Go Back Go Back
Go Back Go Back

Başaýlanma — bu alamat, bidereklik däl!

Başaýlanma — bu alamat, bidereklik däl!

News

Başaýlanma — bu alamat, bidereklik däl!

calendar_today 18 October 2021

Gynansak-da, biz saglygymyz bilen bagly “ownuk” meseleleri anyklanymyzdan, olara çydanymyzy makul bilýäris. Şeýdip hem, howply keselleriň aglabasynyň alamatlaryny ünsden galdyrýarys. Başaýlanma hem şolaryň biri.

Ömründe bir gezegem aýagynyň astyndan ýeriň gidip barýanlygyny duýmadyk adamy tapyp bolmasa gerek. Duýdansyz gaýyşmalar, sapara gitmek gorkusy, jöwza ... Ine, birdenem gözüňi gapyp, gulagyňy gamaşdyryp dünýä ýokary tizlik bilen aýlanyp başlaýar. Näme üçin?

Gözümiziň öňünde dünýäniň aýlanmagyna mejbur edýän zat näme?

Adam bedenini birbada birnäçe ulgamlaryň — westibulýar, görüş we eşidiş ulgamlaryň sazlaşykly işiniň netijesinde dik saklap bilýär. Deňagramlylygyň agzalarynyň biri hem westibulýar apparat. Bu gulak içinde ýerleşen çylşyrymly ulgam bolup, onuň kömegi bilen biz giňişlikde kellämiziň we bedenimiziň ýagdaýyna düşünýäris, öz hereketlerimizi utgaşdyrýarys, hatda gözümiz ýumuk wagty hem giňişlikde ugrumyzy kesgitläp bilýäris. Westibulýar apparat beýni-çanak, şeýle hem çiş şikesleri zerarly bozulyp biler. Şeýle hem eşidiş organlarynyň ýokanç keselleri hem muňa sebäp bolup biler. Bu ýaramaz ýagdaýyň iň aýdyň alamaty çaýkanma bolup durýar. Ulag bilen gideniňizden soňra kellagyry ýa-da ýürek bulanma ýüze çykan halatynda diňe derman atmak bilen çäklenmäň. Hökmany suratda hünärmene ýüz tutuň we lukmançylyk barlaglaryndan geçiň. Gulakda dörän islendik birahatlyk lukmana ýüz tutmak üçin sebäpdir. Çünki wagtynda bejerilmedik kesel uzagyndan ejir beriji başlanma öwrülip biler. Keseli kesgitlemek üçin ýörite barlaglar talap edilýär we soňlugy bilen näsaga laýyk bejergi bellenilýär. ÖZBAŞDAK BEJERGI ALMAŇ!

Başaýlanmanyň başga sebäpleri

Başaýlanma diňe bir westibulýar merkeziň näsazlygy däl, eýsem, başga-da birnäçe sebäpler getirip biler — ýokanç keseller, ganbasyşynyň ýokarlanmagy, ýürek keselleri, süýjüli diabet, kelle beýnisiniň çişi, kükürt dykylar, görşüň peselmegi, nerw dartgynlylygy, boýun osteohondrozy we ş.m. Islendik ýagdaýda hem başaýlanmanyň ýüze çykmasy — bu lukmana ýüz tutmak üçin çynlakaý sebäp.

Ähli keseller— nerwden!

Başaýlanma hem emosional zor salmanyň netijesi bolup biler. Stress ýagdaýlary, göwnüçökgünlik, galagopluk hüjümleri — bularyň ählisi köplenç «dumanlap duran kelle», ýeňiljek şähdaçyklyk ýa-da ýykylmak gorkusy diýlip suratlandyrylýan psihogen baş aýlanma bilen baglydyr. Adatça, bu hili ýagdaý duýdansyz ýüze çykýar. Mysal üçin, belentlikde (basgançakda, köprüde) ýa-da metroda bolanyňda. Şeýle hem bu ýagdaý düşündirip bolmajak howsala bilen ugurdaş gelýär. Başdan geçirilen gorky, emosional sarsgyn bu keseli döredip bilýär. Başaýlanmanyň bu görnüşi bejerilende psihoterapiýa uly ähmiýete eýedir (ähli zady göz astynda saklamak we öz birahatlygyňdan gorkmak isleginden dynyp, aýagyň astyndan ýeriň gidip barýan duýgusyndan saplanyp bolýar). Başaýlanmany bejermekde dem alyş usullary oňat netije berýär.

Westibulýar apparat üçin maşklar

Başaýlanmanyň nähili sebäbiniň bardygyna garamazdan, westibulýar apparatyňyzy türgenleşdiriň. Elbetde, ýetginjekler edil körpeler ýaly pyrlanyp bilmez, çünki çagalaryň mümkinçiliginiň çägi başga we olar pyrlanmakdan hakykatdan hem lezzet alýarlar. Ýetginjeklere bolsa kelläni egip-galdyrmany, ony bir eginden beýleki egne endigan aýlamagy etmek ýeňil bolar. Hiňňildiklerde öz keýpiňe uçmak lezzetinden hem el çekmeli däl. Güýmenje üçin däl-de, saglyk üçin. Galyberse-de, hiňňildikde keýpiň hem göterilýär.

Başaýlanma sebäp bolup biljek dermanlar

Käwagt biz lukman bellemese-de, özbaşdak derman kabul edýäris we mundan ýagdaýymyz hem erbetleşýär. Arterial gan basyşy peseldiji, ukyňy tutduryjy, rahatlandyryjy, buşukdyryjy dermanlar ýiti başaýlanma sebäp bolup biler. Ýatda saklaň! Islendik derman ählitaraplaýyn lukmançylyk barlaglaryndan soňra lukmanyň bellemegi bilen kabul edilmeli. Her bir dermanyň gadaganlyklary we ýaramaz täsiri bar. Şonuň üçin hem dermanlar beýleki meňzeşleriniň içinden indiwidual saýlanylýar.

Geçiş

Başaýlanma — bu haýsydyr bir has çynlakaý zadyň alamaty. Aýratyn hem eger-de bu ýagdaý gaýtalanýan bolsa şeýle. Eger-de başyňyz aýlanýan bolsa, hökman lukmana ýüz tutuň.