You are here

Dürli iş gurşawy - innowasiýanyň açary

Iş ýerinde dürlüligi öňe sürmeklik, bir guramanyň ýa-da kompaniýanyň markasyny, jemgyýetçilik abraýyny we işgärleriň gatnaşygyny ýokarlandyrmak we işgär ýitgisiniň öňüni almak ýaly köp sanly peýdalary getirip biler. Öz içine alynan, kabul edilen we özlerini gadyrly duýýan işgärler has bagtly, öndürijilikli we işleri bilen has gowy meşgullanýarlar. “Biz dürli. Biz deň" sanly kampaniýasy UNFPA tarapyndan BMG bilen bilelikde Türkmenistanda başlanyp, jemgyýetde we ýaşlaryň arasynda mertebe, çydamlylyk we hormat goýmak medeniýetini ösdürmegi maksat edinýär.

Aşgabatda ýerleşýän dizaýn studiýasy inklýuziw iş gurşawy üçin göreldeli kompaniýalaryň biridir. “Belli Creative” marka, grafiki dizaýn, gaplama, web ösüşi, içerki dizaýn we arhitektura bilen baglanyşykly 2014-nji ýylda döredilen köp ugurly studiýadyr.

Hukuk, Deňlik we Inklýuziýa boýunça Ýaşlar Gepleşiginde studiýa ýaşlara tejribe, kompaniýa ýörelgeleri we iş ýerindäki dürlüligiň peýdalary hakda paýlaşdy. Kompaniýa hünärmeni işe alýan mahaly gepleýän dilini, milletini, jynsyny, ýaşyny, fiziki ukybyny we akademiki diplomyny göz öňünde tutmaýar. Işgäriň hünär ussatlygy we adam häsiýetleri döredijilik topary üçin iň möhüm ölçeg bolup durýar.

“Profesional işgärlerimiz dürli hünärmen toparyny işe alýandyklaryna buýsanýarlar we Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda biz ýaşyna, jynsyna ýa-da milletine garamazdan deň mümkinçilikler bermek üçin elimizden gelenini edýäris. Hünärmenlerimiz dünýäniň dürli künjeklerinde, şol sanda öz watanymyzda bilim aldylar.” - diýip, Belli gürrüň berdi.

Innowasiýa üçin dürli pikirler we garaýyşlar örän möhümdir. Işiň has reňkli we täsirli bolmagy üçin dürlülik uly rol oýnaýar. Işewür aragatnaşykda esasy zat birek-birege hormat goýmak we paýlaşylýan dürli pikirleri bir nokatda jemlemekdir. Häzirki wagtda studiýada 60-dan gowrak hünärmen işleýär.

Belli Creative Studio ýokary hilli işiň we işgärleriň öndürijiliginiň syryny paýlaşdy. Kompaniýa iş we kär derejesini ýokarlandyrmak, hünär derejesine hormat goýmak we jynsyna garamazdan deň mümkinçilikleri, şeýle-de işgärleriň maşgalalary bilen wagt geçirmekleri üçin amatly iş şertlerini üpjün edýär.

Hünärmenler ýüzlerçe ýerli we halkara taslamalary üstünlikli tamamladylar. Bularyň arasynda 5-nji Aziýa oýunlary, agyr atletika boýunça Dünýä Çempionaty ýaly halkara çäreler, şeýle hem ýerli bazarlarda üstünlikli işleýän türkmen markalary bar.

 “Bize goşulýan hünärmenlere üznüksiz bilimlerini dowam etmeklik höweslendirilýär. Ýörite onlaýn kurslary satyn almaklyk, tejribeli işgärlerimiziň ugrukdyrmagynda birnäçe okuw taslamalarynda işlemäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, iş atmosferasyndan daşary işgärleriň birek-biregi has gowy tanamagy üçin medeni köpçülikleýin çäreler gurnalýar.” diýip, Belli Creative studiýaň esaslandyryjysy belledi.