Gözegçiliksiz horlanmagyň, anoreksiýanyň, bulimiýanyň zyýany barada okap, biz özümizi elmydama dogry ýolda saýýarys. «Eýsem, bu içimizden nähili görünýärkä?» - ine, bu barada welin, seýrek oýlanýarys. Jahan çagalykda woleýbol boýunça toparyň kapitanydy. Ol diýseň işjeň hem alçak gyzjagazdy. Hemmeler onuň geljekde ýetginjekler ýygyndysynyň düzüminde sportdan ýokary netijeler gazanjakdygyny aýdýardylar, ata-enesidir mugallymlary onuň üstünliklerine guwanýardy. Ine, birdenem ähli zat weýran boldy. On ýyldan soňra, ol öz başdan geçirenlerini gürrüň berýär. Onuň gürrüňleri iniňi tikenekledip gidýär.
Jahan: «Çagalygymda ...
Jahan: «Çagalygymda woleýbol bardy — özem, diýseň köp woleýboldy, yzy tükenmeýän türgenleşikler, ýaryşlar bardy. Men — hemmeleriň üns merkezinde, baýrakly orunlaryň eýesi. Soňra 13 ýaşymda meniň tenim maňa boýun bolmagyny bes etdi. Bilim agyrlaşyp, göwsüm çykyp başlady. Agyrlyk merkezim aşaklarda bir ýerlere geçdi. Menstruasiýa başagaý edýärdi. Hatda boýumyň birdenkä 5 sm ösmegi hem meni begendirmäge derek, howsala salýardy. Meýdançada hem her hili meseleler ýüze çykyp başlady — tutuş topar ulalýardy, üýtgeýärdi. Tälimçimiz biziň türgenleşik ýükümizi ýeňilleşdirdi, türgenleşik tertibimizi üýtgetdi. Emma netijelerimiz has pese düşüpdi. Bizi has ýeňil hem ykjam kiçi klas toparlar ýeňip başlady, bu bolsa, bize urgy bolup degdi. Men kapitandym, şonuň üçin hem bularyň barsyny öz günäm saýýardym. Ana, şonda men öňki netijelerimize dolanyp gelmek üçin horlanmak kararyna geldim. Ilki bilen, süýjülikler bilen — süýji, ýagly, gowrulan, duzlanan önümler bilen hoşlaşdym. Gadagan edilen önümleriň sanawyna soňlugy bilen çörek goşuldy. Onuň yz-ýany — çorbalar, kotletler we meniň söýgüli tagamym (içi huruşly kotletler) goşuldy.
Diňe ýagsyz ...
Diňe ýagsyz işdäaçarlar we pugta çäklendirilen möçberdäki suw galdy. Meýdançada ýardam etmäge derek, öňkimdenem has bulaşdyryp başladym — näçe jan etsemem, kömek etmäge derek aýaga çolaşýardym. Pökgini oýna girizenimde güýjüm şeýle bir asgyndy welin, ol seýrek ýagdaýda tordan aňryk geçýärdi. Iň bir ownuk şikes agyrylar hem göm-gök ýara öwrülýärdi. Tälimçi meni türgenleşiklerden çetleşdirip, ata-eneme jaň etdi. Uzakly gün işleýän atamdyr enem üçin sport üstünliklerine bolan ymtylyşym hem-de açlyk çekmegim garaşylmadyk urgy boldy.
Saglyk öýünde ...
Saglyk öýünde 3 hepdeläp psiholog bilen gürrüňdeşlik maňa gynamadan beter boldy. Göwnüme, göýä, arkamda äpet nyşan sallanyp durup, onda «Aklyndan azaşan!» diýen ýazgy bar ýalydy. Göýä, hemmeler meniň aklymyň ýerinde däldigini bilýän ýalydy. Meni psihologa gatnadýandyklary, sagatlap oturtýandyklary, lukmanyň ýanynda eglenýändikleri, öýe gelen dessimize bir sydyrgyn äheň bilen nämedir bir zatlar aýdýandyklary, nähilidir bir kaşa, miweli işdäaçar, bugda bişen et iýmäge mejbur edýändikleri üçin atam-enemi ýigrenýärdim. Ýöne gaçyp-gutuljak ýeriň ýok — sportuň golaýyna hem eltmeýärdiler, mekdebe çenli eltip, sapaklar gutaran badyna hem alyp gaýdýardylar. Wagt diýseň köpdi. Bejergä gatnamaly bolýardy.
Ine, bir günem ...
Ine, bir günem ejem nobatdaky gezek maňa bir zatlar düşündirjek bolanda, möňňürip agladym. Ejemiň ýüzüniň şol keşbi ýadyma düşýär — bu ýeňlemek duýgusydy. Görüp otursam, olar meň açylaryma, gedemligimiň ýardama mätäçlige çalşylmagyna garaşyp oturan ekenler. Şol gün men ilkinji gezek bir tabak kelem çorbasyny ejemiň zor salyp durandygy üçin däl-de, çorbanyň şeýle bir datlydygy üçin iýdim. Bu tagamy hemişe-de söýüp iýýändigimi ýatladym. Bu bolşy gören ejem tas aglara geldi. Ertirlikde maňa eýýäm ak kişmişli owsýanka garaşýardy. Günortanlyk bolsa balyk taýýarlandy. Bu zatlarsyz öwrenişen beden üçin o diýen kän bolmasa-da, meniň üçin şol balyk dünýädäki iň tagamly balykdy.
Birnäçe wagtdan men...
Birnäçe wagtdan men öňki kaddyma geldim. Gözümiň aşagyndaky garalar ýok bolup gitdi, aýagymdan, tirsegimden göm-gök şikesler aýryldy, saçlarym gürleşip başlady. Günlerde bir gün aýnadan maňa gelşiklije gyz bakdy. Men täsin galmak bilen, bu gyzyň maňa ýaraýandygyna düşündim. Meniň özüme ýaraýandygyma düşündim. Hut şeýle görünmek isleýändigime düşündim. Woleýbol meýdançasyna dolanyp gelmek gorkuly boldy. Kesel döwründe boýdaşlarym maňa goldaw bermäge çalyşýardylar, ýöne gaharjaňlygym netijesinde men olary özümden daşlaşdyrdym. Olar bitewi topar bolup galdylar, men bolsa olaryň ynamyny ödemedim. Kakam lukmana ýüz tutup, umumy gözegçilikden geçip, terapewt lukmanyň rugsat bermeginden soňra sport bilen meşgullanmaga başlamagy teklip etdi. Sporta dolanmagym ýene-de bir hepde yza süýşdi.
Tälimçi bilen agyr gürrüň ...
Tälimçi bilen agyr gürrüň hem öňdedi. Meniň bilen çagalaryň stolunyň başyndaky basdaşlygy paýlaşmadyk gyzlar, ussatlykda ýokary netijeler gazandylar. Öňümizde şäher ýaryşlary garaşýardy we meni esasy düzüme getirmek mümkin däldi. Iň bolmanda, bada-bat mümkin däldi. «Wagtyň geçmegi bilen sen muny başararsyň!» diýmäge derek, ol menden: «Sen hakykatdan hem dolanmak isleýärsiňmi?» diýip sorady. Görlüp oturylsa, dolanmak islemeýän ekenim. Sypdyran ençeme ýylymyň içinde köp zat üýtgedi, ilkinji nobatda, men üýtgedim. Sapaklar, şäheriň daşyna guralýan gezelençler, filmlere tomaşa etmek meni gyzyklandyryp başlady. Sporta bolan ymtylyşym zerarly hemişe wagt tapyp bilmedik kitaplara men gaýtadan aşyk boldum. Sport maksadym bolanlygyndan, ýardam guralyma öwrüldi. Umumy türgenleşiklerde myşsalar ýene-de öňki kaddyna gelýärdi. Dem almak ýeňilleşdi.
Häzir men ...
Häzir men 25 ýaşymda. Men öz saglygymyň diňe meniň kararymdygyna we meniň jogapkärçiligimdigine ynanýaryn. Häli-häzirem men semiz ýa-da betgelşik, hor-homsy bolmakdan heder edýärin. Emma bu gorkular hakyky durmuşyň dowamynda ýitip gidýär: men ýoldaşymyň we ata-enemiň aladasyny etmeli, gyzymy ulaltmaly, işime ýetişmeli. Eger-de şol wagt öz diýenimi gazanan bolsam, men bu zatlara ýetip bilmezdim. Baýrak münberindäki sudurdan has uly bir zat bolup bilmezdim. Edil kimdir biriniň 9-njy synpyň şazenany, ýaňy başlan model (şeýdip hem tamamlan) bolanlygyndan, artyk hiç zat bolup bilmejegi ýaly. Anoreksiýa — bu petige barýan ýoldur. Oňa näçe girip gitseň, şonça-da aňyr çäge golaýlaýarsyň we yza dolanmagyň kynlaşýar. Bu ýoluň pellehanasy bolsa, hemişe-de ýeke-täkdir. Ymtylar ýaly pellehana däldir. Maňa bu meseleden baş alyp çykmaga ýardam beren ata-eneme minnetdardyryn. Meniň arkamdaky şol nyşany görmedik dostlaryma minnetdardyryn. Paýhaslylygy hem goldanlygy üçin tälimçime minnetdardyryn. Siziň durmuşyňyzda hem elmydama ýardam goluny uzadyp, sizi petikden baş alyp çykmaga ugrukdyrjak adamlaryň boljakdygyna umyt edýärin. Çünki diňe aragatnaşyk, hoşniýetli gatnaşyklar hem düşünişmek halas edýändir. Diňe ynsan mähri halas edýändir. Bu mähriň üçin sag bol, Ýaşlyk! Söýgi bilen, Jahan». Siziň paýlaşmak islän wakaňyz barmy? Tejribeli lukmanlardan we psihologlardan maslahat almak isleýärsiňizmi? info@unfpa.org.tm salga ýazyň. Biz size kömek etmäge şatdyrys!