgullanýarsyňyz, bu işe ikiňiz hem razy, emma belli bir wagtdan soň siz bu işi etmek islemeýärsiňiz, ol iş size rahatlyk we gowy duýgulary getirmeýär. Bu adaty zat. Emma adamy ýakymsyz, oňaýsyz we gorkunç bir zada ynandyrmak we “yrmak” adaty zat däl.
- Jogapkärçilik we adekwatlyk: razylygyň we närazylygyň jogapkärçiligini (eger razylyk meýletin bolup,basyş astynda alynan bolmasa) ony beren/ýüz döndüren adamyň üstünde bolýar. Razylyk berilen wagtynda adam aýdyň pikirli bolmagy wajyp, ol ýadaw, içgili, narkotiki serişdeleriň we başga derman serişdileriň täsiri bolmasyz, psiholigiki, emosional, ekonomiki basyşyň astynda däl bolmagy, adamyň pikirleri adekwat bolmaly. Mysal üçin ukydaky adam razylyk berip bilmeýär! Adekwat we aýdyň razylyk berip bilmeýän adama gönükdirlen jynsy gatnaşykly islendik hereket – zorlukdyr!
NETIJE
“Hawa” diýmek “hawa” manyny, “ýok” diýmek hem “ýok” manyny berýär.
Göwnüňize ýaramaýan herekete garşy çykmak, göwnüňize ýakymly herekete bolsa razylyk bermek adaty.
Islendik wagt pikiriňizi üýtgedip bilýärsiňiz, ol hem adaty.
Basyş astynda berilen razylyk hem razylyk däl. Dymmak hem razylygy aňladanok.
Göwne degerin, gatnaşyklary ýykaryn, özümden iterin gorkusyz razy bolmak we garşy çykmak – ynamyň baş düzümi, onsuz adamlaryň arasyndaky sagdyn gatnaşyklar mümkin däl.