Go Back Go Back
Go Back Go Back

Maşgalaňa ýakyn kaka, görelde we çagaň üçin dost bol – psiholog bilen söhbetdeşlik

Maşgalaňa ýakyn kaka, görelde we çagaň üçin dost bol – psiholog bilen söhbetdeşlik

News

Maşgalaňa ýakyn kaka, görelde we çagaň üçin dost bol – psiholog bilen söhbetdeşlik

calendar_today 19 October 2021

UNFPA-nyň hasabatyna laýyklykda, çagalary bilen ýakyn arabaglanyşyk gurýan kakalaryň ömri uzaýar, olar bedeni we ruhy taýdan has sagat, has bagtly bolýarlar, şeýle hem olaryň çagalaryndan daşlaşan kakalara garanyňda iş önümçilikleri has ýokary bolýar.

 

Dogrumdan soňra çaganyň saglygy bilen bir hatarda enäniň saglygy hem sagdyn maşgala üçin wajyp faktordyr. Şol döwürde zenanyň esasy kömekçisi ýoldaşy, ýagny bäbegiň kakasy bolýar. Çagasyna seredişýän kaka maşgalasy bilen has köp wagt geçirmäge mümkinçilik tapýar, şeýle hem bäbekligiň iň süýji pursatlaryna şaýat bolýar. Türkmenistanyň zähmet kodeksiniň 97-nji maddasyna laýyklykda kakalara hem çagasy üç ýaşyna ýetýänçä çaga seretmek boýunça resmi rugsat berlip bilinýär.

 

UNFPA Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy, psiholog Babahan Berdiýew bilen duşuşyp, kakanyň çaga terbiýesine gatnaşmagy, maşgala işlerinde kakanyň daýanç bolmagy, şeýle hem ýetginjeklik döwründe ene-atanyň üstüne düşýän wezipeler barada gürrüňdeş bolduk.

 

Çagalaryň terbiýesine kakalaryň gatnaşmagy möhümmi? Çaganyň terbiýesinde kakanyň roly näme, ilkibaşdan onuň çagasynyň ýanynda kakasy hökmünde ýakyn bolmagy näme üçin möhüm?

 

Kakanyň maşgala durmuşyna goşulmagy iň wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Çaga üçin doly maşgala iň gowusy bolup durýar. Maşgalada ene atasynyň ýerine, ata bolsa enesiniň ýerine durup bilmeýär. Hersiniň öz aýratyn orny bar. Enäniň saglygyna köp üns berilse-de atany ünsden düşürmeli däl. Sebäbi atanyň maşgala berjek täsirini başga edip biljek adam ýok.

 

Maşgala jemgyýetiň bir öýjügi we adamzat döränden bäri bar. Maşgala abat bolsa, jemgyýet hem abat bolýar. Maşgaladaky gatnaşyklar we ähli gymmatlyklar çaga geçýär. Çaganyň şahsyýeti maşgalada kemala gelýär. Şol sebäpden bu prosesi ýöredýän adamlaryň muňa gatnaşmagy wajyp. Çaga kakasyny güýçli, uly, başarjaň, hossar hökmünde görýär. Başgaça aýdanyňda kaka maşgalany goraýan adam. Kakanyň goldawy maşgala agzalarynda rahatlyk duýgusy, arkaýynlyk duýgusy we goralandygy duýgusyny döredýär. Çaga muny gönümel duýýar.

 

Erkek öýe diňe girip çykmaly däl-de, eýsem maşgalanyň aladalary bilenem gümrä bolmaly, zenany goldamaly. Erkek özünden bilip zenanyň ýardamçysy bolmaly. “Men erkek, men hojaýyn” diýip oturman, öz ýan ýoldaşyna daýanç bolmaly, arkalaşmaly. Mysal üçin zenan nahar bilen başagaý bolsa, çaga seretmegi şol pursatda öz boýnuna almaly. Kakanyň çaga okuwa taýýarlananda kömek etmek, kär saýlanda goldaw bermek, jemgyýetde öz ornuny tapmaga ýardam bermek ýaly jogapkärçilikleri bar. Terbiýe taýdan bolsa kakanyň görelde bolmagy esasydyr.

 

Aýal bilen erkegiň arasyndaky gatnaşyklary synlamaly. Eger olar bir-birini sylaýan bolsa, biribirini gowy görýän bolsa, olaryň arasyndaky gatnaşyklary ynsanlyk gatnaşyklary bolsa, onda, erkek öz-özünden maşgalada zenana kömek edýär.

 

Kakalar çagasy bilen näçeräk wagt geçirmeli?

 

Kaka çaga bilen näçe köp wagt geçirse şonça gowy. Kakalar çagalary bilen wagt geçirenlerinde özlerini zorlamaly  däl, ýa-da hökmany etmeli bir iş ýaly çemeleşmeli däl. Sebäbi bu çagany hem strese sokýar. Şonuň üçin, bile wagt geçirilende ony isläp ýerine ýetirmeli we ýanlaryndan gitmeli bolanda kaka çagalara düşündirip, ýagdaýyny aýtmaly. Mysal üçin kaka “Oglum/gyzym men seň bilen 15-20 minut oýnadym, indi meň başgarak işlerim hem bar” diýip düşündirse, bu kynçylyk bilen geçirilen 1 sagat wagtdan has netijeli bolýar. Çaga muňa düşünýär. Eger çaganyň öz şahsy gündelik durmuşynda käbir düşünişmezlikler ýüze çykanynda, onuň hötdesinden gelýänçä çaga üns bermeli, oňa wagt aýyrmaly. Çaganyň zerurlygyna seredip, şoňa görä wagt aýyrmaly.

 

Çaga ulaldygyça, ýetginjeklik döwründe onuň dünýägaraýşy üýtgemäge başlaýar. Şol döwürde sagdyn maşgala gatnaşyklarynyň kemala gelmegi, hem-de ýetginjegiň kämil ýetişmegi üçin kakalara nähili wezipeler düşýär?

 

Çaganyň 11-12 ýaşlaryndan ýetginjeklik döwri başlaýar. Bu hem ikä bölünýär: orta synplarda kiçi ýetginjeklik döwri, ýokary synplarda uly ýetginjeklik döwri. Kiçi ýetginjeklik döwründe başgalary bilen gatnaşmagy öwrenýär, ikinji ýetginjeklik döwründe bolsa, özüniň geljekde durmuşy gurnamagy bilen baglanyşykly. Ikinji döwürde şahsyýeti kemala gelýär we ýetginjek  üçin ozalky gatnaşyklar üýtgeýär. Şeýle döwürde çaga ululara baha berip başlaýar. Kimi diňlejegini, kimiň dogrudygyna özbaşdak, öz tejribesine görä karar berip başlaýar. Kimler bilen dost boljagyny özi saýlap başlaýar. Ýetginjegiň saýlawlary bilen maşgalanyňky deň gelmedik ýagdaýynda gapma-garşylyklar ýüze çykýar. Ýetginjeklik döwründe çagada beden taýdan üýtgeşmeler ýüze çykyp başlaýar. Şeýle döwürde erbet göreldäni ýetginjegiň gözüniň öňünden daşlaşdyrmaga synanyşmaly. Deň-duşlarynyň berýän bahalary ulularyňkydan ähmiýetli bolýar. Şeýle döwürde ene-ata ýetginjeklere adamlar bilen gatnaşmagyň kommunikatiw usullaryny öwretmeli. Ulyny sylamak, garşyňdakyny sylamak, onuň pikirine hormat goýmak ýaly häsiýetler muňa mysal bolup biler.

 

Ýetginjeklik döwürde çaga ene-atanyň hemme taraplaýyn aladasyndan azat, özbaşdak boljak bolýar. Şol sebäpden hem ene-ata ýetginjegiň özbaşdaklygyna ýol bermeli. Çendan aşa aladalanmaga ýol berilmeli däl. “Depderiňi aldyňmy, galamyňy aldyňmy” ýa-da “Galyň geýindiňmi, ol eşigiňi aldyňmy” ýaly aladalanmalar ýetginjegiň ýüregine düşüp başlaýar. Kaka eger kiçilikden çagasy bilen gowy gatnaşyklary ýola goýsa, onda ýetginjeklik döwründe hem onuň esasy maslahatçysy bolup biler. Kaka ýetginjegiň ýagdaýyna we meselelerine düşünjek bolmaly; buýurýan dilde däl-de, eýsem, maslahatçy hökmünde çykyş etmeli. Çaganyň islän wagty kakasy bilen pikir alyşmaga mümkinçiligi döretmeli. Ünsli bolmaly, ýetginjekleri diňlejek bolmaly, meselelerinden habarly bolmaly. Ýetginjegi diňlemek, nesiller arasy gapma-garşylyklaryň hem aradan aýrylmagyna getirýär. Şeýle hem ýetginjegi diňlemek, hem özüniň pikirini beýan etmegi, hem-de başga adamyň pikirini diňlemegi öwrenýär. Ýetginjek bilen gürrüňdeşlikler geçirilende ony diňlemeli, goldamaly, höweslendirmeli, özbaşdaklygyna ýol bermeli. Bulary ýerine ýetirmek üçin bolsa, ulularda ýetginjeklik döwründe bolup geçýän aýratynlyklar barada düşünje bolmaly.

 

Çaga bilen gatnaşyklarda ene-atanyň wezipeleri we etmeli işler bolýar. Muny deňagramlykda saklamaly. Çaganyň üstüne artykmaç ýük hem ýüklemeli däl, boş hem goýmaly däl. Her bir çaga ulaldygyça şahsy giňişligi emele gelýär. Ýaşaýan öýünde çagany aýratyn otag bilen üpjün etmek has gowusy. Köp çagaly maşgalalarda bolsa çaganyň öz aýratyn şahsy giňişligi. Ýetginjegiň şeýle şahsy giňişligine rugsatsyz barsaň, ol halamaýar. Otagyna girilse, telefonyny okasaň, ýazgylaryny okasaň ýetginjek öýkeli kabul edýär. Ýetginjege tertibi öwretmeli ýöne onuň çägine girip onuň otagyny tertiplemeli däl. Ýetginjek özüne dost salýanda, eşik saýlanda, saz diňlände ene-ata bilen konfliktler ýygy bolup biler. Öýke kineleri, ýetginjegiň öňki ýalňyşlyklaryny yzygiderli ýatlap, ýüzüne goýmaly däl. Kemsitmeli däl, fiziki taýdan jezalandyrmaly däl. Ýetginjege özbaşdaklygy bermeli ýöne onuň durmuşynda näme bolup geçýäninden hem habarly bolmaly. Maşgala maslahatyny döretmeli we muňa çaganyň hem gatnaşmagyny üpjün etmeli. Çäklendirmeler duýdansyz bolmaly däl. Bolmaýan zatlary hökman öňünden mälim etmeli. Çaga peýdaly bir iş etse hökman öwmeli. Erbet endikleri bolsa öňünden synlap görmeli, derňemeli. Näme üçin erbet endik döreýändigini anyklamaly. Ýetginjegiň meselesini ene-ataň özi çözmeli däl-de, çözmek üçin kömek etmeli.