Go Back Go Back
Go Back Go Back

Bedeniň araçäkleri: “Ýüzüş geýimi düzgüni” näme?

Bedeniň araçäkleri: “Ýüzüş geýimi düzgüni” näme?

News

Bedeniň araçäkleri: “Ýüzüş geýimi düzgüni” näme?

calendar_today 13 September 2021

Ähli ene-atalar öz çagalaryny goramak isleýär. “Toga barmagyňy sokma”, “Şkafdan bökme” ýa-da “Gyzyl ýananda ýoldan geçme” – bularyň hemmesi bize düşnükli we öz çagalarymyza ýerlikli derejede düşündirip bilýäris. 

Bedeniň has içgin ýerleriniň howpsuzlygy barada näme bilýäris? Köpümiz üçin bu mowzuk düýbünden nätanyş. Käbir ene-ata şeýle mowzuklary çagalary bilen gürleşmegi utanç görýär, käbiriniň bolsa bu barada ýeterlik maglumaty ýok ýa-da “bu barada” çagalaryna başga biriniň aýtmagyna garaşýarlar. 

Eger ene-ata aýdyp bermeze onda kim aýtmaly? Geliň, içgin ýerler we “Ýüzüş geýimi düzgüni” barada çaga bilen gürrüňdeş bolmagy bilelikde öwreneliň.

 

“Içgin ýerler” näme?

Göwüs, göwüs uçlary, ýanbaş,  çatalba güberçegi (lobok), ujyt (penis), ýumurtgajyk haltasy, uly we kiçi jyns dodaklary (wulwa) – bular bedeniň içgin agzalaradyr. Bularyň şeýle agzalmagynyň esasy sebäbi bolsa göwreliligiň döremegine gönümel gatnaşýan agzalar bolmagydyr. Göwrelilik bolsa örän içgin, örän şahsy prosesdir. 

Şol sebäpden hem içgin beden agzalaryna örän çäkli adamlara elýeter bolmalydyr. Kimiň, haçan we näme üçin galtaşyp biljegi babatynda çagada anyk düşünje bolmalydyr.

 

“Ýüzüş geýimi düzgüni” barada 

“Ýüzüş geýimi düzgüni” ýa-da “Içgi eşik düzgüni” – bu düzgün kim, haýsy ýagdaýlarda çaganyň ýa-da ýetginjegiň içgin ýerlerine galtaşyp biljegini çürt-kesik kesgitleýär. 

Üns beriň! Islendik ýagdaýda, düzgüne görä bolaýanda-da, çaga ýa-da ýetginjek, onuň içgin ýerini başga biriniň elländigi barada ene-atasyna aýtmalydyr. Bu belli bir derejede maşgala bolan ynamy talap edýär.

 

“Ýüzüş geýimi düzgüni” şeýleräk: 

Ýüzüş geýiminiň ýapýan ýerleri şu aşakdakylardan başga ýagdaýlarda eldegrilmesizdir: 

  • Ýuwmak
  • Lukmançylyk we arassaçylyk maksatly gözegçilik
  • Geýinmek
  • Bejergi almak

Bu düzgüni çaga bilmelidir. Bu barada çaga eýýäm 2-3 ýaşyndan başlap, haçanda ol bedenini öwrenmäge başlanynda, öwredilip bilner. 

Üns beriň! Çaganyň haýsy ýeriniň birahat edýändigini ýa-da bedeniniň haýsy ýerine el degirendikleri barada çalt we anyk aýdyp bilmegi üçin jynsy agzalar babatynda dogry adalgalary we atlary ulanmak wajypdyr. 

 

“Ýüzüş geýimi düzgünine” goşmaça

Eldegrilmesiz ýerleri anyklamagyň ýeterlik däldigine hemmämiz hem düşünýäris. Sebäbi çaga üçin şeýle soraglaryň jogaby hemme wagt düşnükli bolman biler: Düýbünden hiç kime elletmeli dälmi? Kimler elläp biler? “Nätanyşlar” kimler? “Ýakynlar” kimler? 

Üns beriň! Eger çaga tapawutly ýagdaýlarda onuň içgin ýerini ellemägiň kimlere bolýandygyny (mekdepde barlag geçirýän şepagat uýasyna, suwa düşürýän mamasyna, basganjakdan ýokary itýän jorasyna)  anyk bilmeýän bolsa, onda, bu barada siz bilen maslahatlaşyp biljegini çaga bilmelidir. Siziň oňa gaharlanmajagyňyza, gygyrmajagyňyz we ony gorkuzmajagyňyza gözi ýetmelidir. 

Iň gowusy, çaga bedeniniň içgin ýerlerine haýsy ýagdaýlarda el degirmegiň hökmanydygyny anyk kesgitlemekdir. Şeýlelikde, çaganyň özi şeýle ýagdaýlarda kimleriň el degirip biljegini saýlap biler: 

  • Çaganyň arassaçylygyna gözegçilik edýän ene-ata, garyndaşlar 
  • Lukmançylyk işgärleri (ene-atanyň razylygy HÖKMANYDYR)

Ýokarydaky sanawy giňeltmek çaganyň öz netijesine baglydyr. Esasy üns berilmeli ýeri, çaganyň bu barada sizi habarly etmegi.

 

“Hiç kim” we “Hiç haçan” diýmeýäris

Näme üçin? Sebäbi bu peýda edenok.

Mysal üçin: Siz çagaňyza hiç kim we hiç haçan onuň “şol ýerini” ellemeli däldigini aýtdyňyz. Muny ýadynda saklan çaga agşamlyk ony ýuwundyrmak isleýän mamasyna garşylyk görkezip bilýär. 

Ýene bir mysal: yssyda çaga bedeniniň çatalba böleginde oňaýsyz içki eşik sebäpli gyzarmalar döredi diýeliň. Siz ony göreňizden soňra çagaňyza seretdirmek üçin saglyk öýüne (doktoryň el degirjegi öz-özünden düşnükli) äkidýärsiňiz. 

Eger çaga “Hiç kim!” we “Hiç haçan!” onuň “şol ýerini” ellemeli däl diýlen bolsa we ene-atasynyň ýanynda kimdir biri el degirse, onda, çagada şeýle düşünje döräp bilýär:

  • Ene-atanyň hemme aýdanlaryny sözme söz ýerine ýetirmek hökman däl
  • Ejem/Kakam hiç zada düşünenok
  • Ejem/Kakam maňa ýalan sözleýärler

Şeýle ýagdaýda ynamdan gürrüň edip bolmaýar. Iň gowusy, çaga bedeniniň içgin ýerlerine haýsy ýagdaýlarda el degirmegiň hökmanydygyny anyk kesgitlemekdir (ýuwundyrylanda, eşik çalşylanda, lukman barlagynda). Goý, çaganyň özi şeýle ýagdaýlarda kimleriň el degirip biljegini öz çözsün.

 

“Gowy” we “erbet” diýmeýäris

Näme üçin? Sebäbi bu bulaşdyryp bilýär.

Biziň düşünjämizde “gowy” diýmek “ýakymly” diýmegi aňladýar. “Erbet” diýmek bolsa “ýakymsyz” diýmegi aňladýar. Ýöne durmuşda hemme wagt beýle bolmaýar. 

Ulylaryň araçägi bozmak we zorluk hasap etjek el degirmek ýagdaýlary “ýakymly” bolup biler, emma lukman barlagy “ýakymsyz” bolup biler. 

 

“Ýüzüş geýimi düzgüni” barada haýsy ýaşdan başlap aýdyp başlamaly?

2-3 ýaş – çaga öz bedeni we onuň araçäkleri barada maglumat berip başlamak üçin ýerlikli ýaşdyr.

Şu ýaşdan başlap çagalar eýýäm özbaşdak ýüzüp bilýärler (uly biriniň gözegçiliginde). Ýüzüşiň dowamynda bedeniň haýsy ýerlerine (içgin ýerleri) diňe ýuwulanda, eşik geýilende, bejergi alnanda ýa-da barlananda el degirip boljagyny görkezip bolar. 

 

Bu barada ýetginjeklere aýtmak giç bolarmy?

Ýok, giç däl.

Ýetginjekler haýsy ýagdaýlarda rugsat berilýändigini ýa-da berilmeýändigini eýýäm bilýän bolmaklary mümkin. Beýleki bir tarapdan bilmeýän bolmaklary hem mümkin. Şonuň üçin iň gowusy aýtmak, özi biler diýip umyt etmek däl-de. 

Şonuň bilen bir hatarda, eger heniz gürrüňi açmadyk bolsaňyz, “Ýüzüş geýimi düzgüni” çaga bilen içgin ýerleriň howpsuzlygyny gürleşip başlamak üçin ýeterlik derejede howpsuz mowzukdyr. 

 

Jemleýji

Kä wagt çagalardan beter ulular utanýarlar; öz “rahat künjeklerinden” çykmazlyk üçin käbir mowzuklarda dymmagy saýlaýarlar. 

Çaganyň howpsuzlygy – bu ene-ata üçin iň wajyp meseledir. Şol sebäpden hem, dymmagyň öwezini dolup oňaýsyz netijeleri bilen ýüzbe-ýüz bolanyňdan çaga bilen beden howpsuzlygynyň dürli ugurlary barada söhbet açmagyň usullaryny gözlemek has gowusydyr.